Kitaply gudaçylyk

Mekdebi tamamlap, okuw diýip hiç ýere gitmedigem bolsa, Bibigözel ejäniň okumyşlygy hiç bir adamdan kemlär ýaly däldi. Eli sypyndygy kitaba ýapyşardy. Munuň üçin adamsyndan igenç eşiden saparlaram bolupdy. Şonda-da kitapdan el çekmek hakda pikirem etmändi. Hatda ol gündelik gazet - žurnallara seretmägede wagt tapýardy. Kitap okamagy ogly Serdaryňam kiçilikden aňyna guýupdy. Şo-da Serdara ýokary mekdebe mugallymçylyk ugrundan okuwa girende-de, tutuş okuw ýyllarynda-da ýardam bolupdy.

Bibigözel eje oglunyň ýokary bilimli, sowatly ýigit bolup gelenine iki bolup bilmedi. Indi onuň uly arzuwy ogluny öýerip, gelinli bolmakdy. Şonuň üçinem Serdar obadaky mekdepde mugallym bolup işläp başlan günleriniň birinde Bibigözel eje çaý başynda oglunyň taryna kakyp gördi.

— Oglum, okuwyňy tamamlap, Iş -ä başladyň. Indi toý etmerismi?

Okuwyň soňky ýylynda ejesi toý hakda dil ýaranda, Serdar okuwyny bahanalap sypypdy. Indi welin, aýdara bahana ýokdy.

— Aý, toý etsek edibermeli.

— Ine, munyň bolýar balam. Bize barmaly ýeri salgy berjekmi ýa-da özümiz bir ýeri tapmalymy?

Serdar bir salym dymyp oturansoň :

— Bir barmaly ýer-ä bar welin... — diýip, çala mydyrdap, sag elini ýeňsesine ýetirip, saçyny sypaşdyrdy.

— Weliniň näme? Nirede ol barmaly ýerimiz, oba içimi, ýa başga ýere gitmelimi?

— Oba iç-ä däl, ýöne gaty daşa-da gitmeli däl, goňşy obada.

— Kim olar, biz tanaýasmy?

— Hawa, tanaýaňyz, Kerim agalar. Bibigözel eje bir salym böwrüni diňläp oturdy. Soňam oglunyň ýüzüne dikanlap garap, ysgynsyzja sorady.

— Ol obanyň orta gürpündäki ullakan, kaşaň jaýly Kerim agamy?

— Hawa, ool.

— Ol bize gyzyny berermi-kä?

— O näme üçin bermez?

— Ol bir gurply adam. Biz onuň deňi däl.

Özem onuň gyzy üç oguldan soň doglan gyz bolmaly.

— Gyzy razy bolsa berer-le.

— Ol gyzyň ejesem biz obaly bolmaly. Onda-da berer-ä öýdemok. «Baryp bir gör» diýseň baraýmasam.

Bibigözel eje sähetli gün Serdara kakasynyň maşynyny sürdürip, ýola düşdi. Serdar ejesini Kerim aganyň howlusynyň golaýyna düşürip, sähel aňyrrakdaky oba dükanynyň öňünde saklandy.

Bibigözel eje salam berip derwezeden girende, howluda agtyjagyny oýnadyp ýören Merýem eje salamyny aldy.

— Merýem, sag-gurgun otyrmysyňyz!

— Hudaýa şükür, saglykdyr. Özüňiz nähili, sag-salamatlykmy? Siz nire, bu ýerler nire?

— Şükür, saglyk. şu oba ýolum düşdi-de, gel, obadaşymdanam habar alyp gidäýin diýdim.

— Oňaraýypsyň. Bizem käwagt oba baryp diňe özümiziňkiler bilen salam-helik edýäs-de, derrew yzymyza gaýtmak bilen bolýarys. Deň-duşlaryň öýüne sowlaýmaga wagt tapmadyk bolup ýörüs.

— Biz indi ýaş -ýeleň däl. Çagalarymyz ýetişdi. Sen-ä ine, agtykly ene bolduň. Onsoň bir ýere çyksaň, öýüňe dolanasyň gelip dur.

— Hawa, dogry aýdýaň, Bibigözel.

Merýem eje sag elini jaýyň gapysyna tarap uzadyp:

— Bibigözel, aýak üstünde beýdip durmaly-la, hany, öýe girsene, gürrüňi çaý başynda ederis.

