Adamyñ iñ bagtly 3 güni

Üç gün bagtdan başy aýlanyp,
Adamyñ şatlykdan bogulan güni.
Begenjin paýlaşyp toýlar toýlanyp,
Il-gün, dost-ýaryn doýuran güni.

Ne düşünip bilýär , ne gepläp bilýär,
Çaga aglaýandyr, töwerek gülýär.
Nätanyş keşpler hem üýtgeşik dünýä,
Göz açyp eneden dogulan güni.

Ýaşlygynda dadyp söýgiñ lezzetin,
Görnüp dursa ýaryñ keşbi gözýetim,
Görmek üçin bile şatlyk-ezýetin,
Bir ykbala baglar düwülen güni.

Perzent gerek daýanmaga adama,
Ýaşy uzyn, eýe boljak adyna,
Gowuşanda sallançagyñ badyna,
" Kaka boldum" diýip öwünen güni.

"Şulary görsem" diýip ýaşar ömrüni,
Ine adamzadyñ bagtly 3 güni...

Şanazar Hydyrow
2 лайков 105 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.