Bäsleşik-11

Geljekden bir gün... (Oýlanma)

— Ezizim, hany bir çaý demle, çaý süzüp erigiň kölegesinde çaýlaly.
Az salymdan çaý geldi, süýjüdir-kökeler hem gapdaly bilen.
— Bä-ä keýwany. Häzir oglumyzam okuwdan geler. Oňa çenli çaý içip demimizi dürsäli. Onsaň şu böwürslenleriň içini otaly.
— Bolýa kakasy, ýöne gepi başga ýana sowman yzyny gürrüň bersene. Bir eý diýdiň, bir beý diýdiň, bahana tapdyň durduň.
— Aý näme, senden bir zat gizleýäne döndürdiň-le. Hawa, ol döwüriňem öz gyzygy bardy. Her kimiň ýazan zatlaryny tankytlan bolardyk, özümizem bir zatlar ýazardyk. Ýazmany hemişe-de halaýardym, başagaýlykdan ýaňa elim degenokdy.
— Men bu zatlary soramokdym. Ýaňky Ahmedi soradym. Hany, şol barada aýtsana, beýleki gürrüňleriňi goý-da.
— Ahmetmi? Olam öz bolşuna bir dünýädi. Nikem @Ahmedik_97-di. Haçan görseň durmuşyndan nägiledi bende. Onam Biribardan görýär. Dünýäde deňlik ýokmuş. Adalat ýokmuş. Aý bir sam’syk oglandy. Iň ýamanam gelip-gelip şu islenene ýazýar welin, ýaşlaň aňy zaýalanýardy, ters düşünje döremegi mümkindi. Bir-iki sanysynda ters düşünje döredem. Soň-soňlar Hudaý saklasyn, özümem şoň aýdanlaryna «Yrylyp» barýardym. Wagtyň geçmegi bilen durmuşy gowlanandyr-da, ýa-da aklyna aýlanandyr, nalamas-a galdy. Ýazgyt ýok, ýazgyt ýok, halys aş etdi. Bolar-bolgusyz goşgy paýlaşardy, makaladyr-oýlanma paýlaşardy. Paýlaşýan zatlarynynyň agramly bölegi ýazgytdy. Yňdyrma ýaly şol gidip otyr, şol gidip otyr. Indi ol öňki Ahmet däl. Adamçylygam gowy. Gatnaşýasam, habarlaşýasam, ol pikirlerden dolylygyna el çekipdir. Öýlenipdir, men ýaly bolup saýtdakylaryň birini tutupdyr:) Bir ogul, bir gyzy bar. Indi boldumy?
— Onsaň... — diýip, ýene bir zatlar soramakçy bolanam şoldy welin, aňyrdan Muhammet geldi:
— Kaka, eje, Essalam Aleýkum! Gowumy ýagdaýlaryňyz?
Waleýkum salam, geldiňmi oglum?
— Hawa kaka, geldim. Kaka, ertire 100 manat gerekdi, ertir 30.05.2033, hepdäňem birinji güni. Gutardyş edýäs. Bolýa oglum, häzir öýe... — diýip, sözüni soňlap soňlamanka aýaly kakasyny silkeläp başlaýar, aýt! Aýt diýýän! Ahmet barada aýt!
Birden ukudan açyldym, bolsa-da düýş eken.
— Tur oglum, işden gijä galaýma diýip oýaraýdym.
— Oýaranyňa gowy zat welin, silkeläp zährämi ýardyňa, bir-iki gezek adymy tutsaňam eşidýänä.
— Gara suw bolup bir zatlara samyrdaýaň. Öýe baraly berjek diýýäňmi, nämemi... Kime näme berjekdiň?!
— Aý, eje senem-aý. Hiç kime hiç zadam berjek bolamok, düýşdir-dä, her hili zat girýärä düýşüňe. Ýeri bolýar, sagat eýýäm 05:57. Men gijä galýan. Derrewjik taýynlanaýyn.
Ýok, hakykatdanam men gijä galyp barýan, bulam oýlanmaň soňy:) Boş galandan bir zatlar ýazaýyn diýdim. Aladaly bolup ýazmaga elim degmedi, gyssag arada bir zatlar çyrşaýyn diýdim. Sagboluň.
30.05.2022, 6:05. Duşenbe.

@Ahmedik_97
9 лайков 239 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
30 май 2022, 21:49
Diýmek,Ahmet saýtdan birini tutupdyr.Nätdiñ-äý.Ynanar ýaly däl.Meñ-ä hiç kelläme gelmedi :))
- Dani
30 май 2022, 21:59
Ýylgyrtdy brawo
Alita
30 май 2022, 22:28
hihi govy yazypsyna
Maksat
30 май 2022, 23:08
Gowy ýazylypdyr.
Ahmet
30 май 2022, 23:23
Bäh, birä meni iş edinipdir:)
Ahmet
30 май 2022, 23:26
Ýöne erbet däl, oňat ýazypdyr:)