Şuny aýdaýyn diýdim.

Gadyrly häzirki we gelejegiň ene-atalary!
Her bir çaga, siziň dünýä taşlan tohumyňyz we soňra iýmitlendirip ulaldan agajyňyzdyr. Bu agaçlaryň watanyna peýdaly miweler beren ullakan agaç bolmagy siziň eliňizdedir. Bir çaganyň yaşaýyşy birnäçe sagatda soralan synag soraglaryndan, birnäçe million deň-duşlary bilen ýaryşmak üçin ýaly girýän synaglaryndan ybarat däldir. Durmuşyň özi hem bir synag we bu synagyň içinde ýene birnäçe synaglara şaýatlyk edersiňiz. Esasy zat şol synaglardan ertirlerine peýdasy deger ýaly geçip bilmegidir. Bir çaganyň girýän synaglary, ony ertire taýýarlaýan tejribeleridir.
8 лайков 496 просмотров
72комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Michael
03 май 2022, 00:12
Bir ýerde okanym ýadyma düşýär, öňde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Bu dünýäde iki sany kyn zat bar — terbiýelemek we özüňe erk etmek». Şu manyly tymsaldan ugur alnanda, terbiýe meselesiniň ýeňil däldigini, kyn hem-de möhümdigini ýene-de bir gezek nygtasak artykmaçlyk etmese gerek :)
Maksat
03 май 2022, 00:13
Michael
Öýde çaga özüni bilip ugrandan, oňa arassaçylygyň, tämizligiň düzgünlerini öwretmek ömürboýy oňat endikdir, ýagşy gylykdyr. Eger-de ene-ata çaga egin-eşigi arassa saklamagy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretse, sagdyn, berk bedenli nesil kemala geler. Olar köpçülikde, jemgyýetde aýratyn hormata eýe bolar.

Näme şuwagt jemgyýet çagalaryna arassaçylygy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretmegi bilenokmy? Bu zatlary bilmeýän bar bolsa öýlenmesin ýa-da çykman otursyn.
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:14
Michael,
Molodes. Ine şeýle düşünjä meň göwnüm ýetýär.
Maksat
03 май 2022, 00:15
Nirvana
Keaip_begcon,
Gymmatlyklaryňy bileňokmy?

Aýtmasaňyz nähilidigini öňünden çaklap bilmerinä. Ençeme gymmatlyk bar olaryň içinde azaşaýmasam.
Merdan
03 май 2022, 00:16
Şu günler menem gaty köp pikir edýän, geljekki çagalarym barada))
Michael
03 май 2022, 00:16
Men kiçikäm. Ejem-kakam ilkinji öwredenlerinden biri - Myhman gelse dessine biziň saçak ýazmagymyzdy. Üstüne öýümizde bolanlardan goýmakdy. Hemem gidende "daýy (daýza), ene (ata) bizden çalt gitýäňizle" diýmäni öwredipdiler. Hatda ýatymlyk gelenlerindede.....
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:16
Keaip_begcon
Michael
Öýde çaga özüni bilip ugrandan, oňa arassaçylygyň, tämizligiň düzgünlerini öwretmek ömürboýy oňat endikdir, ýagşy gylykdyr. Eger-de ene-ata çaga egin-eşigi arassa saklamagy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretse, sagdyn, berk bedenli nesil kemala geler. Olar köpçülikde, jemgyýetde aýratyn hormata eýe bolar.

Näme şuwagt jemgyýet çagalaryna arassaçylygy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretmegi bilenokmy? Bu zatlary bilmeýän bar bolsa öýlenmesin ýa-da çykman otursyn.


Şu ýerde jemgyýet diýmän, bir maşgala diýseň gowy bolar. Jemgyýeti gözöňünde tutsaň jogaby bilýär bolýar. Emma maşgala diýseň, şony başarmaýanam bar.
Maksat
03 май 2022, 00:17
MerdanGeldiyevv,
Nähili terbiýe bermek niýetiň bar?!
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:17
Keaip_begcon
Nirvana
Keaip_begcon,
Gymmatlyklaryňy bileňokmy?

Aýtmasaňyz nähilidigini öňünden çaklap bilmerinä. Ençeme gymmatlyk bar olaryň içinde azaşaýmasam.

