⁉️


Salam gowumy ýagdaýyňyz?! Şu soragy öň Talyplarda-da sorapdym welin, şu ýerdäki agzalaryňam pikirini bilesim gelýändigi üçin soraýyn diýdim. Sorag şeýle:
Bir gün irden öýüňizden işe diýip ylgap barşyňyzy göz öňüne getiriň. Iş ýeriňize takmynan 300 metr töweregi galanda sagadyňyzy barladyňyz we her gün 8: 40-da başlaýan işiňize öýden 8 minut giç çykanyňyzy pikir ediň. Eger işe gijä galsaňyz, aýlygyňyzdan kesiler, hemde geçen aý bolşy ýaly bu aý hem kwartiraňyzyň tölegini töläp bilmersiňiz we gödek öý eýesi tarapyndan öýden kowulmagyňyz ähtimal. Çalt ýöräp barýarkaňyz, birden çaganyň aglaýan sesini eşitdiňiz. Ilkibaşda illýuziýa diýip pikir etseňizem, sesiň birneme uzakda zibil gabyndan çykýandygyna düşündiňiz. Soň bolsa, şol tarapa baryp, gapagyň gapagyny açanyňyzda, agyr ýaralanan, gan ýitiren we gyssagly hassahana äkidilmeli çagany gördüňiz. Daş-töwereginde hiç kim ýok we ylgasaňyz 10 minutda ýetip boljak hassahana bar. Iki wariant bar. Ýa çagany ölmegi üçin taşlap işe gitmek üçin goýýarsyňyz, ýa-da çagany hassahana äkidip, öýüň tölegini gijikdirýärsiňiz, belki-de öý eýesi tarapyndan öýden kowularsyňyz.

Şeýle ssenariýada köp adam ikinji warianty saýlardy. Sebäbi köp adam üçin çagany ölmek üçin taşlap gitmek ahlak taýdan oňaýsyzlyk, öýsüz bolmakdan has erbetdir. Indi soragymyza geleliň. Üns beren zadyňyz ýaralanan çaga däl-de, ýaralanan garga bolsa, öýsüz bolsaňyzam, gargany şol aralykda mal lukmanyna äkiderdiňizmi?
5 лайков 419 просмотров
55комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
24 апр 2022, 12:40
Salam.
Bizde garga seredip bilýän mal lukmany bir barmyka?))
noname
24 апр 2022, 12:50
Caga bolsa aýlygyñ kesilmega dal, işden cykarýanam bolsalar cagany äkiderdim. Garga ucin beyle dal
DonMaxx
24 апр 2022, 12:53
gargany ishden son duhowka atardym cilimkesh
Saýrak guş
24 апр 2022, 12:54
Güjügim öňüräk üsgürip heläk boldy. Iňňe berendirler öýdüp gorkdum. Şoňa tapmadym seredýän doktar. Her zat gutulaýdy ýöne.

Elbetde çagany halas etmek üçin ylgaldym.
Chelsea
24 апр 2022, 13:21
Bu eýýäm illýuziýa bolýar. Sebäbi çagany biz işe howlukmaç barýarkak onuň sesi sebäpli zibil gabyndadygyny bildik. Emma eger garga ýaralanyp gapakly zibil gabyna düşen bolsa onuň sesi çykmazdy, çykan ýagdaýyndada biz ony eşidip biomezdik. Ýaralanan çaga sesi bipen ýaralanan garganyň sesi eýýäm aratapawudy uly.
Biohimik
24 апр 2022, 13:25
Chelsea,
Garga gytmy olse olupdirda
Chelsea
24 апр 2022, 13:25
Garga ýaralansa ses etmeýär. Diýmek bu ýerde garganyň jany dälde. Garşyňdaky adamyň içki pikirini hytyrlyk esasynda bilmek. Bu ILLÝUZIÝA.