Olar öýe girip ornaşandan, Merýem ejäniň gelni eglip salam berdi-de, olaryň öňüne saçak ýazyp gitdi. Kän wagt geçmänem eli çäýnek-käseli geldi. Oňa çenli eýýäm Bibigözel ejäniň gözleri tutuş diwary tutup duran kitap tekjesinde eglenipdi.

— Merýem, henizem şool kitap okap ýörşüňmi?

— Hawa-la, meniň üçin kitapsyz durmuş ýok ýaly. Täze bir kitap çyksa hökman almaly, wagt tapyp okaýmaly.

— Sen gyzkaňam kitap okamaga wagt tapýardyň.

— Senem okaýadyň-la. Meniň okan kitabymy senem okaýardyň. Indi çaga, öý- içeriniň işi basyp, okamaňy goýaýdyňmy?

— Ýok, menem henizem okaýan. Meniňem kitap tekjäm seňkiçeräk bar. Ýöne meniň käbir kitabymy ol-bul äkidip yzyna getirenok. Soň menem kimiň äkidenini unudýan. Oňa-da gynanýan. Gynananyňda näme, kimiň äkideni ýadyňa düşmese, kimden sorajak.

— Men-ä oňarsam hiç kime kitap beremok, eger beräýsemem, hana, ýörite depder tutdum. Kim kitap alsa, öz eli bilen kitaby alan wagtyny, yzyna getirjek wagtyny, ady-familiýasyny ýazdyryp, onsoň berýärin. Yzyna getireninde-de özüm «kabul etdim» diýip bellik edýärin.

— Ony-ha oňaraýypsyň. Menem şeýdäýmelimi?!

— Henizem giç däl. Barşyňa bir uly depderi tekjäniň öňünde goý.

— Hawa, şeýdäýerin. Ana, ho-ol Nargylyç Hojageldiýewiň «Bagyşla ýarymyny», Berdinazar Hudaýnazarowyň «Gumlularyny», Beki Seýtäkowyň «Tylla seniň yşkyňdasyny», Çary Aşyrowyň «Garry serdaryny» kimiň alanyny bilemok.

— Wah-eý, gowy kitaplaryň-a gideren ekeniň-ow.

— Hawa-la. Şu wagt «Garry serdary» gaýtadan okasym gelýär. Ýöne öýde bolmansoň içim ýanyp otyryn.

— Men beräýerin, wagtynda getirip bererin diýseň.

— Wah, getirerin. Iliň edişi ýaly, depderiňe ýazgam ederin.

Soňam olar özleriniň okan kitaplary barada kän gürrüň edip oturdylar. Iki sagada golaý Serdaryň gözüni ýolda goýan ejesi ahyry goltugy kitaply köçede göründi. Ol maşyna münenden Serdar:

— Eje, gurtmy, tilki?! – diýip sorady.

— O nämäniň gurdy, nämäniň tilkisi?

— Näme razy bolmadylarmy?

— Nämä razy bolmaly olar?

— Eje, nätdiňaý muny, sen gudaçylyga barmadyňmy näme?!

— Wiý, huşum gursun. Merýemem okumyş bolansoň, onuň bilen diňe kitaplaryň gürrüňini edip gaýdyberipdirin. Indi yzyma barsam gelşiksiz bolar.

Basym oň kitaby eltip bermeli, şonda gudaçylyk gürrüňini edäýeris.

— Indiki gezeklerde-de kitabyň gürrüňini edip, gudaçylygy ýatdan çykaryp gaýdyp dursaň men müjerret galaýmaýyn, eje.

— Aý, oýnuň bar bolsun, oglum. Belki, bu kitaplar gudaçylyga gowy başlangyç bolar.

Bibigözel eje Merýem ejäniň depderinde bellän gününde kitaby gowşurmaga gaýtdy. Serdar ýene-de dükanyň ýanynda eslije garaşmaly boldy.

«Olar näme diýerlerkä? Ejem köp eglendi öz-ä. Belki, sözleri alandyr» diýen ýaly her hili pikirler bilen öz ýüregini özi elendire-elendire, boýnuny süýndürip, ençe gezek serede-serede ejesini howludan çykardy. Onuň ejesiniňnäme habar bilen gelýänini bilesi gelip, maşynda oturyp karary ýetenokdy. Onda- da magşugynyň öýlerini görnüp duran ýerinde ulagdan düşüp durmakdan özüne zor salyp saklanýardy. Göwnüne bolmasa, ejesi öňküsinden haýal ýöreýän ýaly göründi. Bibigözel eje ahyry ulagyň yzky gapysyny açyp, elindäki Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly kitabyny oturgyçda goýup, soň özi girdi. Ol heniz gapynam ýapmanka Serdar:

— Eje, näme habar? – diýip sorady.

