“YLHAM BERMEK”, “SÖZLERIŇ GÜÝJI”.

Adamlaryň ruhy ösüşinde iň esasy aýratynlygy, başgalara oňyn tarapdan ylham bermekdir. Bu adamlar beýleki adamlary üstünlik gazanmaga höweslendirýän görnüşde gürleşýärler we hereket edýärler. Daş-töweregimizdäki adamlaryň içindäki oduň tutaşmagy üçin, olara motiwasiýa bermeli. Eden her bir ýagşy işine gadyr goýup, olara ylham bermeli.

Bir kakasy we kiçi ogly tokaýda gezelenje çykýarlar. Birnäçe wagtdan soň oglan: "Kaka, ýadadym, meni eliňde göteräý?!"-diýipdir.
Kakasy eşitmedik bolup, üns bermän ýöremäge dowam edipdir.
Emma ogly: “Kaka gaty ýadadym, haýyş edýän meni arkaňa al”-diýipdir.
Kakasy: “Bagyşla oglum, gynansakda men seni göterip bilmerin, sebäbi, menem ýadadym”-diýipdir.
Bu jogaby eşden çaga, aglap ýere urnup başlapdyr, meni göter diýip. Onsaň ýaňky kakasy agajyň bir şahasyny goparyp, çagaň eline berýär. “Al oglum, saňa bir at. Atyňa mün, öýümize gideli!”
Çagaň begençden gözleri gülüp başlaýar. Uly begenç bilen taýagy iki aýagynyň arasyndan geçirip öýlerine tarap, “dygydyk, dygydyk, dygydyk” diýip ylgamaga başlapdyr.

Bu hekaýadaky kakanyň edişi ýaly, iň ýakynlarymyzdan bolsa-da hiç kimi arkamyzda götermeli däl. Diňe olara ylham berip, ýol görkeziji hökmünde öz aýaklarynyň üstünde nähili durmalydygyny öwretmeli.
Adamlara ýol görkezenimizde olaryň kemçiliklerinem oňyn bir dil bilen aýtmaly. Emma şol kemçilikleri aýdýan mahalymyz olary günäkärleýji we höküm ediji görnüşde gürlemezlige çalyşmaly. Aslynda käbir ýalňyşlyklarymyz biriniň kemçiligini ýüzüne aýdýan wagtymyz ýüze çykýar. Şuny unutmaň, näme aýtýanymyzdan kän, nähili aýtýandygymyz möhümdir.
~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~
Dünýäde her bir adam üçin iň möhüm söz öz adydyr. Hatda köp adam öz adyna aşyk bolýar diýen ýaly. Şeýle-de geçirilen bir gözlegde adamlaryň hatda öz atlaryndaky harplary hem öz atlaryndaky däl harplardan has gowy görýändikleri görüldi.

At- adamyň şahsyýetidir.
Ynansaňyz, köp adamlar adynyň manysyna laýyk gelýän şahsyýeti emele getirýärler.
Hany, bizde “adyna eýe bolsun” ýa-da ulalanda “tüýs adyna mynasyp eken” ýaly sözlerem bardyr.
Käbir geçirilen barlaglara görä, öz adyny kabul edip, adyny söýýän adamlaryň şahsyýetleri belli bir wagtdan soň adyna laýyk gelýär. A halamaýanlaryňky bolsa atlarynyň manysyna laýyk gelmeýär.
Eger çagalarymyzyň gowy bir şahsyýet bolup ýetişmegini isleýän bolsak, at dakylanda gowy gözleşdirip, pikirlenip, ulalandan soň özüniňem söýäýjek gowy manyly ady dakmaly.
Käbir gözleglerde, eger aragatnaşykda garşyňdaky adamyň adyny tutup ýüzlenseň, ony boýun egdirmek mümkinçiligiňiz artykmaçdygy anyklanyldy.

Täze tanyşan adamyňyza ady bilen ýüzlenmek, ony haýran galdyrmagyň iň gysga usulydyr. Aragatnaşygyň maksatlarynyň biri hem beýleki adama täsir etmekdir. Hatda bir gowy sözüň üsti bilen hem beýleki adamy eliňizde tutup biljekdigiňize şübhelenmäň. Mysal üçin, “Siziň kömegiňize mätäç" ýaly özüne çekiji sözler beýleki adamy ynandyrmakda täsinlikler döredip biler. Geplänimizde "biz" dilini ulanmak hem köplenç garşymyzdaka gowy täsir edýär. Mysal üçin, "Geliň, bu mesele boýunça bilelikde karar bereliň" diýlende, beýleki adamy ynandyrmak has aňsat bolýar.

Il içinde "Jadyly söz" diýen meşhur söz bar. Hakykatdanam, bir söz beýleki adama gaty täsir edip biler we düşünjesini düýbünden üýtgedip biler. Adamlaryň sögünçli we gargynçly sözlerden ybarat bolan sözlemleriň netijesinde biri-birini urýandygyny, öldürýändigini ýa-da gaty erbet sögüşýändiklerini pikir etsek, sözleriň adamlara edýän täsirine has gowy düşünip bileris.

