Şuny aýdaýyn diýdim.

Gadyrly häzirki we gelejegiň ene-atalary!
Her bir çaga, siziň dünýä taşlan tohumyňyz we soňra iýmitlendirip ulaldan agajyňyzdyr. Bu agaçlaryň watanyna peýdaly miweler beren ullakan agaç bolmagy siziň eliňizdedir. Bir çaganyň yaşaýyşy birnäçe sagatda soralan synag soraglaryndan, birnäçe million deň-duşlary bilen ýaryşmak üçin ýaly girýän synaglaryndan ybarat däldir. Durmuşyň özi hem bir synag we bu synagyň içinde ýene birnäçe synaglara şaýatlyk edersiňiz. Esasy zat şol synaglardan ertirlerine peýdasy deger ýaly geçip bilmegidir. Bir çaganyň girýän synaglary, ony ertire taýýarlaýan tejribeleridir.
8 лайков 496 просмотров
72комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Michael
02 май 2022, 23:33
Bolýar.
Telwas
Автор 02 май 2022, 23:36
Michael,
Salam. Siz häzirki wagtda atamy ýa-da geljekde bolmalymy?

Umuman, size (hemmelere) şeýle sorag. Çagaňyza kiçilikden okadaryn diýýän kitabyňyz barmy? Belli ugurdan bolup biler. Belki, dili ýeňiljek dünýä edebiýatyndan bolup biler. Garaz, şu wagtdan aladasyny, pikirini edýäňizmi?!
Maksat
02 май 2022, 23:38
Ine hakyky durmuş tejribesi, biz taşlan tohumymyzyň birinji jogapkäri hem sebäpkäri:)). Biz eken nahalymyzyň göni, sagdyn ösmegi üçin jogapkär, boýun almasy kynam bolsa şeýle, ugrukdyrmaly, ýol görkezmeli, bolanja akylymyzy ulanmaly.
Michael
02 май 2022, 23:40
Nirvana,
Salam. Hawa elbetde maksatlaeym bar.
Michael
02 май 2022, 23:43
Nirvana,
Şahsy soraglary ineternetde däl, real durmuşdada tanamaýanlaryma jogaplamok, aýyplaşmaň.
Şu ýazvyňa bir zat goşasym gelýär. Çagany enesiniň içinde terbiýelemi" diýilýär. Şu ýadyma düşdi..
Telwas
Автор 02 май 2022, 23:45
Bayker,
Salam Baýker agam. Gowumy ýagdaýyňyz.
Dogry aýdýaňyz. Siz çagalaryňyza nähili garaýaňyz? Käbir ene-atalar çagasyny berk tutýar. Özüni agras alyp barýar. Käbiri rugsat beriji bolýar. Çagasy näme islese edýär, islän zadyny alyp berýär. A käbiri bolsa goragçyl bolýar. Elmydama yzyna düşüp yzarlap, gorajak bolýar we ş.m
Telwas
Автор 02 май 2022, 23:46
Michael,
Maksadyňyza ýetiň!
Pegas
02 май 2022, 23:47
Bolýa.
Maksat
02 май 2022, 23:48
Nirvana
Bayker,
Salam Baýker agam. Gowumy ýagdaýyňyz.
Dogry aýdýaňyz. Siz çagalaryňyza nähili garaýaňyz? Käbir ene-atalar çagasyny berk tutýar. Özüni agras alyp barýar. Käbiri rugsat beriji bolýar. Çagasy näme islese edýär, islän zadyny alyp berýär. A käbiri bolsa goragçyl bolýar. Elmydama yzyna düşüp yzarlap, gorajak bolýar we ş.m

Bu ýalňyş zat. Çaga terbiýesi onuň görenlerinden, eşdenlerinden, seniň oňa garaýşyň bilen şekillenýär. Yzyna düşüp ýörmek, näme islese etmek, agras bolmak dogry zat däl.
Telwas
Автор 02 май 2022, 23:50
Keaip_begcon,
Men sizden dogrumy diýip soramadym. Siz nähili garaýaňyz çagaňyza diýdim.
Michael
02 май 2022, 23:51
Nirvana,
köp sag bol.
Men çagamyň Döwletmämmet Azadynyň "Wagzy Azat" eserini okaryny isleýän.

Sizde çagaňyza kiçilikden okadaryn diýýän kitabyňyz barmy?
Telwas
Автор 02 май 2022, 23:54
Çagalaryň kiçi wagty öz gürleýän sözleriňize üns beriň. Çaga sizi özüne model hökmünde saýlaýar. Soň ulalsalar siziň sözleriňiz olaryň agyzlaryndan çykar durar. Garaz, çagaňyza näme öwretjek bolsaňyz, kiçilikden öwrediň. Ulalanyndan soň çaga gymmatlyklarymyzy gazandyrmak kynyrak bolýar.
Telwas
Автор 02 май 2022, 23:55
Pegas,
Gaýrat et.)
Maksat
02 май 2022, 23:55
Nirvana,
Salam Nirwana jigim men çagalaryma berk şu häsiýetim üçin özümi günäkärleýän käwagt. Üç ogul bir gyzym bar welin ogullam menden çekinýäler ýöne gyzym maňa sözüni ýöredýä. Garaz başardygymdan terbiýe berjek bolýan, şoň üçinem öňem köp okadym ýene tapanymy okaýan. Azabym ýerine gowşaýadyda.:)))
Telwas
Автор 02 май 2022, 23:56
Michael,
Hawa, kän.
Pegas
02 май 2022, 23:56
Nirvana
Pegas,
Gaýrat et.)

