Kätip Çelebiniň ''Taryh senenamasy'' atly kitabyndan bölek
Bu tagtada älem döräninden hijrete çenli döwürde, ýagny alty müň iki ýüz on alty (6216) ýylda ýüze çykan wakalary beýan edýän birtopar sahypalar we birnäçe jedweller bardyr. Belleniljek wagtlarda (senelerde) köp gapma-garşylyklar bolsa-da, bar bolan maglumatlaryň hakykata iň ýakyn hasaplanýanlary getirilýär.
1. Älem döräninden tä Nuhuň tupanyna çenli aralykdaky döwürde bolup geçen wakalaryň jedweli
1ㅡnji ýyl
Bu ýylda älem taryhynyň başy we Adam alaýhyssalam ýere inderildi.
100ㅡnji ýyl
Bu ýylda Adam ata bilen Howa ene Arafa dagynda duşuşdy, bir rowaýata görä
Käbe guruldy. Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, Alla Adam ogullarynyň ruhundan Nugman jülgesinde äht (elmisak) aldy.
230ㅡnjy ýyl Bu ýylda Habyl öldürildi we Şis pygamber dünýä indi.
930ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Adam atamyz Nisan (Gurbansoltan - Aprel) aýynyň ýedisine Anna güni müň
ýaşyndaka wepat boldy.
1122ㅡnji ýyl
Bu ýylda Hanuh, ýagny Idris ibn Ýerd ibn Mehlal ibn Kynan ibn Anuş ibn Şis alaýhyssalam dünýä indi.
1142ㅡnji ýyl
Bu ýylda Şis alaýhyssalam Ab (Oguz) aýynda Ruh güni dokuz ýüz on iki
ýaşlarynda wepat boldy.
1340ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Anuş ibn Şis wepat boldy we Müsürdäki Herman galasy Müsür hökümdary Suridiň döwründe ylymlary tupandan goramak üçin (?), Idris
alaýhyssalamyň permany bilen guruldy.
1467ㅡnji ýyl
Rowaýat edişiline görä, bu ýylda Idris alaýhyssalam üç ýüz altmyş bäş ýaşyndaka asmana göterildi. Ýöne doglan senesini nazara alsaň, ol iki ýüz kyrk bäş ýaşynda
göterilipdir.
1642ㅡnji ýyl
Bu ýylda ibn Lemek ibn Müteweşlih ibn Hanuh alaýhyssalam dünýä indi.
2042ㅡ nji ýyl
Bu ýylda Sam ibn Nuh dünýä indi.
2242ㅡnji ýyl
Bu ýylda Nuhuň kowumy tupan zerarly heläk boldy we Müteweşlih dokuz ýüz altmyş bäş ýaşynda tupan wagty wepat boldy.
2. Nuhuň tupanyndan tä hezreti
Ybraýym pygamber dogulýança ýüze çykan wakalaryň jedweli
2442ㅡnji ýyl
Bu ýylda, ýagny Nuh alaýhyssalamyň döwründe senenama başlandy.
2444ㅡnji ýyl
Bu ýylda Pars patyşalarynyň ilkinji nesilşalygy bolan Pişdatlylar döwleti döredi,
Keýumers soltanlyk tagtyna geçdi we Arfahşa ibn Sam dünýä indi.
2592ㅡnji ýyl
Bu ýylda, ýagny Hüwşeňiň döwründe Nuh alaýhyssalam dokuz ýüz elli
ýaşlarynda wepat boldy.
2709ㅡnjy ýyl
Bu ýylda, ýagny Jemşidiň patyşalyk döwürleriniň başlarynda Arfahşat ibn Sam
dört ýüz altmyş bäş ýaşynda dünýäden gaýtdy.
2040ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Sam ibn Nuh alaýhyssalam alty ýüz ýaşyndaka ýogaldy.
2792ㅡnji ýyl
Bu ýylda Falyg ibn Abir ibn Şanyh ibn Kynan II dünýä indi we adamlaryň dilleri üýtgäp başlady.
2908ㅡnji ýyl
Ýagny Zahhagyň döwürleriniň başlarynda Şanyh ibn Kynan dört ýüz
altmyş ýaşynda wepat boldy.
2960ㅡnjy ýyl
Bu ýylda, ýagny Babul patyşalaryndan Nemrut ibn Kenganyň patyşalygynyň
başlarynda, Kahtan ibn Amyr ogullarynyň özara urşy boldy we söweş ýarag-
esbaplary ýyrtyjy haýwanlaryň beden agzalaryndan (süňklerinden) ýasaldy.
