Obalarymyz we şäherlerimiz, durmuş ýagdaýymyz.

Men bu mowzukda Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş ýagdaýlary we esasanam oba we şaher ýaşaýjylarynyň arasyndaky durmuş ýagdaýynyň tapawudy hakynda gysgaça agzap geçmekçi.
Türkmenistan raýatlarynyň asudalygy we rahat ýaşaýşy boýunça dünýä sanawynda birnäçe döwletlerden öňde gelýär.

Türkmenistanyň iň uly kynçylyklaryndan biride işsizlikdir. Döwletimiz herýyl birnäçe iş orunlaryny döretsede häzirki wagtda işsiz kösenip Türkiýe Rossiýa ýaly ýurtlarda işleýän müňlerçe raýatlarymyz bar. Şäher ýerlerinde kyn bolsada ýenede iş tapmak mümkünçiligi bar emma welin oba ýerlerinde ýaşaýan raýatlarymyzda bu mümkünçilik ynanylmaz derejede azdyr.
Halkymyzyň bolsa ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Sebäbide oba ýerlerinde mektep we oba geňeşligi ýaly sanaýmaly döwlet edaralaryndan başga hiç bir iş mümkünçiligi ýokdyr. Obalarda bir maşgalada ýekeje adam döwletde işläp bilse olar üçin ullakan girdeýji hasap edilyär. Çünkü oba ýerlerinde bir maşgalanyň ýyllyk girdeyjisi şäher ýerlerinde döwlet edaralarynda işläp aýlyk alýan ýekeje adamyň ýyllyk girdeýjisindenem az möçberdedir.
Gynansakda oba ýerlerdäki raýatlarymyz girdeýji azlygy sebäpli gaty gowy derejede ýaşaýandygyny aytmak kynyrakdyr. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini gulluk ýaşyna çenli gidip görmedik birnäçe oba çagalaryna duş gelip bilýäris. Eýsem siziň pikiriňizçe biz obadaky ýaşaýan raýatlarymyzyn ýaşaýyş ýagdaýlaryny gowlandyrmak üçin nämeler edip bileris?
Meniň pikirimçe oba ýerlerine ýakyn ýerlerde täze zawot fabrikalar gurylyp biler iň bolmanda haýwanlary ýetişdirýän, et we süt önümlerini öndürýän kiçiräk maldarçylyk hojalyklary gurylyp biler. Obaly çagalaryň şäher bilen aragatnaşygynyň hasam giňeldilmesi zerurdyr. Her birnäçe günden çagalaryň arasynda ýaryşlar ýada gezelençler gurnalyp biler. Bular çaganyň dünýa garaýşynyň ösmesi we geljege höweslenmesi üçin peýdaly zatlar bolup biler diýip pikir edýärin. Eger obalarymyzy ösdürsek, täze pikirler täze düşünjeler täze döredişler orta çekilip ýurdymyzyň ösmesine hasam uly goşandyny goşar diýip pikir edýärin.
15 лайков 503 просмотров
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
09 апр 2023, 16:48
Догры пикир эдипсин
Hiayress21
09 апр 2023, 16:55
Şular ýaly temalara ýüzlenip janygmala adamlar başgalar welin, ýene sen jan edýäňaý.))
09 апр 2023, 17:00
Meniň pikirimçe oba ýerlerine ýakyn ýerlerde täze zawot fabrikalar gurylyp biler iň bolmanda haýwanlary ýetişdirýän, et we süt önümlerini öndürýän kiçiräk maldarçylyk hojalyklary gurylyp biler.


