* * *

Ýene-de Gün ýaşdy,
Aýak ýygnandy,
Asman bolsa ýaňy seçdi jüýjäni.
Biz bolsa ýatmaly, kanun boýunça,
Taşlap şaý dakynyp gelen gijäni.

Dözeňok.
Gözlerňi ýummajak bolýaň,
Aý bolsa giräýjek bolýar gujagňa.
Byzawlar gijäni senden gabanyp,
Huwwalaýar bendi edip gyjagna.

Gijäň ýüpek elli mymyjak ýeli
Gapdalyňda ýatyr,
Demin duýarsyň.
Ýyldyzlar ýar bolup jyklaşyp durka,
Sen oňa neneňsi " ýatjak " diýersiň?!

Ýyldyzlar gözlemden okap bilýärler
Ähli pynhan syrym,
Ähli pikirim.
Tur, uklama, Aýly gije, hyjuwym,
Çyk gursakdan,
Nirä bolduň ýitirim?!

Bu Aýly gijemi?
Ýa gözel ýarmy?
Erikleň gülünden lybas geýipdir.
Öz söýgiňe laýyk söýgüsi bolan
Bu gijäni ýatyp geçmek haýypdyr.

Nury Baýramow.
1 лайков 110 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
22 май 2022, 12:42
Ýene şeýle goşgy bar bolsa goýuň, öwrenjiler üçin gowy eken