Gyzlara mugt maslahat

Häzirki zaman gyzlaryny diňe daşky görnüşi boyunça bahalandyryp, häsiýetlendirip bolmaz. Özüni alyp barşy we içki dünýäsi daşky görnüşinden düýpli tapawutlanyp biler. Gepleşikde oglanlaram,gyzlaram köplenç medeniýete we gylyk-häsiýetlere uly üns bermelidir. Käwagt biz öz kemçiliklerimizi görüp bilmeýäris, emma olary ýok etmeli.!

Öz häsiýetiňe, edep-gylyklaryňa üns ber, eý, türkmen gyzy!..   Belkem şonda sen özüňdäki bir "minusy" tapyp, görüp bilersiň!..Çünki hiç haçan gowy tarapa üýtgemek giç bolmaz.

Gyz maşgala mydama synda bolýar. Şonuň üçin mähriban gyzlar, köpüň üýşen ýerinde milli edep-kadalaryny öýňüzdki ýaly, hatda ondan-da berk berjaý ediň. Şonda biedeplik sizden, sizem ýakymsyz gep-gürrüňlerden sowlup geçersiňiz.

⬇⬇⬇

Il üýşen ýerde çigit çigitläp, sakgyç çeýnemäň, gaty gürlemäň we gatydan gülmäň. Köpüň arasynda gäwmiş ýaly gäwüşäp durmak hem edepsizlikdir.

***

Agras boluň, emma agraslykdan gödekligiň çägine geçmäň. Alçak boluň, emma ýeňles gopýanlardan bolmaň. Çakdan aşa alçaklyk hem gyz maşgalany bezeýän häsiýet däl.

***

Ýat kişilerden özüňizi çekeräk saklaň, tanyşlyga döwtalap bolmak gyzlara gelişýän däldir.

***

Pessaý ses bilen gürläň. Gulaga ýakymsyz igençli, ýaňsyly (paýyş sözleri asyl-ha) dile almaň, çünki edep-ekramda gyz maşgala özgelere nusga bolmalydyr.

***

Ulu gyzlara giň-giň ädimläp, batly ýöremek gelişýän däldir. Şonuň üçinem, howlugyp ýöräniňizde-de, ädimiňizi ýygjam alyň.

***

Hereketleriňizde, geýnişiňizde we gürleýşiňizde özüňize üns çekmezligiň aladasyny ediň. Gyz maşgalanyň özüni alyp barşynda köpüň ünsüni çekmegi, onuň ''gözden düşmegine'' getirip biler.

***

Myhmançylykda nahara-şora kanagatly boluň, gyzlara soň başlap, öň goýmak ýaraşar.

***

Her gyz maşgala öý eşigini-de, toý eşigini-de özi tikmäge çalyşsyn. Biraz kem-köstliräk bolaýanda-da, öz tikeniň iliň dilinde taryply bolýandyr.

***

*Adamlara olaryň senden garaşýanyndan has köp ber.

*Eşidýän ähli zatlaryňa ynanma.

*"Meni bagyşla,ezizim" diyeniňde gözüne seredip diý.

*Öykelek bolma.

*Islendik ýagdayyň gowy tarapyny tapjak bol.

*Bar bolan zadyňa guwan.

*Hemişe ýüzüňe köp kosmetika çalyp oturma, köp oglanlar senden daşlaşar.

*Gürläňde howlukma, aýdýan zatlaryňy ilki içiňden pikirlenip, filtrdan geçir.

*Senden seniň bilmeýän soragyňy sorasalar, ýa-da seniň pikirinçe "birhili" sorag berseler pikirlenmän jogap berjek bolma. "Näme üçin menden muny soraýaňyz?" diý.

*Bolgusyz zatlar üçin dostlugy ýykyp oturma, dostlugyň bahasy ýokdur.

*Öz  ýalňyşlygyňy ykrar etmegi, öz ýalňyşyňy boýnuňa almagy başar, bu häsiýet köp gyzlarda ýoklugy sebäpli bahasy ulydyr.

*Söz berip sözüňde durmanyňdan woobshe söz bermedigiň gowudyr.

*Başgalaň arzuwynyň üstünden gülme!Arzuwsyz adam ruhy taýdan iň gedaý adamdyr.

*Daşky görnüş aldowçydyr, adamy daşyndan seredip baha berme.

*Öz öňüňde maksat goý we hökman şol maksada  et (iş, okuw).

*Hemişe özüň hakda gürläp oturma, daş-töweregiňdäkileri ýadadarsyň.

*Kalbyňda romantika bolsun, emma hemişe dünýä gülgüne äýnekli seretme!

*Her bir söhbetdeşiň bilen mylakatly gürleş, ol adam saňa dereksiz bolsa-da.

*Seni ýeňil kelle diýip pikir etmeklerine ýol berme!

*"Garaşylmadyk" zatlaryň boljagyna garaş.

*Durmuşyň her bir pursadynyň gadryny bil.

*Ýürege düşgünç bolma.

*Aşakdaky meşhur adamlaryň aýdanlaryny ýadyňda sakla, olar seniň durmuşyňdaky kyn meseleleri çözmäge kömek eder, ýa-da woobshe seniň durmuş hakdaky pikirleriňi üýtgeder:

"Söýmek birek-birege seretmek däl-de, iki bolup bir tarapa seretmekdir" ©A.Saint-Eksyouperi

"Owadanlygam bir Şa aýalydyr. Ýöne örän az wagt dolandyrýar"
©Sokrat

"Gyzlaryň iň bir ýürekden çykan sözünde-de birazajyk syr galmalydyr" ©P.Bourge

"Bilimiň köplügi däl-de, hili has wajypdyr. Örän kop zady bilip, iň esasy zady bilmeseň bolmaz."
"Hiç zat aýdyp bilmeýän adam iň köp gürleýän adamdyr"
©L.N.Tolstoy

"Dünýä bir ajaýyp, owadan kitapdyr. Emma okap bilmeýänler üçin biderek zatdyr"
©K.Goldoni

"Erbet garşylygy başyndan geçirmedik beýik iş  ýokdur"
©F.Volter

"Gaty giç hödürlenen kömek hiç kime gerek däldir"
©R.Trench
10 лайков 273 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
07 фев 2023, 22:43
Ömrüñ bolsun!
Ajaŷyp
Ajaŷyp
08 фев 2023, 00:11
çaga gep owreden yaly edip kim yazyagy bu zatlary
Ayjahan
08 фев 2023, 10:46
Herkim oz karakterini ozi bilya akyl satmak gerekdal
nejisjam
12 авг 2023, 09:18
gou maslahatlar
nejisjam
12 авг 2023, 09:18
gou maslahatlar