3313ㅡnji ýyl
Bu ýylda Müsür patyşalaryndan bolan Mysraýymyň patyşalygy başlandy.
3044ㅡnji ýyl
Ilkinji Ad kowumy Ahkaf diýen ýerde güýçli ýel we tupan zerarly heläk boldy, Sarug ibn Arguwany dünýä indi. Terezi, çanak ýaly ölçeg esbaplaryny we altyn-
kümüş zikgelerini kakmaklyk oýlap tapyldy.
3112ㅡnji ýyl
Bu ýylda Abyr ibn Şanyh, ýagny Hud alaýhyssalam dört ýüz altmyş dört ýaşyndaka wepat boldy.
3121ㅡnji ýyl
Bu ýylda Semut kowumy Mekgäniň töwereginde Jebraýyl perişdäniň gaty
sesinden heläk boldular we Falyg ibn Abyr üç ýüz otuz dokuz ýaşynda wepat boldy.
3227ㅡnji ýyl
Bu ýylda Abu Reýhanyň bellemegine görä, Esura patyşalygynyň döwleti başlandy we kenganlylar tarapyndan Dymşyk şäheri guruldy.
3253ㅡnji ýyl
Bu ýylda Salyh alaýhyssalam Hazralutda wepat boldy. Taryh ibn Nahur ibn Sarug ibn Arguwany, ýagny Azeri dünýä indi. Saba kowumy heläk boldy we elhenç sil geldi.
3323ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ybraýym alaýhyssalam Babylda dünýä indi. Mukardyk Kähi döwründe
Beýtil Mukaddes guruldy we Harran şäheri kenganylar tarapyndan bina edildi.
3. Ybraýym pygamberiň dünýä inmeginden tä Musa pygamberiň wepat bolmagyna çenli aralykda bolan wakalaryň jedweli
3363ㅡnji ýyl
Bu ýylda köpleriň aýtmagyna görä, Nemrut Babyl obalaryndan bir obada uly ot ýakdy.
3398ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ybraýym pygamber Babyldan Palestina hijret (göç) etdi. Demirçi Kasere Zahhaga garşy aýaga galdy we Peridunyň soltanlygy başlandy.
3401ㅡnji ýyl
Bu ýylda, ýagny Peridunyň döwründe Ysmaýyl alaýhyssalam dünýä indi.
3403ㅡnji ýyl
Bu ýylda ilkinji bolup Ybraýym alaýhyssalam sünnete ýatyryldy.
3422ㅡnji ýyl
Bu ýylda Lut kowumy heläk boldy.
3423ㅡnji ýyl
Bu ýylda Yshak alaýhyssalam dünýä indi. Mukaddes Käbe bina edildi we Palestin patyşalarynyň döwleti döredi.
3435ㅡnji ýyl
Bu ýylda Damak çalmak kyssasy we gurbanlyk kesmek baradaky höküm indi.
3460ㅡnjy ýyl
Rowaýat edilişine görä, bu ýylda Yshagyň ejesi Sara bir ýüz ýigrimi ýedi ýaşynda wepat bolupdyr we Isgender diwary guruldy.
3480ㅡnji ýyl
Bu ýylda diwary gurujy Zülkarneýn Hamýary we Hydyr alaýhyssalam Ybraýym
pygamber bilen Mukaddes Mekgede duşuşdylar.
3483ㅡnji ýyl
Bu ýylda Yshagyň ogly Ýakup alaýhyssalam dünýä indi.
3498ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ybraýym alaýhyssalam bir ýüz ýetmiş bäş ýaşynda wepat boldy we Müsür patyşalaryndan bolan Welit Kamar daglyklarynyň töwereginde ýerleşen Niliň gözbaşyna ýetdi.
3546ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Ysmaýyl alaýhyssalam bir ýüz otuz ýaşyndaka wepat boldy.
3574ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ýakubyň ogly Ýusup alaýhyssalam dünýä indi.
3603ㅡnji ýyl
Bu ýylda Yshak alaýhyssalam bir ýüz segsen ýaşyndaka wepat boldy.
3613ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ýusup alaýhyssalamyň soltanlyk döwri başlandy. Ol kakasy we doganlary bilen duşuşdy we birleşdi. Beni Ysraýyl, ýagny Ýakubyň öwlatlary Müsüre girdiler.
