GÜÝZ Sonetler çemeni (G.Ezizow)

GÜÝZ
I
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýaň geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýäň: “Oňatlyk, hudaýa şükür!”

Ýöne güýzüň manysyna düşene
Diňe şu gün bile ýaşap ýörme ýok.
Çünki güýz ene deý doguryp, ýene
Indiki ýaz üçin işläp aranok.

Hana, gör, asmanda bulutlar göçýär,
Pikirem bulut deý geçýär her ýana.
Ýyldyrym gylyç deý çar ýana geçýär,
Ýyldyrym deý pikir goýsaň eýýama...

Ömri gyl üstünde ýapraklar öçýär,
Sary şemal ony tändirip geçýär.

II
Sary şemal ony tändirip geçýär,
Soňkuja ýapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniň yzynda galyp ýör höwri.

Bu ýerde uly bir pelsepe-de ýok,
Her ynsan özüçe ýasanýar bagty.
Ýaprak gaçýar. Gaçma diýip bolanok.
Ýöne, iň gowy zat: galýar daragty.

Güýz ene deý şol daragty emdirýär,
Sowukda, şemalda kyn bolsa-da, kyn.
Öz ýalaňaç tenin ýagşa ezdirýär,
Güýzlüginden ýaza öwrülmek üçin.

Sen bir gözüňi aç, töwerege bak -
Çaga dogran enä meňzeş bu toprak.

III
Çaga dogran enä meňzeş bu toprak,
Goýýar seň öňüňde baky sowaly.
“Meniňki bag döken tohumy tapmak,
Aýt, oglum, seniň tohumyň barmy?”

Sen onsoň pikire çümersiň çuňňur,
“Çagam barym” bilen bolmarsyň halas.
“Tohum” diýen sözüň manysy çuňdur
Hem belentdir pikir edişiňden has.

Ol sowalyň anygyna ýetmeli,
Ýagny, saçyň ýolup, der döküp, bada,
Ömrüň pikriňden soň dowam etmeli,
Şeýdip, ýaşamaly ýagty dünýäde.

Ine, şu sowala bolup baky ýar,
Topragyň üstünden ömürler geçýär.

IV
Topragyň üstünden ömürler geçýär,
Goýup soňky açyşlaryň tohumyn.
Şol tohumlar sende ýokmy ýa-da bar?
Ine, etgin şu sowalyň wehimin.

Seň aýdan pikiriň aňyrdan gelse,
Aşakdan gelşi deý tämiz çeşmäniň.
Derýadan geçjege bir köpri bolsa -
Serişdesi bolsa, münüp-düşmäniň.

Öten dostlaryňy örtenip ýatla,
Ýaşap ýörenleri söýmegiň üçin.
Köňlüňi pes tutup, güýz kimin ýaşa,
Ertäň aladasyn duýmagyň üçin.

Uçýar hyýal guşy ganatyn ýaýyp,
Bar sary töwerek şeýle ajaýyp!

V
Bar sary töwerek şeýle ajaýyp,
Seniňem ajaýyp bolasyň gelýär.
Bu ýagşy dünýäniň üstünde gaýyp,
Ölseň-de, bu dünýä gelesiň gelýär.

Emma ýagşy sözi beýan etme kyn,
Ýaksaň-da oň üçin günüň, ýyl, aýyň.
Erbet söz jezasyn çekmeklik mümkin,
Ýagşy söz jebrine neneň çydaýyn.

Ol edil topraga düşen tohum dek,
Ezýär ýüregimi. Jepasy kändir.
Eger bir gün goýsa urmasyn ýürek -
Aýdylmadyk ýagşy söze büdrändir.

Misli bir arassa, manyly göwün.
Bar sary töwerek ýalaňaç bu gün.

VI
Bar sary töwerek ýalaňaç bu gün,
Ol säherden, hatda bahardanam päk,
Ol misli tersine çöwürlen göwün.
Onuň asyl durky. Hile-aly ýok.

Güýze, güýze meňzäň, pikirlerim meň,
Güýzüň dürs sapagyn okaýan bu gün.
Neneň edip eredip bor ýürekleň
Demirgazyk buzly okeanlygyn?!

Sen, pikirim, özüňçe bol iň bolman,
Bu kyn asyr etjek işleriň kändir.
Özüňçe bol, iň bolmanda umman bol,
Çünki her bir ynsan giden ummandyr.

Ýörme gökde özüň perişde saýyp,
Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp.

VII
Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp
Ýörmekde many ýok. Ynsan söýülsin.
Barlygymda pikrim bolsun ajaýyp,
Gidemden soň gidenligim duýulsyn.

Goý, mydam mähirli sazlar çalaýyn,
Şo saz bilen mährem duýgy oýansyn.
Meň özüm raketaň sesi bolaýyn,
Pikrim raketa deý özümden ozsun.

Pikrim gylyç bolsun ýowuz günlerde,
Gorasyn bu ýagty günleň sarpasyn,
Orak bolsun ak asmanly günlerde,
Orsun meýdanlaryň bugdaý-arpasyn.

Bassyn elmydama şer işleň howun,
Şoňa telwas edýär bu däli göwün.

VIII
Şoňa telwas edýär bu däli göwün,
Şoňa - şer işleriň sumat bolarna.
Erteki ýeňişleň erte däl, şu gün,
Şu günki ýeňişleň şu wagt bolarna.

