Serdara kuwwat diläliň

SERDARA KUWWAT DILÄLIŇ

Eý ýaranlar, halaýyklar,
Serdara kuwwat diläliň.
Ýok öwgä başga laýyklar,
Serdara kuwwat diläliň.

Iliň gözün-başyn aýlan,
Lepbeýlerden nöker saýlan,
Çepe-saga bedew paýlan,
Serdara kuwwat diläliň.

Sözde bal güne batyran,
Iş ýüzünde bagt ýatyran,
Çöl içine köl getiren,
Serdara kuwwat diläliň.

Barmajygna göwher dakan,
Çep ili bilen metjid ýykan,
Sag eli bilen Gurhan ýakan,
Serdara kuwwat diläliň.

Güller düşelen ýoluna,
Iller düşünen alyna,
Gynanyp agyr halyna,
Serdara kuwwat diläliň.

Il almasyn, Serdar alsyn,
Il aglasyn, Serdar gülsün,
Millet näm bolsa, şol bolsun,
Serdara kuwwat diläliň.

Gaçara ýol tapmaz ýaly,
Adalatdan sypmaz ýaly,
Agaç aty çapmaz ýaly,
Serdara kuwwat diläliň.

Özi üçin tor gurara,
Maňlaýyna ýumruk urara,
Sud öňünde dik durara,
Serdara kuwwat diläliň.

Şiraly NURMYRADOW
6 лайков 341 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
07 авг 2022, 10:40
Thanks)
Jeni
07 авг 2022, 12:32
Shu shahyr hazir bolan bolsa nameler ýazardyka obaly