Senin su diýýán zatlaryñy döwlet dä-de rayatlaram edip biler. Yone azajyk maya hemem towekgelcilik (risk) gerek.
Yusup
09 апр 2023, 17:14
Soyuz dowrunin kalhoz sistemasyny tazeden dikeltmeli. Dayhana pagtadan onyan Ak yagyny we kunjarasyny (Sary un) bermeli. Bugdayynam planyny dolandan son galan bugdayyny dayhanyn ozune bermeli. Shonda dayhan ak yagyny kunjarasyny shulhasyny kepegini ununyn artykmajyny bazara chykaryp satyp bilyar. Bulam ona dahotdan dashary komek bolyar. Obalarda fermalary kopeltmeli. Pagta yygyjy gyz gelinlerin arasynda yarysh gecirip okde yygyjylary howeslendirmeli. Olaryn atlaryny shahyrlarymyz goshgularynda yazyjylarymyz eserlerinde telewidinyamiz gepleshiklerinde gazetlarda makalalarda atlaryny agzap gecmeli. Kalhoz sistemasyny tazeden dikeltmesen oba yerinin guni gowlashmaz. Dayhan bayasa yurt bayar. Dayhan hazir yerini surdurmek un traktor tapmaly ony pluglamaly tekizleme gecmeli chizillemeli. Bu zatlar ucin oba hyzmatyn mehanigine bir beryan traktorca bir beryan yylyn ahyrynda bankam surum ucin diyip dahotdan tutup galyar. Dokunleri (Fosfor korbamid azot amahos) oz jubunden satyn alyan haltasyny 200 manada. Bank hem dokun hyzmatlary diyip yenede tutyar. Yerini suwarmak ucin miraba pul toleyan jubunden bank hem suwarysh diyip pul tutyar. Gektaryn arassachylygy diyip her gektara 100 manat bir toleyan archyna bank yenede tutup galyar. Pagtan bar bolsa yygymchy almak ucin hakimlikden gowja tanysh tapmaly we her yygymchyn sanyna 20 manatdan pul bermeli we tehniki hyzmat diyip awtobusca 300 manat toleyan. Tehniki hyzmat we ishci guyji diyibem yene bank tutyar. Dahod alan wagtyn archyn ona pul diyyar buhgalter muna pul diyyar bashlyk yene pul diyyar. Garaz 5000 mun manat dahod alyan yzyna 7000 manat edip tabshyryan seni bergidar chykaryalar. Dayhanam bir bakyp otyran sygryny satyar. Tohumy hem jubunden satyn alyan onunam tutumy bar bankda.

Garaz ine sheyle dayhan dolanshygy onsan nireden bayasyn dayhan
Yusup
09 апр 2023, 17:20
Dayhanyn yagysy kop obahyzmat mehanigi obahyzmat bashlygy geneshligin zaprawshigi geneshligin bashlygy geneshligin archyny hakimlik edaralary hakimligin suw we yere seredish bolumi bankynkylar prokuratura we onun komekchileri sholaryn hemmesinin garnyny doyurmak kyn bolanson dayhan "Towshana haysy depe bolanda name kashir tapsa boldy" diyip niredesin Rossiya niredesin Turkiye diyip biledi 2 esse satyn alyp dashary yurda gidenlerni kem gorenoklar
Yusup
09 апр 2023, 17:25
Yone hokumedin ishinden hazir tolk yok. Biderek 6 yylymy geciripdirin. 2000 manat aylyga danlyp. 2000 manady chynymy edip ishlesem 3 gunde tapyan. Wagty oz wagtyna gora. Belli bir sagada danylyp otyranok. Bir yere gitjek bolsan haksyz zahmet rugsadyny yazmak gerek dal bashlygyna hayysh etmek gerek dal. oz elin oz yakan.
Ahmet
09 апр 2023, 17:27
Öz hususy mülk ýerime bugdaý ekip bilýänmi?
Ahmet
09 апр 2023, 17:27
5 gektar mülk ýerime bugdaý ekip hasyl aljak. Onam halk üçin amatly bahadan satjak. Neneň görýäňiz?
Yusup
09 апр 2023, 17:29
Arada bir taze achylan restoranyn bezeg ishlerini etdik patalok diydi mebel ishi tok ishi lyustrasyna chenli asdyk 5 oglan bolup 23 gunde adama 7 mun manatdan dushdi. sholar yaly ish krupny ish hemishe tapylanok yone shondada ayyna galmady diyende 4000 manat tapsa bolya esasy zat hunar owrenmeli
Yusup
09 апр 2023, 17:30
Vekil_City,

Gektar bolsa ekdirmez yone oz hususy 16 32 sotukly yerine ekip bilersin
Ahmet
09 апр 2023, 17:45
Seksopotolog..........
Vekil_City,

Gektar bolsa ekdirmez yone oz hususy 16 32 sotukly yerine ekip bilersin

Hususy öz ýerime näme ekemde näme? Bugdaý ekmek gadaganmy näme? Gadagan bolanda näme üçin gadagan bolup biler? Neşe ekjek bolýan ýoga agam ))
Dowsypat
09 апр 2023, 18:25
Jüýje ulalyp-ulap pil bolmaz.Towuk bolar.
Dowsypat
09 апр 2023, 18:30
Ýerimiziň ekine ýaramly mukdaryny we suwuny ilatyň sanyna hasaplap,ondanam adaty adamlaryň işjeňligini we ýaltaçylygyny goşup,hökümediň edýän peýda we zyýanlaryna köpeldip,onada beýleki täsirleri goşup-köpeltsek.Hakyky ýagdaýymyz gelip çykmazmyka?
Nazar
09 апр 2023, 19:02
5 gektarlap Neshe dagy ekayseña depseñ deprenmez Ahmetbaý-a bolardyňay :)
Nazar
09 апр 2023, 19:07
Garaz "türkmeniñki direýänçä" diýen aýtgy bar
Perman Izakow
Автор 09 апр 2023, 19:20
Hiayress99
Şular ýaly temalara ýüzlenip janygmala adamlar başgalar welin, ýene sen jan edýäňaý.))