Çaga terbiýelemegi arzuw edýän.
Maksat
02 май 2022, 23:57
Nirvana,
Siziň "dogrumy" diýip sorap soramazlygyňyz meniň onuň aýdyp bilmejekdigimi aňlatmaýar. Çaga garamaklyk, oňa seretmek diňe bir ýazgyda aňladylyşy ýaly "miwe, tohum, watan" däldir, teswirlerdäki aýdylyşlary ýalam ýerine ýetirmek o diýen dogry däl bolmagy ahmal. Men diňe şuny aýtdym.
Maksat
03 май 2022, 00:00
Bayker,
Siz näçenji ýyl?!
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:01
Bayker,
Agam gaty berk daramaň çagalaryňyza. Soň sosýallaşmagy kyn bolýar, özlerem çekinjeň, ýuwaş şahsyýet bolup ýetişýärler. Gerek ýerinde agras bolaýyň. Emma ýyly, mähirli sözleriňizi asla gaýgyrmaň. Men sizden birnäçe ýaş kiçi bolup size maslahat berýänime aýyplaşmaň. Emma özüm bir tejribe geçip ýören gelejekki mugallym hökmünde köp çagalary sapakda we sapakdan daşary synlaýan. Geçmişleri we maşgalasy bilen gyzyklanyp, şeýle-de çaga psihologiýasy barada sapaklar okap, azam bolsa bilýänlerim bar. Şol esasynda aýdýan sizede.
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:02
Pegas,
Esasy zat dogry terbiýelemek.
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:04
Keaip_begcon,
Size şeýle-de düşündim. Ýöne “bu ýalňyş zat” diýmek bilen, olary men goldaýan ýaly kabul edensiňiz diýen pikir bilen şol jogaby berdim. Ýazyberiň arkaýyn. Şu tema ähli agzalaryň pikirine açyk.
Pegas
03 май 2022, 00:04
Nirvana
Pegas,
Esasy zat dogry terbiýelemek.

Dogry. Ýöne her kimiň öz dogrusy bar.
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:07
Pegas,
Hawa. Owadanlygyň adamdan adama üýtgeýşi ýaly, dogram adamdan-adama üýtgeýär. Gymmatlyk diýip biz jemgyýetimiziň aglaba böleginiň dogry we gowy diýip kabul edýän zatlaryna aýdýas. Bizem şolara esaslanyp terbiýelemeli bolarys.
Pegas
03 май 2022, 00:09
Nirvana
Pegas,
Hawa. Owadanlygyň adamdan adama üýtgeýşi ýaly, dogram adamdan-adama üýtgeýär. Gymmatlyk diýip biz jemgyýetimiziň aglaba böleginiň dogry we gowy diýip kabul edýän zatlaryna aýdýas. Bizem şolara esaslanyp terbiýelemeli bolarys.

Men jemgyýete esaslanyp terbiýelemerin.
Maksat
03 май 2022, 00:10
Nirvana,
Jemgyýetiň gowy diýip kabul edýän zatlary näme?!
Michael
03 май 2022, 00:10
Çaga terbiýesi öýden başlanýar. Şonuň üçin hem öýümiz biziň üçin ezizdir, mukaddesdir. Öýümiz biziň ähli maşgala agzalarymyzyň, perzentlerimiziň arkaýyn ýaşaýan mukaddes ojagy. Köňlümiziň, kalbymyzyň rahatlanýan, perzentlerimize mährimizi, söýgimizi geçirýän ýerimiz
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:11
Pegas,
Seň dogrularyň başgalaryň ýalňyşy bolup biler.
Michael
03 май 2022, 00:11
Öýde çaga özüni bilip ugrandan, oňa arassaçylygyň, tämizligiň düzgünlerini öwretmek ömürboýy oňat endikdir, ýagşy gylykdyr. Eger-de ene-ata çaga egin-eşigi arassa saklamagy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretse, sagdyn, berk bedenli nesil kemala geler. Olar köpçülikde, jemgyýetde aýratyn hormata eýe bolar.
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:12
Keaip_begcon,
Gymmatlyklaryňy bileňokmy?
Pegas
03 май 2022, 00:12
Nirvana
Pegas,
Seň dogrularyň başgalaryň ýalňyşy bolup biler.

Zyýany ýok.