Özüňi tanaryn diýseňiz #4

GAN TOPARYŇYZ BOÝUNÇA HÄSÝETLERIŇIZI BILÝÄŇIZMI?
0 (I) – bu adamlar özleriniň liderlik ukyby bilen tapawutlanýarlar. Olar özüne ynamly, işjeň, wepaly, namysjaň, gözelligi halaýan adamlardyr. Emma bu hili adamlaryň arasynda gabanjaň häsiýetlerine-de duş gelmek bolýar. Olar ruhy taýdan güýçli bolup, beýlekilere garanyňda maksada okgunlydyrlar. Maşgala durmuşynda hem olara ynam bilen bil baglamak bolýar. Olar iş bilen baglanyşykly ähli jogapkärçiligi öz üstlerine almak bilen, ýolbaşçylaryň igenjine galmaklygy halamaýarlar. Şonuň üçin hem olar öz işlerini wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Ähli adamlar bilen ýeňil aragatnaşyga girmek häsiýetine eýe bolandygy sebäpli, bu adamlar islendik şahsyýet bilen oňaýly aragatnaşyk saklap bilýärler hem-de iň bir çydamly adamlar hasaplanýarlar. Şonuň üçin hem adamlaryň bellemeklerine görä, uzak ýaşaýan adamlaryň belli bir göterimi 0 (I) gan toparly adamlardyr.
A (II) – bu hili gan toparly adamlar häsiýetleri boýunça durnukly hasaplanýarlar. Olar öz uýýan däp-dessurlaryny ýa-da endiklerini üytgetmegi halamaýarlar. A (II) gan toparly adamlar duýgur, çydamly, myhmansöýer, gönümel, jogapkärçiligi duýýan we diýseň hüşgär bolup, düzgün-tertibi we guramaçylygy halaýarlar, durmuşda iň bir ownuk zada hem uly üns berýärler. Olar zähmetsöýer adamlar hasaplanyp, islendik işiň başyna barsa, ondan ezberlik bilen baş alyp çykýarlar. Bu hili admalryň gönümelligi, olaryň köplenç dawalaşmagyna-da getirýär.
5 лайков 154 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
Автор 01 май 2022, 01:19
Olar öz gaýgy aladalaryny daş-töweregindäkiler bilen paýlaşmagy halamaýarlar. Olaryň ähli zady içine salyp ýörmekleri, wagtyň geçmegi bilen emosional taýdan ýarylmagyna hem getirip bilýär. Bu hili adamlar bir meseläni çözmek üçin wagty uzaga çekdirýärler. Olar ata-babalarymyzyň: «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen pähimine eýerýän adamlardyr.
B (II) – bu adamlar häsiýetleri boýunça galjaň, bir ýerde durmagy halamaýan, gaharjaň hasaplanylýar. Olar köplenç öz bähbitleri üçin hereket etselerem, beýlekiler barada aladalanmagy hem unutmaýarlar. Olaryň döredijilik ukyplary ýokary bolýar. Bu hili adamlar jemgyýet bilen aragatnaşyga kynlyk bilen girseler-de, käbir üýşmeleňlere şowhun salmagy hem başarýarlar. Olaryň daşky keşpleri rahat görünse-de, içlerinde harasat gopýar. Bu hili gan toparly adamlarda iň bir halanýan häsiýet – olaryň aladaçyllygydyr. Olar beýlekileriň duýgusyna ýeňillik bilen düşünip bilýärler. Bular ýaly adamlar oňat telekeçiler bolup ýetişýärler.
AB (IV) – bu hili gan toparly adamlaryň ýatkeşligi ösen bolup, häsiýeti boýunça ýumşak, aragatnaşygy halaýan we çözgüt çykarmakda kynçylyk çekýän hasaplanylýar. Olar diýseň guramaçylykly, dogruçyl we adalatlydyrlar. Bu hili adamlaryň daş-töweregindäkilere sowgat paýlap, olary begendirmegi halaýandyklary üçin olar toparyň «ýüregi» hasaplanylýar AB (IV) gan toparly adamlaryň öňdengörüjilik ukyplary ösen bolup, olaryň duýgulary güýçli bolýar. Erkinligi halaýan bu adamlar maşgalada gowy ýanýoldaş bolup bilýärler.
Taýýarlan
Tawus DURDYÝEWA,
leýtenant.
Ahmet
Автор 01 май 2022, 01:26
«Atamyrat» žurnaly
№2 (10) 2007ý.


GAN TOPARLARYNA LAÝYKLYKDA ADAMLARYŇ HÄSIÝETLERI:

I topar – köplenç öňbaşçy, köpçülige ýolbaşçy bolmaga ýykgyn edýärler. Olara öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetýänç-ä göreşmek, ýüze çykýan çylşyrymly meselelerden akylly başly baş alyp çykmaga ukyplylyk häsiýetleri mahsus bolýar. Eger-de synmaz erklilik, gujur gaýratlylyk, egsilmez joşgun hujuwlylyk bu adamlary bezeýän bolsa, howlukmaçlyk, gabaňjaňlyk, öýkeleklik olaryň häsiýetleriniň gowşak taraplarydyr.
II topar – sowukganlylygy saklamagy başarmak bilen, ähli meselede tertip-düzgüniň bolmagyny, işdeş ýoldaşlary bilen özara düşünişip sazlaşykly işlemegi halaýarlar. Duýgurlyk, çydamlylyk, hoşniýetlik artykmaç taraplarydyr. Asgyn taraplary bolsa kesgirlik, ylalaşyga ukypsyzlyk bolup durýar.
III topar – islendik işde öz göwünlerine laýyk hereket etmegi halaýarlar, ähli zada aňsatlyk bilen öwrenişýärler. Olarda erkinlik, kimdir birine bagly bolmazlyk islegleri ösendir.
IV topar – köpçüligiň hormat sylagyny gazanmagy başarýarlar. Şeýlede olar töweregindäkilere sypaýy adalatly çemeleşýärler. Ýöne bularda aýgytlylyk ýetmezçilik edýär, käte uzak pikirlenip kynlyk bilen karara gelýärler.

«Donorlyk» Öwez Kürräýew,
TGM-niň baş terapewti.
Ahmet
Автор 01 май 2022, 01:30
Şu mowzuk bilen şu iki teswir o diýen uly mowzuk däl gerek hemmesini bir mowzuk edip açsam?! Emma hiç hili ýagdaýda açyp bolanok. Ikä bölemde-de açylmady. Ahyry üçe bölüp zo:rdan açdym. Swýazyň pesligindenmi ýa Abaddon belli bir çäk goýdumyka?!
Dowsypat
01 май 2022, 06:12
Mena oz gan toparymam bilemok.
Alita
01 май 2022, 07:20
A gy, menema blmk. Birin bilip berayin
Gizlin
01 май 2022, 07:26
Bäh, senem bular ýaly zada ynanýaňmaý
Waleryanka
01 май 2022, 12:26
Alita,
Bärdäkiler bilmeýä ony.Doktora gan tabşyryp bilmeli sanjym
Maksat
01 май 2022, 20:12
Adamyň häsýetiniň bir paýy gandan (maşgaladan) gelýär. Galan paýy terbiýelenişi, gören-eşden zatlary, medeniýetleri, däpleri, ýurdy, okan we bilen zatlary doldurýar. Sähelçelik paýam din şekillendirýär.