3630ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Ýakup alaýhyssalam bir ýüz kyrk ýaşyndaka wepat boldy.
3642ㅡnji ýyl
Bu ýylda Eýýup alaýhyssalam wepat boldy. Ol kesele duçar bolmazdan öň ýetmiş
ýyl we ondan soň bir ýüz kyrk ýyl ýaşady.
3678ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ymran ibn Kahys ibn Lawy ibn Yshagyň – Musa pygamberiň kakasy dünýä indi.
3684ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ýusup alaýhyssalam bir ýüz on ýaşynda wepat boldy.
3745ㅡnji ýyl
Bu ýylda Harun ibn Ymran dünýä indi. Pyrgaunyň haýbatynyň ilkinji döwri başlandy. Ysraýyl ogullary öldürildi.
3748ㅡnji ýyl
Bu ýylda Musa ibn Ymran alaýhyssalam Müsürde dünýä indi.
3812ㅡnji ýyl
Bu ýylda Eýke kowumy, ýagny Şugaýp alaýhyssalamyň kowumy Medýende
heläk boldy.
3814ㅡnji ýyl
Bu ýylda Musanyň kakasy Ymran wepat boldy we Musa alaýhyssalama pygamberlik berildi.
3822ㅡnji ýyl
Bu ýylda Musa bilen Hydyr alaýhyssalam iki deňziň goşulýan ýerinde duşuşdylar
we Karuny ýer ýuwutdy.
3828ㅡnji ýyl
Bu ýylda Pyrgaun Gulzum deňzinde gark boldy. Ysraýyl ogullary halas boldular. Olar Müsüriň çöl-beýewanynda iki ýüz on bäş ýyllap tussaglykda saklandylar.
3847ㅡnji ýyl
Bu ýylda Musa pygamber Alla bilen gürleşmek we Töwraty almak üçin, Tur dagyna çykdy. Bu waka Müsürdäki Duluke patyşalarynyň döwründe boldy.
3866ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Harun alaýhyssalam şol çöllükde bir ýüz ýigrimi ýaşynda wepat boldy.
3868ㅡnji ýyl
Bu ýylda Musa alaýhyssalam şol çöllükde tussaglykdaka Pars patyşasy Menuçehriň döwründe bir ýüz ýigrimi ýaşynda wepat boldy we Ysraýyl ogullary Musa pygamberiň wepat bolanyndan üç gün geçensoň, çöllük tussaglygyndan halas
boldular.
4. Musa alaýhyssalamyň wepat bolan wagtyndan tä Buhtunnasr aýaga
galýança bolup geçen wakalaryň jedweli
3896ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Ysraýyl ogullarynyň ilkinji häkimi Ýuşag alaýhyssalam ýüz on ýyl ýaşansoň wepat boldy.
4035ㅡnji ýyl
«Ruhut Tawaryh» («Tabaryýanyň ruhy») atly eserde getirilişine görä, bu ýylda Nikumudýa, ýagny Stambul we Aýa Sofiýa şäherleri guruldy we Halap, Malatyýa, Tarsus, Sur şäherleri bina edildi.
4280ㅡnji ýyl
Bu ýylda Eşmuýel pygamber dünýä indi, palestinler Ysraýyl ogullaryndan üstün çykdylar we tabyty olaryň elinden aldylar. Ysraýyl ogullary kyrk ýyllap ýeňlişde galypdyrlar.
4333ㅡnji ýyl
Bu ýylda Dawut alaýhyssalam dünýä indi. Türk Afrasyýap Eýran ülkesini basyp aldy. On iki ýyl geçensoň, Menuçehr öwladyndan Zal Afrasyýabyň elinde öldürildi.
4361ㅡnji ýyl
Bu ýylda Talutyň tagta geçmegi bilen Ysraýyl ogullarynyň patyşalygy başlandy. Olaryň häkimleriniň döwri soňlandy we tabyt yzyna alyndy.
4363ㅡnji ýyl
Bu ýylda Jalut Dawut pygamber tarapyndan Amalyka söweşinde öldürildi, Talut wepat boldy we «Ruhut Tawaryh» atly eserde aýdylyşyna görä, Magnysa şäheri guruldy.
4391ㅡnji ýyl
Bu ýylda Süleýman ibn Dawut alaýhyssalam dünýä indi.
4396ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Eşmuýel pygamber ýüz ýigrimi dört ýaşlarynda wepat boldy.