Pikirlerimiziň dünýä iberýän energiýa toplumy bolşy ýaly, agzymyzdan çykýan sözler başgalara iberýän has güýçli energiýa toplumymyzdyr. Sebäbi sesli pikirler has köp energiýa döredýär. Şonuň üçin ses bilen güýçlendirilen energiýanyň täsirliligi hem gaty ýokary bolýar. Pikirlerimiziň gatnaşyklarymyzy ugrukdyryşy ýaly, ulanýan sözlerimiz gatnaşyklarymyzda has köp zat edýär. Şonuň üçin içerki we daşarky gepleşiklerimizde sözlerimizi saýlap ulanmaly. Şahsy sözlügimiz esasan oňyn sözlerden ybarat bolmaly. Oňyn sözleri ulanmagy endik etsek, olaryň güýjüne göz ýetireris. Meselem, "Söýgi, rehimdarlyk, ýagtylyk, gözellik, ýagşylyk, hakykat, sazlaşyk, bagt, şatlyk, janlylyk, joşgun, şatlyk, bolçulyk, gün, deňiz, agaç, gül ..." sözlerini tüýs ýürekden aýdanymyzda, içimize rahatlyk dolýar.

Ruh gözelligi.
3 лайков 207 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 18 май 2022, 21:35
Powestiň yzyny goýandyryn, isleneniň gadyrly okyjylary!
Hiayress
18 май 2022, 21:41
Nirvana,
Saul, şuwagt şony soraýyn diýip giripdim.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:02
Hiayress,
Salam. Şiraly agaň sendäki we kitapçydaky bar goşgularyny ugradaý. “Heýkeller ýylgyrmaýar”-dan daşary.
Hiayress
18 май 2022, 22:06
Nirvana,
Ertir kitapçydaky "Heýkeller ýylgyrmaýar" kitapçasyndakydan galanyny bir Worda toplap ugradaýaryn.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:07
Hiayress,
Bolýar. Taňryýalkasyn.
Moder bolduň diýip eşitdim. Şowly bolsun täze wezipäň. :)
Hiayress
18 май 2022, 22:10
Nirvana,
Aý wezipe diýip, üýtgeşik edip bolýan zat ýok ekenlaý. ))
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:12
Hiayress,
:)
Şu gün elim boşurak. Pikir alyşmaga tema tapsana jora. Gyzyklyja pikirli gürrüň bolsun.
Hiayress
18 май 2022, 22:20
Nirvana,
Özüň başlaýmasaň, bizde üýtgeşik temada, pikirem ýokdur jora. :(
Hiayress
18 май 2022, 22:23
Ýuwwal Nuh Harariň "Adamzadyň gysga taryhy" (Юваль Ной Харари "Sapiens. Краткая история человечества") okap başladym diýmeseň. :) Ýaňy başladym, ýöne şonda-da adamzadyň başdan-aýak kemala gelşini ylmy nazarýet bilen oňatja düşündirýär eken.
Hiayress
18 май 2022, 22:28
Jorj Oruelliň "1984" kitaby ýaly "2034" diýibem NATO-nyň öňki dolandyryjysynyň (Экс-главнокомандующий НАТО Ставридис) ýazan fantastik triller kitaby bar eken. 3-nji Jahan urşuny we Ýadro ýaraglary ulanylandan adamzadyň başyna düşjek ahwalatlary beýan edýär.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:33
Hiayress,
Tüweleme, gowy işe başlapsyň. Maňa-da ugradyp goýaý.

Düýn menem kitaphanadan George Orwell-iň “1984”, “Bogulmazlyk” we “Kitaplar we çilimler” kitaplaryny aldym. Nesip bolsa okap başlajak. Şu wagt 1984-i okaýan. (Öň sesli görnüşini diňläpdim)
Hiayress
18 май 2022, 22:37
Nirvana,
"1984"-i ilki 1937-nji ýylda SSSR-de bolan repressiýa hakda maglumat toplap okasaň has janly, akgynly okalýar. "Haýwanlaryň fermasynam" 1917-nji ýylda bolan rewolýusiýa we ak-gyz söweşleri hakynda maglumat toplap okasaň olam şeýle...
Hiayress
18 май 2022, 22:39
"Adamzadyň gysga taryhy" kitaby rus dilinde bar. Ugrat diýseň ugradaýyn. "2034"-di rus diline terjime etmändirler, indi ederlerem öýdemok. Şonuň üçin senden sorajak bolup durdym, türkçesi barmyka diýip.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:40
Hiayress,
Haýwanlaryň fermasyny maglumatsyz okasamam haladym. Mazmunyna-da düşündim.
“2034” kitabynam ugradaý. Umuman täze nämäň bar bolsa ugradyber, kabul ederin.
Hiayress
18 май 2022, 22:44
Nirvana,
Bolýahh, ýöne düşünmediň "2034" kitabyny özüm gözleýän we senden şol kitabyň türkçesi bar bolsa maňa ugradaý diýjekdim.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:45
Hiayress,
Gözleşdirip göreýin, bar bolsa hökman ugradaryn.
Telwas
Автор 18 май 2022, 22:46
Men haýal ýazýan, aýyplaşma. Teswiriňi okamazdan öň ýazypdym.