GYZLARA MASLAHAT!

Gyzlara maslahat

Gyz maşgala mydama synda bolýar. Şonuň üçin mähriban gyzlar, köpüň üýşen ýerinde milli edep-kadalaryny öýňüzdki ýaly, hatda ondan-da berk berjaý ediň. Şonda biedeplik sizden, sizem ýakymsyz gep-gürrüňlerden sowlup geçersiňiz.

***
Il üýşen ýerde çigit çigitläp, sakgyç çeýnemäň, gaty gürlemäň we gatydan gülmäň. Köpüň arasynda gäwmiş ýaly gäwüşäp durmak hem edepsizlikdir.

***
Agras boluň, emma agraslykdan gödekligiň çägine geçmäň. Alçak boluň, emma ýeňles gopýanlardan bolmaň. Çakdan aşa alçaklyk hem gyz maşgalany bezeýän häsiýet däl.

***
Ýat kişilerden özüňizi çekeräk saklaň, tanyşlyga döwtalap bolmak gyzlara gelişýän däldir.

***
Pessaý ses bilen gürläň. Gulaga ýakymsyz igençli, ýaňsyly (paýyş sözleri asyl-ha) dile almaň, çünki edep-ekramda gyz maşgala özgelere nusga bolmalydyr.

***
Ulu gyzlara giň-giň ädimläp, batly ýöremek gelişýän däldir. Şonuň üçinem, howlugyp ýöräniňizde-de, ädimiňizi ýygjam alyň.

***
Hereketleriňizde, geýnişiňizde we gürleýşiňizde özüňize üns çekmezligiň aladasyny ediň. Gyz maşgalanyň özüni alyp barşynda köpüň ünsüni çekmegi, onuň ''gözden düşmegine'' getirip biler.

***
Myhmançylykda nahara-şora kanagatly boluň, gyzlara soň başlap, öň goýmak ýaraşar.

***
Her gyz maşgala öý eşigini-de, toý eşigini-de özi tikmäge çalyşsyn. Biraz kem-köstliräk bolaýanda-da, öz tikeniň iliň dilinde taryply bolýandyr.
14 лайков 305 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
22 фев 2022, 20:08
Şonuň üçin mähriban gyzlar, köpüň üýşen ýerinde milli edep-kadalaryny öýňüzdki ýaly, hatda ondan-da berk berjaý ediň.


-Öýünde edeplimikäler,ilki şuny anyklaly
Mechta
22 фев 2022, 20:16
Ah Mylayymjan bu wagtky gyzlar bolyada
S❤
22 фев 2022, 20:28
Gowy mowzuk. Onem bir zurnalda okapdym tazeden yatladanyna sag bol. Bulary etmek kyn dal doga hasiyetin gowy bolsa.
Menden like
doctor
22 фев 2022, 21:03
WAUW - 10 MY
LIDER
22 фев 2022, 21:03
-10 gorkezyarlay temañ
Leyli Amanowa
22 фев 2022, 21:04
Dostlukda @Dark_Wolf paylaşypdy şuny.
Akylly bolmak meň sistemamda yoga((
Dawud
22 фев 2022, 21:12
Nairobi,
Tazeden yuklemelimi :)
My life
22 фев 2022, 21:13
On okapdym yone gerekli gowy mowzuk!
Leyli Amanowa
22 фев 2022, 21:15
David,
yuklejek bolsam göterenok
Leyli Amanowa
22 фев 2022, 21:16
Цитата: LIDER
-10 gorkezyarlay temañ

saytyň gyzlary edepsiz diyeni şo))) (oyun edyändirin gyzlar öykeläp yörmäň)
Hiayress
22 фев 2022, 21:18
LIDER,
Konkurs üçindir öýtdendirlerdä. ?
Indi mowzuk açaňda konkurs üçin däl, minuslap oturmaň diýip açmaly boldy.))