4403ㅡnji ýyl
Bu ýylda Dawut alaýhyssalam ýetmiş ýaşyndaka wepat boldy.
4407ㅡnji ýyl
Bu ýylda Aksa metjidi ýedi aýyň dowamynda guruldy.
4418ㅡnji ýyl
Bu ýylda Hymýarly patyşalardan bolan Ýemen melikesi Bylkys Süleýman pygamberiň huzuryna geldi we Maşrykdyr Magryp patyşalygy tabynlyga geçdi.
4443ㅡnji ýyl
Bu ýylda Süleýman alaýhyssalam elli iki ýaşynda wepat boldy.
4444ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ysraýyl ogullarynyň on agtygy Uhbamim ibn Süleýmandan boýun gaçyryp, aýaga galdylar we olaryň döwleti ýeňliş bilen başlandy.
4526ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Ysraýyl rowaýatlaryna görä, Ylýas pygamber Elýasag pygamberiň döwründe perişdeleriň bolýan asman gatyna göterildi.
4592ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ýunus ibn Metä alaýhyssalam neýnowalylara, ýagny Mosul ilatyna pygamber bolup iberildi.
4599ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Mosuldaky Esur döwleti agdaryldy we Babyl patyşalarynyň döwleti döredi.
4602ㅡnji ýyl
Bu ýylda Pars patyşalaryndan Kyýanylar nesilşalygy Keýkubadyň hökümdarlygy bilen başlandy we ilkinji Rum döwleti Marulesiň tagta geçmegi bilen döredi.
4639ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Şagýa alaýhyssalama pygamberlik berildi.
4661ㅡnji ýyl
Bu ýylda Redus arasynda ilkinji gezek şäher we gala guruldy.
4669ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Uly Rum, ýagny Gyzylalma Rumanaus patyşa tarapyndan gurlup başlady. Gurlup gutarylan güni Rumanaus baýramçylyk edip, ol şäheriň adyna Martas goýdy.
4683ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ýunus alaýhyssalam wepat boldy.
4699ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Şagýa alaýhyssalam wepat boldy.
4705ㅡnji ýyl
Bu ýylda, ýagny pars patyşasy Keýkowusyň döwründe, Ysraýyl ogullarynyň on agtyklarynyň döwleti agdaryldy.
4728ㅡnji ýyl
Käbir rowaýatlara görä, bu ýylda patyşa Harkyýa wepat boldy we ýunan (grek) şahyry Umires peýda boldy.
4757ㅡnji ýyl
Bu ýylda Buzentyýýa, ýagny Stambul guruldy. Ilki bu şäheri Nikumudýa gurupdy. Ýöne ýertitreme zerarly weýran bolansoň, ol täzeden gurulypdyr we oňa Buzentos diýlip at goýlupdyr.
5. Buhtunnasryň döwründen tä Isgenderiň Daradan üstün çykan wagtyna
çenli bolup geçen wakalaryň jedweli
4847ㅡnji ýyl
Bu ýylda Babyl patyşalaryndan bolan Buhtunnasryň patyşalyk döwri başlandy.
Bir rowaýata görä, Ninun weýran edildi. Patyşa Buhtunnasr özbaşdak patyşa bolman, ol Kyýany patyşasy Suhraba tabyn bolupdyr.
4851ㅡnji ýyl
Bu ýylda Buhtunnasr Şam ülkelerini basyp aldy we ýehudylar oňa tabyn boldular.
4854ㅡnji ýyl
Bu ýylda Buhtunnasryň leşgeri Kuds Babyny basyp aldylar. Heruden taýpasy doly talandy. Danyýal pygamber şu wakalaryň arasynda bolupdyr.
4861ㅡnji ýyl
Bu ýylda Tabyt we Gupbatyz-Zaman Ermiýa alaýhyssalam tarapyndan bir gowakda gizlenilip goýuldy.
4868ㅡnji ýyl
Bu ýylda Mukaddes Kuds şäheri Buhtunnasr tarapyndan edilen uly söweşden we iki ýarym ýyl gabawdan soň weýran edildi. Ysraýyl kowumynyň iň soňky patyşasy
Sydkyýa özüniň garşylyk görkezenligi üçin öldürildi we Ysraýyl kowumyndan gyrgynçylykdan we talaňçylykdan soň diri galanlary ýesir düşdüler.
