Şuny aýdaýyn diýdim.

Gadyrly häzirki we gelejegiň ene-atalary!
Her bir çaga, siziň dünýä taşlan tohumyňyz we soňra iýmitlendirip ulaldan agajyňyzdyr. Bu agaçlaryň watanyna peýdaly miweler beren ullakan agaç bolmagy siziň eliňizdedir. Bir çaganyň yaşaýyşy birnäçe sagatda soralan synag soraglaryndan, birnäçe million deň-duşlary bilen ýaryşmak üçin ýaly girýän synaglaryndan ybarat däldir. Durmuşyň özi hem bir synag we bu synagyň içinde ýene birnäçe synaglara şaýatlyk edersiňiz. Esasy zat şol synaglardan ertirlerine peýdasy deger ýaly geçip bilmegidir. Bir çaganyň girýän synaglary, ony ertire taýýarlaýan tejribeleridir.
8 лайков 496 просмотров
72комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
03 май 2022, 00:41
Birem çaga terbiýesinde göwnüňiz nämeni dürs hasap etse şony edebireň, şondan peýdalysy ýokdur.
Hiayress
03 май 2022, 00:48
Çaga haýsy kitaby okatmak temasynda welin: kitap birnäçe sözleriň toplanam toplumydyr. Kitaby kitap etýän, manysyny ýüze çykarýan, reňk berýän okyjydyr. Şonuň üçinem haýsy kitaby okadanyň önemli dälde, nähili okadanyň önemlidir.))
Maksat
03 май 2022, 00:50
Temaň adyny okasam birzat ýadyma düşýä @Jeksparro käwagt birzat ýazyp aşagyndan "şuny aýdaýyn diýdim" diýýä.:)))
Michael
03 май 2022, 01:21
Her kimiň pikiri özüne dogry. Üns berýän welin pikir alyşmak dälde, biri-birini tankytlamak, "hawa seňki dogry" diýdirmek maksatlar bar. Üstesine sypaýyçylyklar ýok.
"Seňkem dogry, meň pikirim şeýle, şuny neneň görýäň?" diýýän adam ýok. Garaz biz türkmenler entäk köp taraplaýyn yzda. Belki öňe gitýänem däldiris.
Nesil aladasyny etýänçäk...
Hiayress
03 май 2022, 01:26
Michael,
Bu teswirem özüňi göz öňüňe tutup ýazdyňmy?! Teswirlere göz aýladym welin senden başga iliň pikirine baha kesen ýok eken.
Maksat
03 май 2022, 01:30
Michael,
Tankytlamak bir zadyň erbetdigini ýa-da ortada çäre görülmeli bir zat bardygyny aňladýarmy? Tema degişli gürlemeli bolsa bärde tankytlanan zat ýok, her kimiň öz pikri we düşünjesi. Seniň bu ýerde "sypaýçylyk" diýen zadyň näme?! Nähili garamaly muňa?! Sögüş ýok, düşünişmezlik ýok, hormatsyzlyk ýok, eýsem bu zatlar sypaýçylyk bolmasa bolardymyka?! Hökman seňkem dogry, meňki şeýle we neneň görýäň diýmelimi? Indi adamlaryň nähili ýazjakdygyna-da goşulsaňyz bolaýdy.
Michael
03 май 2022, 01:33
Hiayress,
Ýok. Diňe bu temada däl, pikir alyşyp biri birinden bir zatlar öwrenip boljak halatlardaky ýagdaýy göz öňüne tutdym. Özümi aklap ýada belli birini garalamak üçin däl. Ählimizi göz öňünde tutdym. Gynansagam bu dogry. Diňe men, sen, başga biri däl, ählimiz şeýle. Absolýut derjede görkeziji şeýle.
Maksat
03 май 2022, 01:35
Michael,
Garaz biz türkmenler entäk köp taraplaýyn yzda. Belki öňe gitýänem däldiris.
Nesil aladasyny etýänçäk..."

