Diýdiñ sen maña

Gabat geldim sen näzenin jenana,
Sorsam «Başym boş-la» diýdiň sen maňa.
Öňem ýaşap gören ýaly hamana,
«Yşga başyň goşma» diýdiň sen maňa.

Durna ýaly sakdym, barladym yzyn: 
«Başy boş däldir-le seň ýaly gyzyň?!»
Buýsançlyrak diýdiň:«Meniň ýek özüm!
Şu gün göwnüň hoşla» diýdiň sen maňa.

Söýgiň tagamy bar, bar onuň reňki...
Bu dünýäde söýgi bilen meniňki. 
«Ellerim seniňki, lebim seniňki,
Şondan aşak düşme» diýdiň sen maňa. 

«Gül syýa batyryp tawus ýelegin —
Diýdim — seni wasp edeýin, melegim»
«Olam bir alydyr tersa pelegiň,
Şygyr-gazal goşma» diýdiň sen maňa.

«Söýgi betbagtlykdyr, ah bilen zardyr,
Dünýä giň bolsa-da, aşyga dardyr,
Gepi gepe sepläp ýörenler bardyr,
Bir özüňe osma» diýdiň sen maňa.

Süňňüm syzsa näme meniň ýazygym,
Aýtdym ähli aýallar dek azjagyň.
Diýdiň: «Näbileýin ula ýazjagyn,
Oýun bildim başda» diýdiň sen maňa.

Parran geçmän, peýkam galdy arada,
Tapylmady derdimize çäre-de.
Men takal okadym söýgi barada, 
«Ümsüm otur öç-de» diýdiň sen maňa.

Ýyldyza ýörän dek boldum men bu gün,
Goýduň ýüregimde dag bilen düwün.
«Bir gadyrbilmeze berdim men göwün,
Meň kerwenim göçdi» diýdiň sen maňa.

Gaty gördüm öň aýtmadyk sözüňi,
Men öpmezdim dodagyňy, gözüňi.
«Ýigrenmeli edersiňiz özümi
Meni irde-giçde» diýdiň sen maňa.

Italmaz Akmyrat
6 лайков 173 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
16 июн 2022, 20:43
Iň söýýän şahyrlarymyň biri.
Oksimiron
16 июн 2022, 21:12
Ine, goşgyny şeýdip ýazmaly
Belki
16 июн 2022, 22:01
Italmaz Akmyradow,Ahmet Gurbannepesow,Rejepgeldi Mejikow - üçüsiniñ bir meñzeş aýratynlygy goşguny añrybaşy ýazýandyklaryna garamazdan,gerekli şöhraty gazanyp bilmezlikleri. :(
Bu goşgam gaty gowy.
Kerbaba
17 июн 2022, 06:32
Belki
Italmaz Akmyradow,Ahmet Gurbannepesow,Rejepgeldi Mejikow - üçüsiniñ bir meñzeş aýratynlygy goşguny añrybaşy ýazýandyklaryna garamazdan,gerekli şöhraty gazanyp bilmezlikleri. :(
Bu goşgam gaty gowy.

ызкы икисина билемок велин,Италмаз Акмырада хич хачан шохрада гызыкмады..Омруни Елотенин четки кичижек обасвнда яшап гечирди..Мугаллым,Бригадир болуп ишледи.. Улы мешхур языжы шахырлармыз оны пайтагта ише акитжек болуп кан сынанышдылар.. Эмма говнемеди...