4869ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Ermiýa alaýhyssalam Müsürde ýehudylaryň aldawy zerarly şehit boldy. Onuň pygamberlik döwri otuz sekiz ýyl bolupdyr.
4879ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Hyrkyýa alaýhyssalam ýesir düşenleriň arasynda ýehudylaryň aldawy bilen şehit boldy.
4887ㅡnji ýyl
Bu ýylda Buhtunnasryň leşgeri Müsür ülkesini basyp aldy we Müsür patyşasy Agraj pyrgaun öldürildi.
Ondan soň Müsür diýary kyrk ýyllap weýran galypdyr.
4892ㅡnji ýyl
Bu ýylda Buhtunnasr we käbir rowaýatlara görä bolsa Müsür häkimi wepat bolupdyr.
4907ㅡnji ýyl
Bu ýylda Kiýany patyşasy Güştaspyň patyşalyk döwri başlandy we Şem köşgüni guran pars patyşalary tarapyndan Müsürde häkim bellenen Kesir Haşyň hökümdarlygy başlandy.
4915ㅡnji ýyl
Bu ýylda Danyýal alaýhyssalam ýesirleriň içinde wepat boldy.
4937ㅡnji ýyl
Bu ýylda Beýtil Mukaddes pars Kureş, ýagny Güştasp tarapyndan guruldy,
Ysraýyl kowumynyň ýesirleri azat edildi. Zertuştyň otparazlyk (mejusylyk) dini döredi we Güştasp oňa boýun boldy.
4947ㅡnji ýyl
Bu ýylda Antaliýada Fisaguresiň (Pifagor) taglymatlary döredi. Rüstem bilen Ispendiýar ibn Güştaspyň arasyndaky Zabylystanda söweş boldy we Ispendiýar Rüstemiň peýkamy bilen öldürildi.
4972ㅡnji ýyl
Bu ýylda mejusylyk dinini döreden Zertuşt öldürildi we pelsepeçi Salis Multy döredi.
5027ㅡnji ýyl
Bu ýylda «Bähmän Derazdest» lakamly Kyýany Ispendiýaryň ogly Erdeşiriň patyşalyk döwri başlandy we Makduniýýa ülkesinde tebip Bukrat peýda boldy.
5047ㅡnji ýyl
Bu ýylda pelsepeçi Dimukratis togsan bäş ýaşynda wepat boldy.
5172ㅡnji ýyl
Kuds Şerip (Beýtil Mukaddes) abat edilensoň, Garyr geldi. Ysraýyl kowumy yzlaryna gaýtdylar we Töwrat ony ýatdan bilenlerden soralyp göçürildi.
5179ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Erdeşir öldi, onuň gyzy hem ýanýoldaşy Humaý tagta geçdi we
Fisaguresiň şägirdi ýunanly Sokrat Asynada ýüz ýaşyndaka aradan çykdy.
5215ㅡnji ýyl
Bu ýylda Aklydes Sury döredi we Darap ibn Bähmen ejesi Humaýdan soň patyşa boldy.
5260ㅡnjy ýyl
Bu ýylda ýunanly Isgender Makduniýýada dünýä indi we Yshak ibn Hüneýniň aýtmagyna görä, Sukratyň şägirdi Aflatyn Koniýada Filips Makdunynyň döwründe wepat bolupdyr.
5275ㅡnji ýyl
Bu ýylda ilkinji rumly neslinden bolan, Makduniýýanyň, Buzentiýýäniň we Uly
Rumuň patyşasy Isgenderiň kakasy kaýsar Filips, ýagny Rum ibn Liti ibn Ýunan ibn Ýafes wepat boldy. Ilkinji rumlular nesilşalygy kesildi. Ýokarda agzalan ülkeleriň hökümdarlygynyň ikinji rumlular neslinden bolan Kiçi Rumuň, ýagny Ermeniýe,
Jezire, Hersta we Halkduniýe ülkeleriniň patyşasy Rum ibn Gys ibn Yshagyň öwlatlaryndan bolan Filkus ibn Hermese geçdi.
5276ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Darabyň ogly Daranyň patyşalyk döwri başlandy.
5281ㅡnji ýyl
Bu ýylda Isgender Nasybynda Darany ýeňdi. Daranyň öldürilmegi bilen kyýanylar nesilşalygy agdaryldy we «Isgenderi senenama» başlandy.
