Aýry menzil

Ötmejek günlerem ötdi birmahal
Aýralygyň yzasyny aýyrman
Teňňe atylýan-a däldi söýgümiz,
Ony döwmekdenem näme haýyr bar?!

Kül etdiň, iç doly arzuwlar bilen,
Sebäbin sorasam-aradaşlykdy...
Ýüregmiň hökümdary sendiň welin,
Seniň ýüregiňde özge başlykdy...

Seniň arzuwlarňy bilmedim aňlap,
Meniň arzuwymda bile ömürdiň
Hasyldan ýeten paý - maňa harpykdy,
Barja dänelerni ýele sowurdyň

Geljegmiz öňünden açyş etdik biz,
Bilmen, ykbal kemsinermi kemsinmez?!
Bir ýola çykmaga gorkduk ikimiz,
Duralgada durus, aýry menziller...


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
5 лайков 147 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mahri
07 авг 2022, 12:34
Menden like++++
Gaty gowy gosgy eken

Kül etdiň, iç doly arzuwlar bilen,
Sebäbin sorasam-aradaşlykdy...
Ýüregmiň hökümdary sendiň welin,
Seniň ýüregiňde özge başlykdy...

Su bendi has hem gowy...oziminkini yatladyar hosh

Bir ýola çykmaga gorkduk ikimiz,
Duralgada durus, aýry menziller...

bu setirlerem has tasirli
Perizat
07 авг 2022, 12:39
Like goshgy
Pegas
07 авг 2022, 13:03
Seň galam ýöredişiňi gowy görýän, Ylham. Ýöne käbir maslahatlarym bar welin, olaram bärde aýdyp bilemok. Üýtgeşik sebäplerden däl, ýaltanýanlygym üçin. Uzagyndan aýdaryn.
Venus
Автор 07 авг 2022, 13:54
Pegas,
Minnetdar agam. Haçan diýseňiz, nirde diýseňizem tapawudy ýok. Özüňiz haçan oňaýly görseňiz.
Ötegçi
07 авг 2022, 17:38
Menem soñky dowur okaýançy bolup barýan Gurbanalyfyñ goşgularny.

Kapilka diñe teññe atylýamyka?!. Aslynda şu kapilkañ terjimesi barmyka bizde?!