«BEÝLE ILLÝUZIÝALARA JOGAP BERMEZLIK ÝAGŞY»
Hiayress
24 апр 2022, 13:26
Çaga üçinä gürrüňsiz çagany halas etmegiň ugruna çykardym. Sebäp halas edeniňe degýär. Garga garanda duýgulary bar, geljegi nämelim, belki geljekde halasgär biri bolup köp kişä peýdasy deger, halas edip hossarlaryny begendirip bilseň oňa ýetesi zat ýok, eden işiň üçin guwanarsyň we wyždan azabyny çekmersiň.
Garga bolsa olar ýaly däl şu gün halas edip bilseň ertir täzeden ýaralanma ähtimallygy uly, duýgusy ýok, ýagny ýaralanandygyny agyryjy duýujy damarlary bilen duýsada näme bolup geçýänini, seň halas etýäniňi ýene ş.m köp zatlary aňlamaýar, geljegi aýan, ýer şaryna üýtgeşik getirjek peýdasy ýok, şu gün halas eden gargaňy ertir tanamaýaň we olam seni tanamaýa şonuň üçin wyždan azabynam az çekersiň. Bular ýaly temada dinden ugur alyp haýwanlar adamlaryň şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýaradyldy, islesem halas ederin, islemesem öldürin, munuň üçin meniň ýitirýän zadym ýogam diýip bolýar. Ýöne men kän dinçil däl. Garaz garga bolsada halas edip boljagyny bilsem 10 minut sarp edenme degýär, birem işe onsuzam 10-15 minut giç barýan.))
Hiayress
24 апр 2022, 13:26
Pegas,
Doktor Aýbolit bara broo))
Chelsea
24 апр 2022, 13:26
biohimik.,
Sen eýýäm illýuziýa çolaşdyň :)
Hiayress
24 апр 2022, 13:32
Ýöne şu soragdaky gargada kömege mätäç bolsa mätäçdir welin, şol halasgäriň özem şol derejede kömege mätäç ýaly bolup görünýär. 10 minut işden galany üçin aýlygy kesilýän bolsa, şol 10 minut kesilen aýlygy üçinem kwartirasynyň pulyny töläp bilmeýän bolsa, onda ol adamyň özüni beýle işden we durmuşdan halas etmesi zerur. Birem "geçen aýdaky ýaly" diýipsiň welin geçen aý ol näme edipdir?! Hudaýa şükür geçen aý kwartirasyndana kowulmandyr.))
Telwas
Автор 24 апр 2022, 13:40
Gözi çykanlar Pegasdan galanyňyz Salam diýmänsiňiz. Bileňzokmy meň Salam sözüni obsessiýam bardygyny?! :)

Pegas,
Bardyr-la mal lukman. Bolsa-da alyp gidesiň ýok-la)

danger,
Sagja bol. Näme üçin garga üçin däl?


DonMaxx,
Gara garnyň aladasynda senem hemişe :) Saýrak_guş,
Emgek bolup geçsin. Saňa-da şol sorag. Näme üçin garga däl. Näme üçin çaga?

Chelsea,
Siz jogap bermeseňizem bolýar.


biohimik.,
Beý diýmedä.

Hiayress,
Her kim sen ýaly jogap berende sebäpleri bilen giňişleýin jogap berse gowy bolardy. Minnetdar! :)
Telwas
Автор 24 апр 2022, 13:43
Hiayress,
Geçen aýam kwartirasynyň tölegini tölemändir. Öý eýesi indiki aý bilen goşup tölemäge mümkinçilik beripdir. Bolmasa öýden çykarjagyny duýdurypdyr.
A....
24 апр 2022, 13:44
Salam.
Şol çaga bolsa-da, garga bolsa-da, it bolsa-da pişik bolsa-da näme bolsada ýaraly bolsa elbetde doktora ýa mal lukmanyna äkiderdim. Nämeden kowulsamam.Öýsüz galsamam.
noname
24 апр 2022, 13:45
Talyp_gyz,
Ay edil eliñe garga alyp lukman gözlasiñ yokla
Telwas
Автор 24 апр 2022, 13:46
Talyp_gyz,
Sagja bol jigimjan. :)
A....
24 апр 2022, 13:47
danger
Talyp_gyz,
Ay edil eliñe garga alyp lukman gözlasiñ yokla