Menem şol ençemesini gözöňünde tutdum.
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:18
MerdanGeldiyevv,
Tüweleme şu ýaşyňda şolar barada pikir edýäniň hak bolsa, berekella saňa!
Michael
03 май 2022, 00:19
Ýene bir ýadymda galan zat. Ejem-kakam bize diňe "oglum", "gyzymy" diýip çagyrardy ýada bir zat aýtjak bolanda ilki şeý diýerdi. Atlarymyzy seýrek tutýar. Bu ýerde şol iki sözüň güýjini aýtmakçy boldum
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:20
Michael,
Myhman diýeňizde bir zat ýadyma düşdi. Sizde-de myhman gelende bereris diýip zat aýrylyp goýulýardymy? Ýagny, myhmanyň paýy diýip.
Maksat
03 май 2022, 00:20
Nirvana,
Meselem Indoneziýada gymmatlyklary ilkinji gijede üýtgeşik däpler, hindileriň ite durmuşa çykmagy, owganlaryň çaga baýramy, ruslaryň buz ýaly suwa bäbeklerini sokmagy, we ýene sanap oturmaly. Onsaň şularam degişlimikä?
Michael
03 май 2022, 00:21
Keaip_begcon,
Näme şuwagt jemgyýet çagalaryna arassaçylygy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretmegi bilenokmy? Bu zatlary bilmeýän bar bolsa öýlenmesin ýa-da çykman otursyn.


Her kimi deň aýakdan sürüp bilenok. Dünýä garaýşyň pes görünýär. Sen her dürli hojalyga baryp görmänligiň bildirýär şu sözüňden :)
Maksat
03 май 2022, 00:21
Michael,
Näme at bilen ýüzlenmek "oglum" diýip ýüzlenmek bilen deň dälmi?!
Maksat
03 май 2022, 00:22
Keaip_begcon
Bayker,
Siz näçenji ýyl?!

Men 85 -nji ýyl. Näme işleýäňiz bärde diýmegiň mümkin sebäbi bar:))
Michael
03 май 2022, 00:23
Näme şuwagt jemgyýet çagalaryna arassaçylygy, nahar iýmegiň düzgünlerini öwretmegi bilenokmy? Bu zatlary bilmeýän bar bolsa öýlenmesin ýa-da çykman otursyn.
Keaip_begcon,
Her kimi deň aýakdan sürüp bolanok. Dünýä garaýşyň pes görünýär. Sen her dürli hojalyga baryp görmänligiň bildirýär şu sözüňden :)
Maksat
03 май 2022, 00:24
"Her kimi deň aýakdan sürüp bilenok."

Meniň aýdanlarym deňlik bilen baglanşykly zat hiç däl.

"Dünýä garaýşyň pes görünýär. Sen her dürli hojalyga baryp görmänligiň bildirýär şu sözüňden :)"

Dünýä garaýşymyň sizi beýle gyzyklandyrmagy diýen zadymyň ýitidigini subut edýär. Meniň maşgala barada sähel bir zay diýmegime meniň şahsymy nyşana almak nä derejede dogruka? Meniň hojalyga baryp görmänligim ol barada bir zat aýdyp bilmejekdigimi, ýa-da öz pikirimiň bolmajakdygyny aňladýarmy?!
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:24
Keaip_begcon,
Sen Indoneziýada ýaşaýaňmy? Ýa şol milletdenmi?
“Gymmatlyklarymyz”- diýemde, özümize mahsus bolanlaryndan gürrüň edýän. Siz şu wagt gymmatlyk bilen däp-dessury çalşyp otyrsyňyz.
Gymmatlyk diýip, söýgi, sylag, dostluk-doganlyk, arassaçylyk, parahatçylyk, adalat….we beýlekileri göz öňünde tutýan.
Maksat
03 май 2022, 00:26
Bayker
Keaip_begcon
Bayker,
Siz näçenji ýyl?!

Men 85 -nji ýyl. Näme işleýäňiz bärde diýmegiň mümkin sebäbi bar:))

Ýokla, gaýta gowy edýäňiz, şular ýaly durmuş tejribesiniň esasy bölegini geçen adamlaryň wirtualda bolmagy meni begendirýär.
Maksat
03 май 2022, 00:27
Nirvana
Keaip_begcon,
Sen Indoneziýada ýaşaýaňmy? Ýa şol milletdenmi?
“Gymmatlyklarymyz”- diýemde, özümize mahsus bolanlaryndan gürrüň edýän. Siz şu wagt gymmatlyk bilen däp-dessury çalşyp otyrsyňyz.
Gymmatlyk diýip, söýgi, sylag, dostluk-doganlyk, arassaçylyk, parahatçylyk, adalat….we beýlekileri göz öňünde tutýan.

