&&&

“Dost” diýlen söz öňýetene diýilmän,
Diňe çyn dostlara diýilen güni.
Her bir görýän zatlaryna uýulman,
Dine, türkmenlige uýulan güni.
Ähli ýagşy zatlar öňe sürülip,
Ýaramaz zatlardan irilen güni.
Her bir kelläň sygýan ýerne girilmän
Metjit, kitaphana girilen güni.
Bu dünýäden gidensoň däl, bar wagty
Saklananda ene-ataň sarpasy.
Döwre görä dar ýa açyk geýinen
Özüne çekmese gyzlaň “arkasy”
Ýigitler tüýs ýigit çykyp, gyzlaryň
Namysyny baýdak edinen güni.
Gelinler oňuşyp gaýyny bilen
Onuň adyn aýdym edinen güni.
Kirpik, dyrnak hem boteks-gyzlaryň
Durmuşyndan sumat bolsa soňunda.
Münende diňeje hakyny alyp
Taksistlaram akyl satman oňanda.
Parh goýup adamlar türkmen diline-
“Ejjeň” sözün goşman geplenen güni,
Kaddy-kamat diýip agyz beklemän
Haýyr-sogap üçin beklenen güni
Iň soňy-bolsa-da nämeler-näler,
Ynsanyň “Alla” diýp eplenen güni
Düzeler älem…

Baky AMANÝAZOW.
7 лайков 415 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
20 апр 2022, 22:56
Znaçit düzeljek däl eken ?
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:11
Гость,
Salam. Gowumy?
Sen näme ýüzüňi gyşardyp aýlanyp ýörsüň?
Hiayress
20 апр 2022, 23:11
"Kirpik, dyrnak hem boteks-gyzlaryň
Durmuşyndan sumat bolsa soňunda."

Şahyryň gökdäki arzuwy ýerde gowuşdy.))
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:11
Biz düzelmesek dünýä düzelesi ýok-la.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:12
Hiayress,
Düşnükli :)
Hiayress
20 апр 2022, 23:16
Öwüt-ündewli goşgulary Magtymguly, Kemine, iň bolman Kerim aga dagy ýazsa gelişýär.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:18
Hiayress,
Bu oglanam şeýle temalarda goşgylar ýazýar. Gelişýärem.
Nazar
20 апр 2022, 23:21
Yatañommy yone eliñi cermap kim bilen ursup bolarka diyp yorsin oytyan :)
Hiayress
20 апр 2022, 23:23
Nirvana,
Aý, ýok-laý.

"Her bir görýän zatlaryna uýulman,
Dine, türkmenlige uýulan güni."

Türkmenlige uýmak näme diýmek?! Türkmençilikmi?! Türkmençilik näme we uýmak näme?! "Türkmeni dürtmeseň duýmaz" diýen ýaly türkmençilige uýmalymyka?! (Saçma-sapan)
Гость
20 апр 2022, 23:23
Nirvana,
Gowy,özüň gowmy jora?
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:26
FanB,
Senem meni yzarlap ýörsüňmi? :)
Sögüşmäge adam tapsana, dilim gijäp dur.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:28
Hiayress,

Türkmen bolsaň türkmenligiňden çykma diýjek bolýandyr. Her kim öz medeniýeti bilen bolsa gowy dälmi?
Nazar
20 апр 2022, 23:28
Nirvana,
Men bn sogusay :)
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:29
Гость,

Oňat menem.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:29
FanB,
Başla başyny.
Hiayress
20 апр 2022, 23:30
Nirvana,
Gowy däl. Medenýet ösmeli. Türkmen medeniýetem ýerden ýeke çykan däldir. Ondan-mundan gyrp-çyrp edip tasa gelendir. Asyl türkmen medenýeti diýip bir zat barmyka?! Parsdan, Orsdan, Arapdan galan galyndylaryň garyşygy bolaýmasa.
Nazar
20 апр 2022, 23:31
Nirvana,
Ay yoklay men sogusip onaramoga
Men diñe dostana gatnasyklary halayan :)
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:32
Hiayress,
Ösmeli ösmeli. Şahyr bilen seni habarlaşdyraýynla men gowsy. Şol nämäni gözöňünde tutyp ýazan bolsa aýdar.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:33
Rigel,
Salam Rigel. Kän men. Gerek diýýän bolsa guk diý.
Hiayress
20 апр 2022, 23:34
Nirvana,

Habary gerekdäl. Diňe öwüt-ündew berýän goşgy ýazmasa bolýar. A tak Kerim Hally şahyryň öwütlerini, maslahatlarynam ýerine ýetirip çalyşamzok.))
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:34
FanB,
Ýöne ýere ýürekdeş däldiris biz. Düýşümdäki bişiren palawyňdan iýesim gelýär. Palaw iýmedigime-de 1 aý bolup barýar. Geçen aýyň 30-na doglan gün gutlap iýipdim.
Hiayress
20 апр 2022, 23:35
*Çalyşamzok - ýetişemzok. (Genjim begiňki ýaly soňky sözde kelle alyp gaçdy) :D
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:35
Hiayress,
Şuny Baka hökman ýetirerin. Diýeniňi edip ýazmaz onsaň. :)
Nazar
20 апр 2022, 23:36
Nirvana,
Gel bizin towereklere bisirip bereyin :)
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:36
Hiayress,
Hiç-le men düşündim esasy. :)
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:37
Rigel,
Bize tanyşmaga wagt bolmadymy meň fanadym?! :)
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:38
FanB,

Siziň töwerekler bolanda niresi? Açyk adresiňi ber 5 aýa galman barýan nesip bolsa.
Telwas
Автор 20 апр 2022, 23:39
Rigel,
Ady belli ak eşek bolsam tanalaryn-da. :))
Mümkin
20 апр 2022, 23:40
Rigel,
Meñ pikirimçe sen oglan.Gyz bolsañ Nirvana hanym diýmezdiñ.
Nazar
20 апр 2022, 23:40
Nirvana,
Asgabat Ahal territoryalara gelseñ habarlasay :)