Söz ýarasy bitmez..



Soñky wagtlarda käbir ýetginjeklerimiziñ köpçülik ýerlerinde özlerini alyp baryşlaryndan o diýen göwnüñ suw içmeýär. Şeýle gelşiksiz hadysalara awtobuslarda, köpçülik ýerlerinde häli-şindi duş gelmek bolýar. Ýetginjekler daş görnüşlerinden medeniýetli ýaly bolup görünseler-de, olarda salyhatlylyk, sypaýyçylyk ýaly häsiýetler duýulmaýar.
Olar oýlanyşmazdan aýdýan gödek sözleri bilen öz deñ-duşlarynyñ, erbet ýeri-de, gyz maşgalalaryñ göwünlerine bitmejek ýara salýandyklaryny unudýarlar. Eger edepsiz ýetginjeklerimiz şol gyz maşgalalaryñ ýerine özlerini (we özleriniñ uýalaryny) goýup, oñatja oýlanyp görseler, bu işleriniñ telekdigine göz ýetirerdiler. Şonuñ üçinem gadyrdan ýetginjekler, geliñ, birek-birege hormat goýup, mylakatly gürleşmäni başaralyñ! Çünki sypaýyçylyk adamkärçiligiñ, edebiñ başy bolmaly ahyryn.

Jeren ANNAGYLYJOWA,
6 лайков 133 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Milana
22 фев 2022, 19:58
Juda dogry aýdylan makala. Şeýle goşgy ýadyma düşüdi:

Ynsan göwni hoş sözlere mätäçdir,
Söýgi doly, mähir bolsun sözüňde,
Göwün ynjydaýjak sözleň barysyn,
Aýtmaga howlukma, sakla özüňde.

Sözüň gudratyndan daýanar hassa,
Hoş söz diýseň, garry göwnem ýaş bolar,
Başarsaň, ýagşy söz sözlejek bolgun, Ýaman söz ýarasy bitmez, yz goýar.

Ýürege barýan ýol ynjykdyr örän,
Sözüň gözel bolsun, hem bolsun sada,
Ýöne gözelligiň tebigy bolsun,
Sözde ýasamalyk sygmaýar kada.
Hanguly
22 фев 2022, 20:30
Diňe gyzlara diýmezlik üçin öwrenmelimi ony ? Hiç ulaldamok, şu ýaşyma çenli bolsa 3-4 sany edepli, akylly, gepi-sözi ýerinde gyz görendirin, oglanlara bir kemakyl, gyzlardanam hiç az däl beýle diýýän, gödek gürleýän, hatda okaýan mekdebimde gödek gürlemeýän gyz talyp görmedim, hiç ulaldamok
Hanguly
22 фев 2022, 20:30
Jerenjan doganjygymyzada ahlak barada ders berýänçäň biraz toplumdan habaryň bolsun diýesim gelýär