“Gora meni şahyr bolmak bagtyndan...”

Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň,
Goşgulamda gözleň balkyldanokmy?!
Duýgym inçe dälmi billeriň ýaly,
Seň ýüpek saçlaryň gül ysy ýokmy?!

Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň,
Eşdeňokmy ýüregimiň ahyny?!
Goşgularym maňa meňzemeýärmi?
Goşgularym meniň özüm ahyry!

Sen meni däl, goşgularmy söýüpsiň,
Eý, didämden uçan dilber, gara ber!
Seň bilen durulan ýekeje pursat
Sensiz geçjek tutuş ömre barabar.

Pukara bosagaň guly bolaýyn,
Müň bizar men aýralygyň tagtyndan.
Men seni ýitirip şahyr bolaryn,
Gora meni şahyr bolmak bagtyndan.


Gurbandurdy ORAZOW
3 лайков 271 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
21 май 2022, 22:57
“Pukara bosagaň guly bolaýyn”

-Şu setirler maňa Oraz Ýagmyryň “Patyşa bolaýyn diýseň guluň taýýar” sözüni ýatlatdy.

Gowy goşgy.
Öwreniji
21 май 2022, 22:58
?❤??
Pegas
Автор 21 май 2022, 23:00
Remezan, ine, agam, şu şahyram köp okasaň peýda eder.
NEMOO
21 май 2022, 23:03
Oylenemok diyadinmi sen onda su yyl ugryna bolaymasa seninki
Pegas
Автор 21 май 2022, 23:03
Nemoo, düşünmedim?
Hiayress
21 май 2022, 23:05
Gowy goşgy eken diýsem, hiç kim ynanmaz. :))
Telwas
21 май 2022, 23:13
Şahyryň döredijiligine aýyp bolmasyn diýip gowy goşgy diýdim. Aslynda, birhili gowşak gördüm.
Şu tüýsli goşgular meni özüne çekenok-da soňky wagtlar.
Özümem goşga teşne bolup gitdim. Okanyňda täsirinden çykyp bolmajak, pikirlendirýän goşgular paýlaşaýyň-da.

Zähmetine, döredijiligine sarpa goýýan bu şahyryň. Diňe maňa ýaramaýandygy üçin gowy däldigini aňlatmaýar. Dogry düşünensiňiz diýip umyt edýän.
Pegas
Автор 21 май 2022, 23:16
Nirvana, ulalyp ugransyň.
Hiayress
21 май 2022, 23:26
Nirvana,
Olar ýaly goşgyny ilki ýazmala. :))
Öwreniji
21 май 2022, 23:28
Pegas
Remezan, ine, agam, şu şahyram köp okasaň peýda eder.

kitaphanada barmy
Pegas
Автор 21 май 2022, 23:31
Remezan, bolmaly.
Telwas
21 май 2022, 23:33
Pegas
Nirvana, ulalyp ugransyň.

Hawa, ýaş taýdan ulalýan. Aňym indi ösýän bolaýmasa.
Pegas
Автор 21 май 2022, 23:34
Nirvana, ýok, men tagam (вкус) halaýşyň barada aýtdym.
Telwas
21 май 2022, 23:37
Pegas,
Hawa öňler bular ýaly goşgular maňada ýaraýardy. A indi okan wagtym tagamyny alyp bilemok. Ýuwan gelýär maňa. Emosiýaňa görä täsir edýän bolmagam ahmal.

Delje sözler ulanyp, manyly goşgy ýazylsa-da. (Işdäňem ýok eken diýýänsiňiz) :)
Pegas
Автор 21 май 2022, 23:40
Nirvana, şahyr kän saýtda, ýazarlar-la.
Hiayress
21 май 2022, 23:44
Nirvana,
Jora ýekejede del söz tapmadymaý goşgydan. :)) Ýöne Kerim agaň aýdyşy ýaly: "Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken". Gurbandurdy agada şony tassyklaýan ajaýyp jümle tapypdyrda şoň etrabynda goşgy düzmäne synanyşypdyr.

"Men seni ýitirip şahyr bolaryn,
Gora meni şahyr bolmak bagtyndan."
Hiayress
21 май 2022, 23:45
"Seň bilen durulan ýekeje pursat
Sensiz geçjek tutuş ömre barabar."

Şu ýerem oňatja bolupdyr. Galanynam özüňiz düşüniň. :))
Telwas
21 май 2022, 23:49
Pegas
Nirvana, şahyr kän saýtda, ýazarlar-la.

