Özüňi tanaryn diýseňiz #22
Ýokarky dodak Sahnanyň we ekeranyň ýyldyzlary siz ýaly we biz ýaly görünmeýärler. Olaryň hersiniň öz aýratynlygy bolýar. Ýokarky dodak – şol aýratynlygy açyk görkezýär.
Dodagyň ýokarky bölegi şol adam barada belli bir derejede maglumat berýär. Eger onuň dodagynyň ýokarsynda çyzyk bar bolsa, onda ol adam nähili geýnendigine garamazdan, hökman beýlekileriň ünsi özüne çekip bilýär.
Bize mälim bolşy ýaly ýüzüň fiziognomikasynda dodak hem, edil göz ýaly uly rol oýnaýar. Garşyňyzda duran adam dogrusyny aýdýarmy ýa-da ýalan sözleýär? Şol adam bolýan hadysalary nähili kabul edýär? Ol aýdylýan zatlara ynanýarmy ýa – da müňkür? Bularyň ählisine dodak boýunça baha berip bolýar. Meselem, dodaklaryň gyrasyndaky burçlaryna üns beriň. Olar nähli? Eger uçlary suratdaky ýaly bir çyzyk bolsa, onda ol adamlar ýagdaýlary we hadysalary edil bolşy ýaly kabul edip bilýär. Olarda ynanmazçylyk we müňkürlik ýeterlik derejede pes bolýar.
Eger dodaklaryň ujy ýokaryk galyp duran bolsa, onda bu hili adamlar ähli bolýan zatlary položitel kabul etmegi başarýarlar. Bu adamar özlerinde hiç hili öýke – kine saklamaýarlar. Meselem aýdaly Gylyç diýlen oglanyň dodaklarnyň ujy ýokaryk galyp dur. Bir gün onuň dosty Nurberdi bellenen ýere gijä galyp gelýär we özüniň awtobusyň ýoklugy zerarly gijä galandygy barada aýdýar. Gylyç ýagdaýy bolşy ýaly kabul edýär we ýagdaýlaň beýle bolandygyna gynanýar.
Dodagynyň ujy aşak bakyp duran adamlar ynanmazak we müňkür bolýarlar. Ýokarda agzap geçen mysalymyzda, eger Gylyç diýilýän oglanyň dodagynyň ujy aşak bakyp duran bolsa, onda Nurberdi diýilýän oglan hiç haçan oňa özüniň awtobus zerarly gijä galyp gelendigini düşündirip bilmezdi. Gylyç muny bilgeşleýin edilendir öýdýär. Bu hili adamlar gaty bir özüne ýakyn adama ynanaýmasa, başga hiç kime ynanmaýarlar.
GÖNI (DEŇ DEREJELI) GAŞLAR
Göni gaşly adamlar öz maksadynyň soňuna çenli ýetip bilýän adamlar. Şular ýaly gaşly adamlar islendik situassiýada – da özüni ýitirmän saklamagy başarýar. Olar gaty bir gahary gelmese ýarylmaýarlar. Emma käbir adamlar, ylaýtada-da gelin gyzlar gaşlarnyň formasyny üýtgedýärler.
SPRINTER GAŞLAR
Şol adamyň nähilidir bir proýekti üstünlikli başlamaga ukyplydygy barada aýdýar. Eger gaşyň gürlügi ortalarynda inçelýän bolsa, onda şol adam maksadyna bolan gyzyklanmasyny orta ýolda ýitirip bilýär. Eger soňuragynda inçelýän bolsa, onda olar özlerini öňünde goýan maksadyna ýetmekde has köp güýç sarp eden hasaplýarlar.
STAÝER GAŞLAR
Bu hili gaşly adamlary bir ugrukdyryp bilseň, olar işi soňuna çenli alyp gidip bilýärler. Bu tipli adamlaryň aýratynlygy, olaryň nähilidir bir täze zada gyzykanmasynyň ýokdugy bilen tapawutlanýar. Staýerler birden ýarylýarlar. Olar «gömülgi ýatan zehin» hökmünde häsiýetlendirilýär. Goşunda olardan gowy söweşijiler çykyp bilýär.
GOÝY (GÜR) GAŞLAR:
Bu hili adamlaryň intellekti güýçli bolýar. Olar bir wagtyň özünde birnäçe işden baş alyp çykyp bilýärler. Olar duýgur we işjeň bolýarlar.
ýuka (inçe) gaşlar:
Bu hili adamlar dartgynly, ownuk, akyl işini gowy görýärler. Olar köp pikir edýärler we bir işiň üstünde kelle agyrdyp, köp durýarlar. Olar köp zada biparh garap bilmeýärler.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.