❗️

Men ýene siziň bilgeşleýin ýa-da bilmän men baradaky hökümleriňizi paýlaýan günüňize gabat geldim. Duýgularym gaty güýçli, çylşyrymly, biraz gaharly we birneme öýkeli. Durmuş bilen alyp baran göreşim hakda size hasabat bermeli bolýan ýaly, wagtal-wagtal hasap bermäge synanyşýaryn.
Siziň bu ýolda özüňize gaty ynamly bolýanyňyz üçin, menem siziň ol döreden duýgularyňyza özümi aldyryp, siz hakly we menem biraz hakly boljak bolýan ýaly düşündiriş berjek bolýan.

“Duruň, bäş minut rugsat berseňiz meňem aýtjaklarym bar öz durmuşym, başdan geçirmelerim we arzuwlarym barada”-diýip söz nobatyny isleýän ýaly duýýan. Mundan birnäçe aý ozal hiç kime meň durmuşym barada teswir ýazdyrjak däldim.
Görýän welin, höküm paýlaýanlaryň bir-birlerine meňzeş edepsiz bir şekilde özüne ynamlary bar. Ol ynamyňyz meň öz ynamymy soraglamama mejbur edýär.
Men birzada düşünemok-da.
Aslynda durmuşymyň aglaba böleginde ýer alýan ynsanlaryň hem beýle söz hukugy ýokka, durmuşymyň kiçijik böleginde ýalňyşlyk bilen ýer alan ýa-da ýer almaýan ynsanlaryň etmäge başga işi ýok ýaly, meniň durmuşym barada teswir ýazmaklaryna men düşünemok.

Men göreşýän, arzuwlarymy amala aşyrjak bolýan we şol bir wagtyň özünde güýçli bolmaga synanyşýan döwürimi başdan geçirýärin. Wagtal-wagtal öz içerki göreşimden ýeňilýän we ýere ýykylýan, öňümdäkini görüp bilmeýän wagtlarym köp bolýar. Şeýle-de bolsa, soň özümi dürsäp, bir ýere jemlenip, söweşime we arzuwlaryma bir ädim ätmäge synanyşýaryn. Bu başagaýlyklaryň dowam edýän wagtynda, hiç haçan duşmadyk, tanamadyk adamyň sözlerini eşidenimde ýykylanymy duýman galýan.
Näçe üns bermejek bolýan, gulaklarymy, gözlerimi ýapýan weli, bolanok-da. Hany, ynsanyň tebigatynda şeýle bir ejiz wagtlary bolýar-a, iň ýönekeýje zada-da gynanyp bilýär.
Köpçülige höküm paýlanyňyzda ýa-da bilmän gürläniňizde agzyňyzdan çykýan manysyz söz, adamyň şol pursat durmuşyny zaýalap biljekdigini, gowşak pursatda bolup biljegini pikir edip gördüňizmi? Munuň erbet täsir etjekdigini bilseňizem ýene şony ederdiňizmi? Kim bilýär, belki edersiňiz...
Ine şeýle günde men. Şeýle-de bolsa, şu gün özümi gaty pozitiw hasaplaýandygyma ynanýardym we şu gün üçin edilmeli işimiň köpdügini we günümi meýilleşdirmek bilen meşgullanjak bolanymda, gulagyma gelen manysyz sözüň netijesinde birden ýüregim gysdy. Birnäçe wagtlap agladym, hiç kimi göresim gelenok, hiç kim bilen gürleşmek islämok. Diňe aglamak we durmuşymy sorag etmek isleýärin. Edil siziň söýgüňiz we soňundan edişiňiz ýaly!

Aglap otyrkam, iň gowy görýän birneme duýgur aýdymymy açýaryn. Meni hasam beter agladyp, içimdäki zäherden dynmaga kömek eder öýdýän. Biraz köşeşen ýaly bolýan-da özümi ünsümi sowmak üçin sosial mediýa zyňýaryn, ol blogdan ol bloga aýlanyp ýörkämem, bir söz gözümi alýar…
5 лайков 316 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
17 апр 2022, 17:46
Aslynda seniň adyňam, nigiňem hiç bir mowzugymda, teswirimde agzamak niýetimde ýokdy. Men bu meseläň agzy hemişelik ýapyldy diýip ýörün. Ýöne ýene seniň ol "gizlin muşdagyň" mejbur edýär bu hereketlere. Şony ýygna, şony ýok et töweregimden! Onsoň ikiňiz bilenem işim ýok meniň.
Hiayress
17 апр 2022, 18:08
"Нашедший себя теряет зависимость от чужих мнений."
(Альберт Эйнштейн).

Woland-de-Mortyň öz janyny krestažlarda saklaýşy ýaly käbir adamlaram öz durmuşyny keseki adamlaryň garaýyşlary esasynda ýöretýäler.
Hiayress
17 апр 2022, 18:19
"Bizi bilen bilir, bilmeyende kendisi gibi bilir!"
(Hz. Mevlana)

Her bir adamyň siz hakda etýän gürrüňi bu ol adamyň özüniň hakyky ýüzi ýa-da aýnasydyr. Kişiniň ýaramaz hereketi (pikiri) üçin özüňi ýazgarmaklyk nädürs.
Nazar
17 апр 2022, 19:19
Giñ bol
Telwas
Автор 17 апр 2022, 22:51
Hiayress,
Aý ýok men beýle adamlardan-a däl. Ýöne belli bir wagtdan soň ýüregiňe düşýär özüň baradaky kirli maglumatlaryň köpçülikde aýdym edilip aýdylmagy.
Telwas
Автор 17 апр 2022, 22:52
FanB,
Bolýar. Minnetdar!
Hiayress
17 апр 2022, 23:36
Nirvana,
"Il agzyn ýygyp bolmaz, çelek agzyn - bogup"
My life
18 апр 2022, 00:44
Basharsañ uns bermejek bol,giñ bol.