Obalarymyz we şäherlerimiz, durmuş ýagdaýymyz.

Men bu mowzukda Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş ýagdaýlary we esasanam oba we şaher ýaşaýjylarynyň arasyndaky durmuş ýagdaýynyň tapawudy hakynda gysgaça agzap geçmekçi.
Türkmenistan raýatlarynyň asudalygy we rahat ýaşaýşy boýunça dünýä sanawynda birnäçe döwletlerden öňde gelýär.

Türkmenistanyň iň uly kynçylyklaryndan biride işsizlikdir. Döwletimiz herýyl birnäçe iş orunlaryny döretsede häzirki wagtda işsiz kösenip Türkiýe Rossiýa ýaly ýurtlarda işleýän müňlerçe raýatlarymyz bar. Şäher ýerlerinde kyn bolsada ýenede iş tapmak mümkünçiligi bar emma welin oba ýerlerinde ýaşaýan raýatlarymyzda bu mümkünçilik ynanylmaz derejede azdyr.
Halkymyzyň bolsa ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Sebäbide oba ýerlerinde mektep we oba geňeşligi ýaly sanaýmaly döwlet edaralaryndan başga hiç bir iş mümkünçiligi ýokdyr. Obalarda bir maşgalada ýekeje adam döwletde işläp bilse olar üçin ullakan girdeýji hasap edilyär. Çünkü oba ýerlerinde bir maşgalanyň ýyllyk girdeyjisi şäher ýerlerinde döwlet edaralarynda işläp aýlyk alýan ýekeje adamyň ýyllyk girdeýjisindenem az möçberdedir.
Gynansakda oba ýerlerdäki raýatlarymyz girdeýji azlygy sebäpli gaty gowy derejede ýaşaýandygyny aytmak kynyrakdyr. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini gulluk ýaşyna çenli gidip görmedik birnäçe oba çagalaryna duş gelip bilýäris. Eýsem siziň pikiriňizçe biz obadaky ýaşaýan raýatlarymyzyn ýaşaýyş ýagdaýlaryny gowlandyrmak üçin nämeler edip bileris?
Meniň pikirimçe oba ýerlerine ýakyn ýerlerde täze zawot fabrikalar gurylyp biler iň bolmanda haýwanlary ýetişdirýän, et we süt önümlerini öndürýän kiçiräk maldarçylyk hojalyklary gurylyp biler. Obaly çagalaryň şäher bilen aragatnaşygynyň hasam giňeldilmesi zerurdyr. Her birnäçe günden çagalaryň arasynda ýaryşlar ýada gezelençler gurnalyp biler. Bular çaganyň dünýa garaýşynyň ösmesi we geljege höweslenmesi üçin peýdaly zatlar bolup biler diýip pikir edýärin. Eger obalarymyzy ösdürsek, täze pikirler täze düşünjeler täze döredişler orta çekilip ýurdymyzyň ösmesine hasam uly goşandyny goşar diýip pikir edýärin.
15 лайков 503 просмотров
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress21
09 апр 2023, 20:35
Mesele bu ýerde professianal adamlaryň işsizligi dälde (olam köp, ýöne olary daşary ýurt gutarýa), oba adamlaryna ýeterlik işiň ýoklugy.
Гость
09 апр 2023, 20:45
Hiayress99
PROLIGA,
Molodes şeýt, şu zatlara aslynda döwrüň ýüzi bolup duran ýazyjy-şahyrlaryň ýüzlenmeli temalary bolyn, olaryň has özel işleri bar öýdýän.

Raşotkaň aňyrsy içgysgynç, beton koýka sowuk. Olar'am bilýändirda şolaň şeýledigini )
Гость
09 апр 2023, 20:46
PROLIGA
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Heeýýt, ýuwaş
Yusup
09 апр 2023, 21:00
icinde adam gorunmeyan pagtalar her pagtada azyndan 60 70 sany koregi bolyan pagtalar nirede?

Her summulini bugdayyn danesi sebapli bashy eglip duran bugdaylar nirede?

Hemmesi ishini bilmeyan yolbashchylar sebapli yitip gitdi.
Kerbaba
09 апр 2023, 21:28
[quote=Vekil_City]5 gektar mülk ýerime bugdaý ekip hasyl aljak. Onam halk üçin amatly bahadan satjak. Neneň görýäňiz?[/quote]
[quote=Vekil_City]Бизде мулк ери бар адамлар хокман экаймели. Белли бир болегини шертнама эсасында довлете табшырмалы. Галаныны наме эдесин гелсе оз ишин..
Kerbaba
09 апр 2023, 21:49
Захмете хак толеншигинин камил болмазлыгы оба еринде иш ондуридилигинин пес болмагына ве ише ховес болмазлыгна гетирйан эсасы себаплердир. Менин пикиримче ондурилен онум учин толег эркин болса говы боларды. Меселем...Мен 20 грам гурчук алдым.60 кг пиле табшырдым.Элиме алмалы пулум 1500м болды диелин.Инди шол пулун учден бирине ,Ягны 500 манадыма довлет курсундан доллар берселер телпегими гоге зынардым.Пагта,бугдай етишдирйанлереде шейле усулы гиризселер дине бахбит боларды.Йылда бир гезек гирдежи газанян дайханын газанжынын 4 ден 1 не болсада довлет курсундан долларыны нагт элине берсен,кепегем герек болмаз,кунжарасам.Устесинеде дашары юрда гитжек болуп дызашыбам дурмазлар.
NEMOO
09 апр 2023, 23:30
Onem sulary tema acylanda yurdy has osen dovletlere arendasyna bermeli
Serdar
10 апр 2023, 01:18
У нас скрытый страна)
Гость
10 апр 2023, 08:13
Şuwagt daýhanlara biraz ýeňillik döretdiler, ýagny harmana tabşyran tonnasyna görä kepek, künjarany öz bahasyndan berip dur. Dogry, az mukdarda. Ýöne şojagaz' am höweslendirýä daýhan görgülini.
optimist30
10 апр 2023, 09:03
Etjegin gara is bolsa hacanam bolsa bar diyilya yalan solam yok
Maksat
10 апр 2023, 09:43
danger
Iş yok däl...iş edesi gelyan yok

Şu sözi menem köp gaÿtalardym oglanlara işlejek bolsañyz obada-da iş kän diÿerdim. Ol wagtlar iki süri goÿnuñ baş çopanydym, özüme alty ÿedi çopan saklaÿadym. Indi iş tapamok sebäp goÿna ÿaramsyz beÿ diÿsem hassa däl-de tekiz ÿerde işlemesem daga-depä bolanok. Diñe maldarçylyk bar başga iş ÿok obada.
IDEALLIDER
10 апр 2023, 13:07
Iň birinji eksport. Şol össe galany hem öser.
Ahmet
10 апр 2023, 13:46
Dowsypat.
Jüýje ulalyp-ulap pil bolmaz.Towuk bolar.

Eşek bolup doglan at bolup ölmez diýibemä bir zat bar.
Ahmet
10 апр 2023, 13:51
IDEALLIDER
Iň birinji eksport. Şol össe galany hem öser.

Pagtany näme üçin çürtýäler?