— Wah, balam, bu gün sähet däl eken-ä.

— Näme-e?

— Biziň üçin sähet däl ekeni, bu gün.

— Ony öň bilmediňmi?

— O hakda olaryň gapysyndan giremsoň kelläme geldi. Onsoň gürrüň arasynda kellämde hasap etdim.

— Be-e, nähili bolýar-aý bi?!

— Indikide oglum, Merýemiň depderine bellän wagtymdan öňräk, sähetli gün gaýdaýarys.

Ahyry ol günem geldi. Ýene-de Serdar kakasynyň maşynynda ejesi bilen goňşy oba tarap ýola düşdi. Ýolda barýarka-da ejesinden käbir zatlary anyklaşdyrdy.

— Eje, şu gün sähetli gündigi anyk dälmi?

— Anyk, oglum. Öz hasabyma ynanman, Gülsoltan ejedenem anykladym.

— Bu günem kitaba güýmenip, esasy meseläni unudaýmarsyň- a?

— Unutmaryn, balam. Barşyma gürrüňi göni şondan başlaryn.

— Şeýle bolsun-da. Ýogsam biziň bu kitaply gatnap ýörşümize olar başga biriniň sözüni alyp, men onsuz galaýjak ýaly bolup durun.

— Galmarsyň oglum, nesibäňde bolsa.

Serdar ejesini düşürmeli ýerinde düşürip, özi dükanyň öňündäki tuduň kölegesinde saklandy. Birsalym oturansoňam içini gepledip başlady:

— Aý, bu iki kitaphon aýal ýene-de kitabyň gürrüňine tutdurandyrlaý. Gudaçylyk gürrüňine ýene-de wagt bolasy ýok-laý. Görersiň ine, birki sagatdan soň, ejem ýene goltugy kitaply geler-diýip, Kerim agalara tarap gözüni aýlandan gözi goltugy kitaply gelýän ejesine düşdi.

— Ana, pikir edişim ýaly-da, ýene kitabyň gürrüňini edip gaýdan daýza diýerler muňa. «Aý, näme bolsa şol bolsun» diýip, indiki gezek kakamy alyp gaýdaýyn-laý. Gudaçylygyň başyny bir başlap bersin. Soňunam görüberdik-dä.

Onýança Bibigözel eje maşynyň yzky oturgyjyna özüni atdy. Onuň ýüzi gülüp durdy.

— Eje, ýene-de gyzykly kitabyň gürrüňi boldumy? — diýip, Serdar göwünli-göwünsiz sorady.

— Hawa, gyzykly kitabyňam gürrüňi boldy.

— Pikirem edipdim-laý.

— Hawa, kitabyňam gürrüňi boldy, oglum, gudaçylygyňam.

«Gudaçylyk» sözi gulagyna ilenden Serdar ýalpa ejesine seretdi.

— Guda bolnandyr, oglum. Ejeň gurt bolup gelendir bu gün. Olar men birinji gelen günüm gudaçylyk gürrüňine garaşypdyrlar. Gyzy duýduran ekeni. Ýöne meniň özüm hiç zat diýmämsoň, o-da dil ýarmandyr.

— Onda kitabyň gürrüňi diýýäniň näme?

— Ine, şu kitabyň gürrüňi. Merýem arada şähere gidende, kitap dükanyndan Kerim Gurbannepesowyň «Ýedi ýaprak» kitabyny alypdyr. Özem ikisini. Birini maňa niýetläp alypdyr. Hut şu kitabam mende ýokdy-da.

— Aý, o kitap hiç-laý. Indi geliberiň diýdilermi özi?!

— Hawa-la, indiki geleniňizde toýuň sähedinem belläris diýdiler — diýensoň, Serdaryň ýüzi açyldy. Içindenem «Be-e, biziň bu gudaçylygymyz iliňkiden üýtgeşik, kitaply gudaçylyk boldylaý» diýip, öz-özi ýylgyryp goýberdi.
6 лайков 186 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
????_????
23 апр 2022, 18:04
Gyzykly hekaya eken. kimin hekayasy?
My life
23 апр 2022, 18:25
Arada bir agza-ha paylashypdy shu hekayany, gyzykly gowy hekaya.
Okuwçy_gyz
23 апр 2022, 19:46
Gyzykly hekaya eken)