Dowam etjek.
Perman Izakow
Автор 09 апр 2023, 19:23
FairXVIII
Meniň pikirimçe oba ýerlerine ýakyn ýerlerde täze zawot fabrikalar gurylyp biler iň bolmanda haýwanlary ýetişdirýän, et we süt önümlerini öndürýän kiçiräk maldarçylyk hojalyklary gurylyp biler.


Senin su diýýán zatlaryñy döwlet dä-de rayatlaram edip biler. Yone azajyk maya hemem towekgelcilik (risk) gerek.

Döwletiň raýatlarymy:)
Perman Izakow
Автор 09 апр 2023, 19:30
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
〣EpifiZ〣
09 апр 2023, 19:37
Oba yerlerinde yasayan yašlaryn zehini gaty gowudyr. Muna ozm šayat bollum. Emma olar šumat uniwersitetlerde okap yada yokary wezipeli išlerde išlap bilenoklar. Munuň sebabi 《adyny bu yerden aytmagym dogry bolmayan》 yerde diňe pula seredip adam kabul edyarler. Sonun bilenem yurt osmeyar. Bir sapar apteka bardym derman aljakdym son biri ayagymyn damary cekya diydi barki gyz anyrky doktordan onun ayagynyn damary čekya name witamin ya derman yazayyn diydi muna hayran gallym, yone ol doktorun beren jogabyna hasam hayran gallym ol seydiyya: yazyber nâm yazsan. indi sular yalylar diyp janynada ynam yok!
Nazar
09 апр 2023, 19:52
Aahyry oserda diyaymesek basga zat aydyp bolanok.
Mysal uchin: Bir Hususy karhanan isgariniň kellesi gaty guycli bolup nadeňde ilata hili gowy elyeter bahaly onumleri hodurlap shonuň usti bilen karhananyn girdejisini artdyryp boljagyny baslygyna teklip edende diňleman gaytam: oñki onumlermizi onduribereliň gaytam duzumindaki plan zady kemeldiň diyse yañky isgariñ teklibi dalde baslygyň sozi yorar
09 апр 2023, 19:52
Vekil_City,
Turkmenistanda uly telekecilige yol berilenok. Yagny uly göwrumli onumleri hem ondurmäge hem-de satmaga.
09 апр 2023, 19:54
IPROLIGA,
Döwlet diýenimde yurtdaky in uly edarany yagny hökumedi tutanymy senem bilýän bolsañ gerek.
Hiayress21
09 апр 2023, 20:13
PROLIGA,
Molodes şeýt, şu zatlara aslynda döwrüň ýüzi bolup duran ýazyjy-şahyrlaryň ýüzlenmeli temalary bolyn, olaryň has özel işleri bar öýdýän.
RelaX
09 апр 2023, 20:14
Gürleeeeeeeee belki sesiñi eşider ýalan dünýe Gürleeeeeeeee
noname
09 апр 2023, 20:17
Iş yok däl...iş edesi gelyan yok
Hiayress21
09 апр 2023, 20:19
danger,
Normal aýlykly iş tapyp ber, men saňa kamaz-kamaz iş edesi gelýän üstüňe döküp bereýin.
noname
09 апр 2023, 20:26
Men gowy aylykly iş ba diyemok yone iş ba diydim
noname
09 апр 2023, 20:28
O diyan kamaz kamaz iş edesi gelyanleñ elinden name iş gelya onsañ
Гость
09 апр 2023, 20:31
Eger obalarymyzy ösdürsek, täze pikirler täze düşünjeler täze döredişler orta çekilip ýurdymyzyň ösmesine hasam uly goşandyny goşar diýip pikir edýärin.



- täze pikir, täze düşünjäň döremegini islmeýän bolsa näwilýäň
Hiayress21
09 апр 2023, 20:33
danger,
Näme edip bilýäni bilen näme işiň, oba ýerinde 2000 manatdan geçýän, öýünde girip çykmaly iş tapyp sen bolany, men saňa işläsi gelýän adam tapyp bereýin.