Aýtkasaňyz her zat göz öňüme gelip duruberýär. :))
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:27
Keaip_begcon
Michael,
Näme at bilen ýüzlenmek "oglum" diýip ýüzlenmek bilen deň dälmi?!

Göräýmäge deň ýalydyr. Menä şu ýaşymda-da ene-atamyň “gyzym, gyzymjan” sözüne monça bolýan. Maňa görä at bilen ýüzlenmek we “oglum, gyzym” diýip ýüzlenmek deň däl.
Maksat
03 май 2022, 00:28
*Aýtmasaňyz
Hiayress
03 май 2022, 00:29
Michael
Nirvana,
köp sag bol.
Men çagamyň Döwletmämmet Azadynyň "Wagzy Azat" eserini okaryny isleýän.

Sizde çagaňyza kiçilikden okadaryn diýýän kitabyňyz barmy?


Wagzy-azady şu ýaşyma men düşünemoklaý. ?
Maksat
03 май 2022, 00:30
Nirvana
Bayker,
Agam gaty berk daramaň çagalaryňyza. Soň sosýallaşmagy kyn bolýar, özlerem çekinjeň, ýuwaş şahsyýet bolup ýetişýärler. Gerek ýerinde agras bolaýyň. Emma ýyly, mähirli sözleriňizi asla gaýgyrmaň. Men sizden birnäçe ýaş kiçi bolup size maslahat berýänime aýyplaşmaň. Emma özüm bir tejribe geçip ýören gelejekki mugallym hökmünde köp çagalary sapakda we sapakdan daşary synlaýan. Geçmişleri we maşgalasy bilen gyzyklanyp, şeýle-de çaga psihologiýasy barada sapaklar okap, azam bolsa bilýänlerim bar. Şol esasynda aýdýan sizede.

Düşündirip bilemok jigim gaty görme men çagam üçin ýowuz ata, gadyrly dost, gerek ýerinde syrdaş. O näme diýdigiň bolsa şeýle, bu zatlaň okuwy badyram welin her ene ataň öz terbiýesi bar, ýazyp düşündirip bolanok.
Michael
03 май 2022, 00:30
Hiayress,
Bolup biljek zat
Maksat
03 май 2022, 00:30
Hiayress
Michael
Nirvana,
köp sag bol.
Men çagamyň Döwletmämmet Azadynyň "Wagzy Azat" eserini okaryny isleýän.

Sizde çagaňyza kiçilikden okadaryn diýýän kitabyňyz barmy?


Wagzy-azady şu ýaşyma men düşünemoklaý. ?

Okatmak islemegi hiçle, ony okap "çagasyndan" nähili tama garaşýarka))
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:30
Keaip_begcon
Nirvana
Keaip_begcon,
Sen Indoneziýada ýaşaýaňmy? Ýa şol milletdenmi?
“Gymmatlyklarymyz”- diýemde, özümize mahsus bolanlaryndan gürrüň edýän. Siz şu wagt gymmatlyk bilen däp-dessury çalşyp otyrsyňyz.
Gymmatlyk diýip, söýgi, sylag, dostluk-doganlyk, arassaçylyk, parahatçylyk, adalat….we beýlekileri göz öňünde tutýan.

Aýtkasaňyz her zat göz öňüme gelip duruberýär. :))


Zyýany ýok. “Haýwan ysgaşa ysgaşa, adam soraşa soraşa” şeýleräk bir söz bardy. Bizem bir adam hökmünde sorap-sorap öwrenibermeli biri-birimizden.
Telwas
Автор 03 май 2022, 00:33
Bayker,
Agam hiç hili gaty göremok. Şol gerek ýerinde dost, syrdaş, ata bolup bilmegem gaýrat isleýär. Zähmetiňiz ýerine düşsin Enşallah.
Hiayress
03 май 2022, 00:38
Çagaňyzy terbiýelejek bolsaňyz özüňizden başlap, çaganyň ilkinji edep mekdebi ene-atasynyň göreldesi.))