???
Bir gün irden öýüňizden işe diýip ylgap barşyňyzy göz öňüne getiriň. Iş ýeriňize takmynan 300 metr töweregi galanda sagadyňyzy barladyňyz we her gün 8: 40-da başlaýan işiňize öýden 8 minut giç çykanyňyzy pikir ediň. Eger işe gijä galsaňyz, aýlygyňyzdan aýrylar, hemde geçen aý bolşy ýaly bu aý hem kwartiraňyzyň tölegini töläp bilmersiňiz we gödek öý eýesi tarapyndan öýden kowulmagyňyz ähtimal. Çalt ýöräp barýarkaňyz, birden çaganyň aglaýan sesini eşitdiňiz. Ilkibaşda illýuziýa diýip pikir etseňizem, sesiň birneme uzakda zibil gabyndan çykýandygyna düşündiňiz. Soň bolsa, şol tarapa baryp, zibil gabynyň gapagyny açanyňyzda, agyr ýaralanan, gan ýitiren we gyssagly hassahana äkidilmeli çagany gördüňiz. Daş-töwereginde hiç kim ýok we ylgasaňyz 10 minutda ýetip boljak hassahana bar. Iki wariant bar: Ýa çagany ölmesi üçin taşlap işe gitmek üçin goýýarsyňyz, ýa-da çagany hassahana äkidip, öýüň tölegini gijikdirýärsiňiz, belki öý eýesi tarapyndan öýden kowulýarsyňyz.
Şeýle ssenariýada köp adam ikinji warianty saýlardy. Sebäbi köp adam üçin çagany ölmek üçin taşlap gitmek ahlak taýdan oňaýsyzlyk, öýsüz bolmakdan has erbetdir. Indi soragymyza geleliň. Üns beren zadyňyz ýaralanan çaga däl-de, ýaralanan garga bolsa, öýsüz bolsaňyzam, gargany şol aralykda mal lukmanyna äkiderdiňizmi? Ýaralanan çaga ýagdaýy bilen deňeşdirilende, adamlaryň köpüsi iş ýerlerine ylgaw ädimleri bilen ýöremegi dowam etdirerdiler. Gargany henizem mal lukmanyna äkiderin diýýänleriň biri bolsaňyz, bu siziň üçin:
Aýdaly, bir gün bir ýolda ýöräp barýarkaňyz, bir elinde ganatlaryndan tutulan iki garga, beýleki elinde bigünä adamy ýaragly tutan akyl taýdan durnuksyz adama duşarsyňyz. Akyl taýdan näsag adam size iki gargany ýa-da ýesir alan adamsyny öldürjekdigini aýdýar, eger siz karar bermeseňiz, adamy we gargalary siziň bilen bile öldürjekdigini habar berýär.
Sorag: Bir adamyň ýa-da iki garganyň ölmegini saýlarsyňyzmy?
Elbetde, hemmäňiz diýen ýaly adamy halas etmek üçin gargalary gurban bermek has ýerlikli bolar diýen düşünje bilen gargalaryň ölümini saýlarsyňyz. Emma bu hakykatda ahlak taýdan dogrymy?
By Nirvana

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.