Pikirim kök urup ýürek teýine,
Öz çykarny, öz ýazyny küýseýär.
Ähli durkum dört-bäş aýlyk geline
Çalym edýän tämiz güýze meňzeýär.

Güýz diýilen zada gutarma ýokdur.
Güýz bolsa, toprakdan hasyl önmeli.
Meniň güýzüm, ýollarymyz uzakdyr,
Sen ruhumdan dömüp, ýaza dönmeli.

Öz ähli mazmunym açsadym menem,
Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen.

IX
Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen
Ähli mazmunymy açsadym eger...
Mähribanym, diýar, sen paýhas bilen
Ilki pata, ondan soňra pursat ber.

Ýogum üçin meni gynama, diýar,
Ähli güýç-kuwwaty senden alaryn.
Özüm ýerde, gökde parlaýar hyýal,
Men şindi ýok. Ýok, men indi bolaryn.

“Biziň kärimizde ýagşy niýetiň
Ýarym döwlet däldigini” bilsem-de,
Niýetsiz ýaşamak çetin, ah, çetin,
Ýagşy niýet edýän wagty il senden.

Gögüň sypyryşy deý bulut - ýaglygyn,
Sypyrsam pikrimiň ähli gabygyn.

X
Sypyrsam pikrimiň ähli gabygyn,
Il-günüň ýüzüne müýnsüz garasam.
Magtymgulyň çaýlar içen çäýnegin
Ýuwup-süpürmäge hukuk gazansam.

Il-günüňi söýmek uly iş, bilýän,
Ili söýsem söýşi kimin şol äriň.
Ýekeje setirim, bir sözüm bilen
Harlamaweräýin Pyragyň kärin.

Eý, pikirim, haçan dömjek, et aýan.
Ýogsa, senden bu ýürege takat ýok,
Seni wagtyndan öň aýtmak isleýän,
Seni wagtyndan öň aýdyp bilemok.

Gije ýolsuz ýerden ýörýän ýaly men,
Saklasam ruhumda gejek ýazy men.

XI
Saklasam ruhumda geljek ýazy men,
Indiki ýazlaryň dänelerini.
Bereketli, mährem zemin ýaly men,
Arzuw etsem dänäň känelerini.

Ine, biz aýlanyp ýörüs ýollarda,
Şatlanýarys. Gam çekmänem bolanok.
Ýöne ýaşar ýaly uzak ýyllarda
Hemmämizde şol ýaryljak däne ýok.

Owal-başda seni döredip zemin,
Ekläp, saklap, söýüp, ýola besläpdir.
Çaga höziriniň görülşi kimin,
Ol seň ýazyň bilen joşmak isläpdir.

Saklamasaň ýaşadygyň däl bu gün,
Şat baharyň ol hamyla gämigin.

XII
Şat baharyň ol hamyla gämigin
Götereliň ruhumyzda biz merdem.
Gögem ýapynypdyr başa ýaglygyn,
Gyşyň ysy gelýär uzak bir ýerden.

Emaý bilen çökýär zemine duman,
Asman wada berýär bir giden ýagşy.
Bilýän, öz ýazyma ýetjegim bilýän,
Ýöne haçan? Gijä galmasam ýagşy...

Seret, gökde kakyp ýeňil ganatyn,
Awara durnalar edýärler owaz.
Güýz - bu kämilligiň alamatydyr,
Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz.

Düşünmäge agyryňa döwür seň,
Güýz paýhasy bilen pikir öwürseň.

XIII
Güýz paýhasy bilen pikir öwürseň
Ýamany kül edip sowurmak üçin.
Ynamsyzlyk köprüsini çöwürseň,
Ynam köprüsine öwürmek üçin.

Görýän weli, entek iş kän dünýäde...
Alajyň nä, näräzylyk örtese.
Meň umydym, meniň iň bir zyýada
Kämilligim, şun geljekmi, erte, sen?!

Eger bir gün saňa ýetmän ölsem-de,
Çekmen tüm aşakda derdi-azary.
Otuz üç ýyl gijä galyp gelseň-de,
Gelseň bor ilimiň bory üçin razy.

Herhal dirilikde azarly ýörsem,
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam.

XIV
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam,
Gitsem türkmen ýaýlalarnyň içine.
Gurujylar bile binalar gursam,
Gül bolup örülsem gyzlaň saçyna.

Awara şemala meňzeş gyratyň,
Ýallaryn sypalap, sährama sürsem.
Ýoklugymda boljak ähli hormatyň,
Dirilikde ýeke birini görsem.

Işlesem, bilmesem öler-galarym,
Ajalam birsellem golaýma gelmez.
Ahyrsoňy, ahyrsoňy ölerin,
Ýöne giç. Ol meniň öldügim bolmaz.

Meni tohum kimin ýygnar bu toprak.
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.

MAGISTRAL
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak,
Sary şemal ony tänderip geçýär.
Çaga dogran enä meňzeş bu toprak,
Topragyň üstünden ömürler geçýär.

Bar sary töwerek şeýle ajaýyp,
Bar sary töwerek ýalaňaç bu gün.
Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp,
Şoňa telwas edýär bu däli göwün.

Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen
Sypyrsam pikiriň ähli gabygyn.
Saklasam ruhumda geljek ýazy men -
Şat baharyň ol hamyla gämigin.

Güýz paýhasy bilen pikir öwürsem,
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam.
4 лайков 117 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
21 май 2022, 23:52
Men şu goşgyny tapman ýördüm