Gora diýjekdäl...

Saña asla "meni gora" diýjekdäl,
Demiñe ornaryn goparsañ meni.
Ýitirseñ dag- düzden sora diýjekdäl,
Ýüregiñ töründen taparsyñ meni.

Razy,
Hemişelik ýanyña alyp,
Sensiz günlerimden aparsañ meni.
Şygyrly kitabyñ içine salayp,
Soñ-soñlaram gelip öpersiñ meni.

Güýzde solan güller ýaz açylarmyşyn,
Ýitirseñ aý-günden sora diýjekdäl.
Goralan gözlere çöp düşermişin,
Şoñ üçin men saña gora diýjekdäl.

Şanazar Hydyrow
4 лайков 203 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
14 июл 2022, 12:14
??Говы гошгы..........молодец..
Begencx...⚜️
14 июл 2022, 12:22
Molodes gowy düzüpsiň. brawo
Pegas
14 июл 2022, 14:51
Saña asla "meni gora" diýjekdäl

Adatça erkek zenany goraýar dälmi?!))

Demiñe ornaryn goparsañ meni

Gürrüň gül barada öýdýän. Adatça güle gyz deňelýär dälmi?!

Razy,
Hemişelik ýanyña alyp,
Sensiz günlerimden aparsañ meni

Gyz oglany däl-de, oglan gyzy ýanyna alýar dälmi adatça?!))

Umuman, pes goşgy.
Ömur
16 июл 2022, 18:52
Pegas atly agza - goşgy pes diýipsiñ. Birinjiden - Döredijilik adamsy döretmeli adam, onuñ her ýazan zady öz durmuşyndan ýa-da öz adyndan diýip pikir etmeli däl.Ikinjiden, Ol goşgy gyzyñ adyndan ýazylan. Üçünjiden - awtoryñ ideýasy ter ( täze ) we täsirli. Söýgi hakda hemmeler ýazyp biler "janym, söyyan we s.m " diýip. Täze ter pikir ýöredip bilýän gaty azdyr. ( Dördünjidenem - eger pes bolsa sen şu goşgudan has gowsuny döretmäge çalyş, goşga nähak teswir ýazmagyñ deregine)