6. Isgenderiň döwründen tä hezreti Isa pygamberiň dünýä inen döwrüne
çenli bolan wakalaryň jedweli
5288ㅡnji ýyl
Bu ýylda ýunanly Filkusyň ogly Isgender Zülkarneýn II Şährizurda on üç ýyl soltanlyk sürüp, otuz alty ýaşynda dünýäden ötdi.
5289ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Müsürde ýunanly Batalysa patyşalarynyň döwleti başlandy, jümle-jahanda taýpalar patyşalary döredi. Isgenderiýe minarasyny guran Belinas wepat
boldy.
5293ㅡnji ýyl
Bu ýylda «ilkinji mugallym» adyny alan Eflatunyň (Platon) şägirdi Aristatalis (Aristotel) Batlimýus ibn Lagusyň döwründe altmyş sekiz ýaşyndaka aradan çykdy.
5306ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Şam we Jezire häkimi Antykyýus tarapyndan Antakyýa diwary guruldy, Halap, Kynnasryn we Ryba galalary Batlasalar nesilşalygynyň serkerdebaşysy
Selikusyň tagallasy bilen bina edildi.
5308ㅡnji ýyl
Bu ýylda Ýunan Töwratyny rowaýat eden we «Myjasty» kitabyny ýazan ýunanly Klyzyýusyň ogly Batlymýus II patyşalyk tagtyna geçdi.
5346ㅡnjy ýyl
Bu ýylda ýokarda agzalan Batlymýus wepat boldy we pelsepeçi Aklydys Surda şöhrat gazandy.
5395ㅡnji ýyl
Bu ýylda Antykyýus Pars ülkelerinde öldürildi we ''Kelile'' kitabyny düzüji hint patyşalaryndan bolan Dabeşlim wepat boldy.
5426ㅡnjy ýyl
Bu ýylda Antýuhes ibn Antykyýusyň goşuny Beýtil Mukaddesi basyp aldy we Ruh güni ýehudylary gyrdy.
5431ㅡnji ýyl
Bu ýylda Tubbag Ekber Zeýt ibn Amr Hymýary Ýemenden goşuny bilen hüjüm edip, Gündogar ülkeleri basyp aldy we Tubbagyň ogly Şymyr tarapyndan Samarkant şäheri weýran edildi.
5524ㅡnji ýyl
Bu ýylda rumlular suriýelilerden, ýagny Şam we Jezire ilatyndan üstün çykdy, Antakyýa weýran edildi. Ýehudylar salgyt kabul edip, tabyn boldular.
5527ㅡnji ýyl
Bu ýylda Müeýýit patyşanyň we başga-da birnäçe taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, part nesilşalyklaryndan bolan eşkanylar (ärsaklylar) döwleti döredi.
5552ㅡnji ýyl
Bu ýylda Rum kaýsarlarynyň ilkinji patyşasynyň hökümdarlygy başlandy. Ejesi ony dünýä inderjek wagty wepat bolupdyr. Ejesiniň garnyny ýaryp, ol çagany çykarypdyrlar. Şonuň üçin Kaýsar diýlipdir. Käbir taryhy çeşmelerde getirilişine
görä, Isgenderiň döwrüne ýakyn wagtda ýa-da onuň öz diri wagty Daranyň Eşk atly ogly bolupdyr we ol Mosul, Reý ýaly ülkelerde hökümdarlyk sürüpdir. Beýleki
patyşalar oňa tagzym hökmünde Kaýsar diýip ýüzlenipdirler.
5563ㅡnji ýyl
Bu ýylda kaýsar Ogustos (sezar Awgustus) Müsüre goşun çekdi. Müsür melikesi Diýesiýesiň gyzy Fluýtranyň (Kleopatra) goşuny perişan hala düşdi we Batalysalaryň döwri soňlandy.
5577ㅡnji ýyl
Bu ýylda Şam Kaýsaryýýasy Kaýsaryň buýrugy bilen ýehudy häkim Herdus
tarapyndan guruldy we Uly Rumiýýäniň ýaşaýjylarynyň sany dört ýüz müň adama ýetdi.
5584ㅡnji ýyl
Bu ýylda Zekerýa pygamberiň ogly Ýahýa alaýhyssalam dünýä indi we Isa pygamber Beýtil Mukaddesiň obalaryndan bolan Beýti Lahm obasynda ärsakly
hökümdar Şapuryň döwründe doguldy.
(dowamy bar)
Kätip Çelebiniñ ''Taryh senenamalar'' kitabyndan alyndy

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.