Näme üçin gözlemeli dälmiş? Kömege mätäç bolsa elbetde gözlärsiň.
Telwas
Автор 24 апр 2022, 13:50
Ýaralanan çaga ýagdaýy bilen deňeşdirilende, adamlaryň köpüsi iş ýerlerine ylgaw ädimleri bilen ýöremegi dowam etdirerdiler. Gargany henizem mal lukmanyna äkiderin diýýänleriň biri bolsaňyz, bu siziň üçin:

Aýdaly, bir gün bir ýolda ýöräp barýarkaňyz, bir elinde ganatlaryndan tutulan iki garga, beýleki elinde bigünä adamy ýaragly tutan akyl taýdan durnuksyz adama duşarsyňyz. Akyl taýdan näsag adam size iki gargany ýa-da tutan adamyny öldürjekdigini aýdýar, eger siz karar bermeseňiz, adamy we gargalary siziň bilen bile öldürjekdigini habar berýär.

Sorag: Bir adamyň ýa-da iki garganyň ölmegini saýlarsyňyzmy?
Elbetde, hemmäňiz diýen ýaly adamy halas etmek üçin gargalary gurban bermek has ýerlikli bolar diýen düşünje bilen gargalaryň ölümini saýlarsyňyz. Emma bu hakykatda ahlak taýdan dogrymy?

Indi ahlak çarçuwasyndaky ilkinji çaklama baha bereliň. Gipotezanyň birinji ýagdaýynda ýaraly çaga, ikinji ýagdaýda ýaraly garga bar. Jemgyýetde, ýaralanan çagany birinji ýagdaýda goýmagyň ahlak taýdan negatiwliginiň derejesi, şübhesiz, ýaralanan gargany şol ýagdaýda goýmakdan has ulydyr. Şeýle-de bolsa, bu manysyz ahlak taýdan baha bermekdir. Sebäbini üç zat bilen düşündirip bolar.

1- Esasy ähmiýete eýe bolan aň, janly-jandarlaryň ikisinde-de bolýar.
2-Lezzet we görgi iki janly-jandarda bolýar.
3- Beýleki tarapdan, durmuşyň esasy hadysasy, aňlaryň arasynda görnüşleriň artykmaçlygy ýok.
Mundan başga-da, ýaralanan garga sagalsa we ýaşamagyny dowam etdirse, ýaralanan çaga ýaralanan çagadan dynyp, ýaşaýan durmuşyndan has lezzet alsa we ahlak taýdan baha berilmegi zerur bolsa, netijesi şeýledir gargany halas etmek üçin has ahlakly.

Indi ikinji çaklamany gözden geçireliň. Iki garga ýa-da ýaşamak üçin bir adam saýlarsyňyz öýdýän. Ine, iki garga saýlamaly. Sebäbi esasy zat lezzet almaga we ejir çekmäge itergi berýän aňdyr we gargada-da, adamda-da bar. Şol sebäpli aň taýdan san taýdan has ýokary bolan iki garganyň durmuşyny saýlamaly.

Medium.com
Hiayress
24 апр 2022, 13:51
Nirvana
Hiayress,
Geçen aýam kwartirasynyň tölegini tölemändir. Öý eýesi indiki aý bilen goşup tölemäge mümkinçilik beripdir. Bolmasa öýden çykarjagyny duýdurypdyr.


