Burç barada

Burçuň adamyň iýmitinde uly ähmiýeti bar, iýmit hökmünde dürli görnüşde ulanylýar: naharlar, işdäaçarlar, marinad taýýarlanylýar, duza ýatyrylýar. Gök önümler duza ýatyrylanda, gaplananda, marinad edilende olara ajy burç garylýar. Adaty burçdan dürli gaplama önümleri taýýarlanylýar. Doly gyzaryp bişen ajy burçuň miwelerini guradyp, degirmende üwäp, külkelenen (unjumak) burç nahara atmak üçin taýýarlanylýar. Bu bolsa sowuklama keselini bejermekde giňden ulanylýar.

Burçuň ajylygynyň sebäbi onuň düzüminde öte ajy tagamly glýukozid kapsiasin alkoloidiň (0,22%) barlygydyr. Şeýle hem efir ýagyny, goýy ýaglary, streoid saponinleri, karotinoidleri, reňk beriji maddalary saklaýar. Onuň möçberi burçuň sortuna we ösdürip ýetişdiriliş şertlerine baglylykda üýtgäp durýar. Süýji burçuň sortlarynda kapsiasin azdyr, C witamininiň köplügi boýunça burç beýleki gök önümleriň arasynda birinji orunda durýar.

Mekan ATAJANOW,
6 лайков 123 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
29 май 2022, 21:28
like
ajy
29 май 2022, 21:31
dalii...
Adalatly
Автор 29 май 2022, 21:44
garaburc,
haa
Jon
30 май 2022, 11:48
O
Gowy zat iýip otyrkañ. Ertesi helâk etýâ