Senden we Mümkinden tamam uly. Ynamymy ödäň. :))

Aksary agzaň döredijiligi bilen entek tanyşmadym. Emma gysgadan gowy ýazýar eken. Agşamky ýazan setirlerini haladym. Aýdym aýdyşyna göwnüm ýetdi. Başga kim barka goşgy ýazýan.

Men şahyrlyk derejesini hemme goşgy ýazýanlara mynasyp göremok. Şahyr diýlende Nobatguly aga, Şiraly aga, Kerim, Gurbannazar we şolaryň deň-duşlary gözöňüme gelýär. Häzirkiler entek doly kämilleşmedik meň pikirimçe.
Telwas
21 май 2022, 23:51
Hiayress
"Seň bilen durulan ýekeje pursat
Sensiz geçjek tutuş ömre barabar."

Şu ýerem oňatja bolupdyr. Galanynam özüňiz düşüniň. :))

Şeý diýipdirde,

“Müň bizar men aýralygyň tagtyndan.“
Beý diýip birhili edäýipdir.
Ahmet
21 май 2022, 23:51
Pegas,
Men ýene ýazmaga başlasam nädýär?
Telwas
21 май 2022, 23:54
Nirvana
Pegas
Nirvana, şahyr kän saýtda, ýazarlar-la.

Senden we Mümkinden tamam uly. Ynamymy ödäň. :))

Aksary agzaň döredijiligi bilen entek tanyşmadym. Emma gysgadan gowy ýazýar eken. Agşamky ýazan setirlerini haladym. Aýdym aýdyşyna göwnüm ýetdi. Başga kim barka goşgy ýazýan.

Men şahyrlyk derejesini hemme goşgy ýazýanlara mynasyp göremok. Şahyr diýlende Nobatguly aga, Şiraly aga, Kerim, Gurbannazar we şolaryň deň-duşlary gözöňüme gelýär. Häzirkiler entek doly kämilleşmedik meň pikirimçe.


Häzirkiler sözüne ýalňyş düşünmäň. Saýtdakylar diýjekdim. Pegas sen saýtda şahyr kän diýeniň üçin aýtdym. Saýtdakylaryň arasynda iň tapawutlanýanlary sen we Mümkin.
Remezan agam ökelediki ýokdur. Başga goşgy ýazýanlar sizede degişli.
Hiayress
21 май 2022, 23:58
"Men seni ýitirip şahyr bolaryn,
Gora meni şahyr bolmak bagtyndan."

Aslynda şu setirde-de yrsarara zat kän. Ýagny goşgy söýgi temasynda ýazylan, ýöne soňky setiri okaýanyňda degişme äheňi duýulýar.

"Gora meni şahyr bolmak bagtyndan"

Eger gahryman ezizini ýitirýänine gynanýan bolsady, "Şahyr bolmak BAGTYNDAN" diýip ýazmazdy. "Bagt" sözi bu ýerde "tagt" sözi bilen kapyýalaşdyrmak üçin ulanylan bolmaly. Ýagny çykgynsyz ýagdaý. :))
Öwreniji
22 май 2022, 00:51
Nirvana
Nirvana
Pegas
Nirvana, şahyr kän saýtda, ýazarlar-la.

Senden we Mümkinden tamam uly. Ynamymy ödäň. :))

Aksary agzaň döredijiligi bilen entek tanyşmadym. Emma gysgadan gowy ýazýar eken. Agşamky ýazan setirlerini haladym. Aýdym aýdyşyna göwnüm ýetdi. Başga kim barka goşgy ýazýan.

Men şahyrlyk derejesini hemme goşgy ýazýanlara mynasyp göremok. Şahyr diýlende Nobatguly aga, Şiraly aga, Kerim, Gurbannazar we şolaryň deň-duşlary gözöňüme gelýär. Häzirkiler entek doly kämilleşmedik meň pikirimçe.


Häzirkiler sözüne ýalňyş düşünmäň. Saýtdakylar diýjekdim. Pegas sen saýtda şahyr kän diýeniň üçin aýtdym. Saýtdakylaryň arasynda iň tapawutlanýanlary sen we Mümkin.
Remezan agam ökelediki ýokdur. Başga goşgy ýazýanlar sizede degişli.

Ýok öýkeläp bolmaz, men maňa gaýtam gowy halypalyk edýäňiz, sagboluň minnetdar, bu ikisine we beýleki şahyr agzalarada menden ýokary baha olardan öwrenmeli zat gaty kän, eger özleri garşy bolmasa