Bu zatlar bilen türkmenleriň näme baglanşygy bar? Adamlaryň milli duýgularyny her ýerde ara goşmak dogry zat däl. Maşgala barada pikirlerini beýan etmekleri türkmenleriň yzdadygyny aňladýarmy? Türkmenler bu ýazgylar bilen näçe ýyl yza giderkä onda?! Diňe bir mowzugyň üsti bilen türkmenleriň yzdadygy pikiri nireden kelläňize geldi? Öňe gitmeýänligimizi durman işleýän, daşary ýurtlara satuw işlerini geçirýän kompaniýalarymyza, geçirilýän çärelerdir wagyzlaryň netijesine aýtsaňyz bolar.
Hiayress
03 май 2022, 01:36
Keaip_begcon,
Uýalyp oturan uly gyz bolan bolsak bolýaram weli, uly gyzama däl biz.)) Seňkem dogry, oňkam dogry, olaryňkam dogry, hemmäňiziňkem dogry, a meň pikirim nähili, dogrymy?! Onça dogrydan soň, dogry boldy nä, dogry bolmady nä, parhy näme diýsene?!))
Maksat
03 май 2022, 01:38
Hiayress,
Şoda :))
Michael
03 май 2022, 01:41
Keaip_begcon,
Hiayress,
Hawa siz dogry aýtýaňyz :)
Hiayress
03 май 2022, 01:41
Michael,
Gurbannazar şahyr şeý diýýär:

"Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan, Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy."
Michael
03 май 2022, 01:44
Hiayress,
:)
Osman
03 май 2022, 17:26
Chagany kitap okadyp ya kitapdan terbiyani tapyp berip bilmersin. Durmushdan owretmeli terbiyani.
Senarist
03 май 2022, 18:59
Goroglyyew Dalidomrul Jelaleddinowic
Chagany kitap okadyp ya kitapdan terbiyani tapyp berip bilmersin. Durmushdan owretmeli terbiyani.

Kitap okamagam durmuşdan terbiýe almak ýalydyr . Dünýäni gezme mümkinçiligiň ýok bolsa kitap okasaňam bolar . Ýöne hem durmuşdan hem kitapdan öwrense has gowy bolar . Çaga hem kynçylygy bilse gowy hemem sowatlylygy bilimliligi
Senarist
03 май 2022, 19:04
Nirvana
Michael,
Salam. Siz häzirki wagtda atamy ýa-da geljekde bolmalymy?

Umuman, size (hemmelere) şeýle sorag. Çagaňyza kiçilikden okadaryn diýýän kitabyňyz barmy? Belli ugurdan bolup biler. Belki, dili ýeňiljek dünýä edebiýatyndan bolup biler. Garaz, şu wagtdan aladasyny, pikirini edýäňizmi?!

Herkim her dürli kitaby halaýar , ýagny kategoriýa boýunça . Öňüňize şeýle kategoriýa goýsalar , Haýsy kitaby okamak isleýärsiňiz?
Ylym-bilim
Çeper eser
Goşgylar
Psihalogiýa kitaplary
Dedektiw romanlar
Fantastika
we şuňa meňzeş kategoriýalar . Umuman her birimiz şularyň içinden ilkilik bilen birini saýlarys . Ondan başga çaga kiçilikde bolsa dilden erteki hekaýa ýaly zatlary aýdyp bererdim . Kiçijik çaganyň kellesi uly romanlary götermez ulalanda bolsa ýokardaky diýişim ýaly öz halan kitaplary bolar eger okamaga höwesli bolsa .
Senarist
03 май 2022, 19:08
Çaga terbiýelemek gaty kyn mesele , bu tema baradada näme aýdyp otursaň aýdybermeli , beýtseň eýle bolar şeýtseň beýle bolar , bärde genlerem rol oýnaýar olam aýratyn mesele . Ene-atasy bar çagalaryň aladasyny şeýdip edilýärke , ýetim çagalaryň bolsa halyna gynanýan . A olary kim terbiýelemi . Olaram öz-özüni özleri terbiýelemeli bolýar . Biziň ilkinji Prezidentimizem ýetimmikä diýýän , käşgä her çaga şonuň ýaly adam bolup ýetişip bilse .