Geçen aý näme üçin tölemändir ýada geçen aý garga halas edipdirmi?!))
noname
24 апр 2022, 13:51
Öñem kwartira pul yetenok gargañ cykdajylaryny kim cekmeli 5-10 gun licenya almaly diyayse dalii
noname
24 апр 2022, 13:58
Ay goysanay şol ele salynan adam seniñ öziñ bolan bolsañ menem gargany saylasam dogry etdi diyesinmi?
Mümkin
24 апр 2022, 13:59
Salam.
Logikamy ulanardym:Bizde garga seredýän ýok.Baram bolsa men ýerini bilemok.Gözläp elewreýänçämem gargany halas edip boljakmy bolmajakmy,diýmek,netijesi nämälim ýagdaý üçin geljegimi pida etmeli däl.
Telwas
Автор 24 апр 2022, 14:00
Öňüräk 6 gatly binadan bir garga düşdi. Has dogrysy çaga garga. Emma göwresi ulurakdy. Men şol wagt 1-nji gatdadym. Batly gelen sese tarap ýöresem ilki bir demire (aslynda başga zat demirden, adyny bilemok) degip soňam ýere ýykylypdyr. Bardym ýanyna uçup bilenokdy, özem titreýär. Bir Azerbaýjan oglanam gelip eline aldy, sypalady. Näme bolanyny soradym, ýokardan gaçypdyr. Höwürtgesi bar eken. Sypap görsem bolýarmy diýip sypaladym, ilkinji gezek. Gorkýardym. Aslynda men haýwansöýer biri, emma öň gargany elläp görmändim. Garaz iki bolup ony ýöretmäge synanyşdyk, agzyna iýmit berdik, bolmady. Soň bir ýumşajyk ýer ýasap şol ýerde goýdy ol oglan. Men birine garaşýardym. Aradan 10 minut geçensoň şol garga jan berdi. Menem şaýatlyk etdim ölümine. Ýüregim gyýym-gyýym boldy. Özüň ýaly janlyň ölümine tomaşa etmek kyn.
Menem sözde gargany halas ederin diýerdim, emma iş başyňa düşse edilenok eken…
Telwas
Автор 24 апр 2022, 14:02
Bu ahlak taýdan pikirlenmek üçin getirilen meselem.
Hiayress
24 апр 2022, 14:04
"1. Esasy ähmiýete eýe bolan aň, janly-jandarlaryň ikisinde-de bolýar."

Ikinsinde bolsa-da käbirinde artyk bolýar.

"Lezzet we görgi iki janly-jandarda bolýar."

Ikisinde bolsa-da käbirinde artyk bolýar.

"Beýleki tarapdan, durmuşyň esasy hadysasy, aňlaryň arasynda görnüşleriň artykmaçlygy ýok."

Gidra ýada garynja bilen adamyň aňynyň arasyndaky tapawut göniden göni bildirip durandyrlaý.

"Mundan başga-da, ýaralanan garga sagalsa we ýaşamagyny dowam etdirse, ýaralanan çaga ýaralanan çagadan dynyp, ýaşaýan durmuşyndan has lezzet alsa we ahlak taýdan baha berilmegi zerur bolsa, netijesi şeýledir gargany halas etmek üçin has ahlakly."

Bu sözlemä asla düşünmedim. Ýöne hemme janly-jandarlar deňdir. Olarda-da biziňki ýaly jan bar, lezzet alma bar, aň bar diýen ýaly düşünjäni öňe sürýänleriň saçma-sapanlygyna meňzeýär.
Pegas
24 апр 2022, 14:04
Nirvana, beýem diýme. Menem haýwany az söýemok.
Chelsea
24 апр 2022, 14:04
Men illýuziýa düşmejek bolup jogaplamakdan saklandym. Beýle hadysa başyma düşse haýsy hem bolsa bir ýoly saýlamaly boljagym anyk zat
noname
24 апр 2022, 14:05
Gargadan basga guş yokmay in bolmanda kepderi diy serce diy nirde bir halanylmayan guş
Telwas
Автор 24 апр 2022, 14:07
Saçma-sapan, toplum ýaly sözleri okamakdan ýadadym.
Saçma-sapan- bolgusyz zatlar.
Toplum- jemgyýet.
Hiayress
24 апр 2022, 14:07
danger
Gargadan basga guş yokmay in bolmanda kepderi diy serce diy nirde bir halanylmayan guş


Näme üçin halananok?! Ol nä guş dälmi?!