Dostlarym söýgä sataşdym…

Köp wagtdan bäri hiç kimiň meni bagtly edip bilmejekdigine, seň bilen tanyşan günüme çenli doň daşa öwrülen kalbymy hiç zadyň eýeläp bilmejekdigine ynanýardym. Seni tanamazymdan ozal sen baradaky aýdylýan söýgi sözleri meň üçin manysyzdy. Indi bolsa saňa duýgularymy beýan etmäge söz tapamok. Hany, gün ýaşanyndan soň garaňkylyk gelýär-ä asmana, ana şondan biraz wagt soň şäherleriň çyralary ýakylýar we bütin şäher aýdyňlanýar. Senem meň garaňky dünýämi şol şäheriň çyralarynyň şöhlesi ýaly ýagtylandyrdyň. Şunça wagtlap durmuşymda bir däl birnäçe zatlaryň kemçilik edýändigini bilýärdim. Şol kemçilikleriň biri hem sen ekeniň. Sendigiňi bilen bolsam men seň bilen has öň tanyşardym. Çünki, tanyşmaga mümkinçiligim şeýle bir köp bolupdy. Zyýany ýok “Hiçden giç ýagşy”.
Ikimiziň duşuşygymyza ep-esli wagt bolmasa-da meni özüňe gowy boýun egdirdiň. Indi men seň bilen duşyşyk günümiziň sagadyna süýji ukymdan galyp sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Gözüm, elim telefondan we goşar sagadymdan aýrylanok. Garaşmak diýilýän zadyň kyndygyny…

-Ýok ýok men saňa garaşmak kyn, garaşyp bilmerin diýjek bolmadym. Men saňa bu günden soň elmydama garaşaryn. Agşamky 93 minutlyk duşyşygymyz diýseň ýakymly geçdi. Şeýle-de düýn meň synagym şowluja geçipdi. Bu şowlulygyň begenji bilen bellenen sagatda saňa garaşdym. Geldiňmi, geldiň. Onda-da has batyrgaý, ähli gowy energiýaň bilen geldiň. Begenjime begenç goşdyň. Seni görsem ýüregim erkimi elimden alýar. Şeýle bir tolgunýan, şeýle bir tolgunýan welin, mendäki bu duýgyny diňe başdan geçirýänler bilip biler.

Hiç haçan ýatdan çykaryp bilmeýän gaty owadan bir söz bar, "Ýüregim döwülen sagat, hemişe dili sende durýar". Bu söz maňa seni ýatladýan parol ýalydyr. Sebäbi her gezek seni görenimde, wagtyň durmagyny isleýärin. Şarlawuklaryň ýokardan aşak akmazlygyny arzuw edýärin. Sebäbi, men seň çykarýan deriňe ezilen ýaly. Şol bir wagtyň özünde-de men seni gaty söýýärin. Söýginiň diňe bir gezekdigini aýdýarlar. Ynanamok, ezizim, ynanamok. Sebäbi her gezek seni görenimde täzeden aşyk bolýaryn. Goý, bu söýginiň ody ömrümiň soňuna çenli öçmesin. Ýene bir gezek maňa özüňi we gyzyl reňki söýdüreniň üçin men saňa çäksiz minnetdarlygymy bildirýän we men seni söýjekdigime kasam edýärin ... LIVERPOOL!!! ?
8 лайков 396 просмотров
26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
20 апр 2022, 14:27
Baybah tasdan yuregim yarylypdy Nirvana hakyky soygisini tapypdyrow dp. Mana ikilik edipdir diyadim tas ?
Telwas
Автор 20 апр 2022, 14:31
FanB,
Gowumy?
Hawa tapdym söýgümi. Diňe şoň söýgüsi meň ýürek urşymyň tizligini artdyrýar.
Saňa-da ikilik etdi biläý. :))
Chelsea
20 апр 2022, 14:42
14.05. senede Wembley stadionda gabatlaşarys.
Chelsea
20 апр 2022, 14:43
Shu sezon Klop dayy aytmyslayyn (Klopp: «Çelsi bir bolmasyn...») in agyr garsydas Çelsi.
Chelsea
20 апр 2022, 14:45
Yuwentusdyr, Bawariyany yenen Villareal hem garasyar.
Hiayress
20 апр 2022, 15:09
Söýgiň höwri köp bolsun.))
Truthylover
20 апр 2022, 16:01
Menem name gybatjyklar bar diyip gelaydim welin futboldaky topar ekeni hihi
Telwas
Автор 20 апр 2022, 16:14
Hiayress,
:) Aýdanyň bolsun. Saňa-da Hudaý ýetirsin.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 16:15
“Özüniňkini öweniň tanapy çüýrik”
Telwas
Автор 20 апр 2022, 16:17
Men Barcelonany hem söýýän.
Hiayress görýän welin, söýgümiň höwri kän bolaýjak ýaly. :))
Telwas
Автор 20 апр 2022, 16:18
Bumblebee,
Bizde gybat kändir. Saňa nähili gybatjyk gerek?
Truthylover
20 апр 2022, 16:23
Nirvana,
Islendik temada saylabermelimi? swist
Telwas
Автор 20 апр 2022, 16:24
Hawa.
Nazar
20 апр 2022, 17:23
Nirvana,
Bah beydersiñ oytmandim.
Menem Barselonany soyyadim
Mümkin
20 апр 2022, 17:50
Dogrumy aýtmak gerek bolsa edil şu tilsimiñ edebiýatda ýuwaşjadan lejini çykardylar...
Maksat
20 апр 2022, 18:25
:))) bahaber
Bentner
20 апр 2022, 18:46
You will never walk alone?
Nirvana esli cto biz fanatdaşdyrys✊
Chelsea
20 апр 2022, 19:25
London Is The Blue
Chelsea
20 апр 2022, 19:30
The Pride Of London
Telwas
Автор 20 апр 2022, 21:18
Mümkin,
Dogryňy aýt şeýtde. :)
Mendirin-dä iç gysan wagty şular ýaly dereksiz temalar açaýma endigim bardyr.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 21:23
FanB,

Öýtmedik zatlarymyz bolýar-da köplenç. Geçirersiňdä)
Telwas
Автор 20 апр 2022, 21:25
Bendtner,
Bolýar fanatdaş.)
3 sagatlyk uky bilen uzak gün aýakda gezmek kyn..(
Mümkin
20 апр 2022, 21:25
Nirvana,
Gaty göreñok gerem? :)
Galyberse-de, siziñ deñsiz-taýsyz döredijiligiñiziñ ýekeje ülşi bolan,ýiti zehiniñizden syzylyp çykyp,ötgür klawitaruiýañyzyñ üsti bilen internet sahypasyna nagyşlanan üç bentlik şygryñyzyñ gola salynandygyny we "Joram Eneşe"diýen mowzugyñ teswirler bölümine ýerleşdirilendigini uly höwes we hormat bilen habar berýäris,Nirvana hanym! :)
Telwas
Автор 20 апр 2022, 21:30
Mümkin,
Ýok-la gaty görer ýaly zat diýmediň. Giň-ä men.
Şol goşgyň şu saýtda ýokdugyna begenip ýördüm men. Goýmaly däl ekeniň-dä. Döredijiligimdenä utanamok welin, kämil zat paýlaşan bolsam buýsanmagyma sebäp bolardy. :)
Mümkin
20 апр 2022, 21:39
Nirvana,
Men ýitip gitmegini islemeýänsiñ öýdüpdim soradyñ welin.
Abadok
21 апр 2022, 08:24
Soygi janynyzy alsyn :D, Dususyga gideninde abadok dakyp git