DIRI WAGTY AÝDYŇ, DIRIKÄ SYLAŇ…


Biziň çagalygymyzda bar ýokdy, ýok bardy. Gytlyk-ýokluk wagtlarydy. Näme islesek ýok. Ene-atama jynsy alyp beräý diýýän “ýok diýýär. Oýunjak alyp beräý diýýäň “özüň ýasa” diýýär. Men mydama oýunjaklarymy palçykdan ýasadym. Kakamyň kastýumynynyň jübüsindäki işligini kesip alyp, içini pagta bilen dolduryp, pökgi ýasap oýnaýardym. Gyz jigimem öz oýunjaklaryny özi tikýärdi. Şoň üçin bir zadyň gadyryny bilmegi biz çagalykdan öwrendik. Bir gün kakam bize: “Size jynsy alyp bereýinmi?”-diýdi. Bizem begençden uçaýjak bolup “Hawa” diýdik. Soň kakam bazara gitdi.
Biz 3 dogan (2 oglan, 1 gyz) bolup obaň çetindäki kakamyň geljek duralgasynyň ýanyna gidip, iki elimizi eňegimize degirip garaşyp oturdyk. Onsaň arzuw edip başladyk.
-Bää bizem oba sowediň oglunyňky ýaly jynsy geýersmikäk?
Men 3-nji synpa gidýärdim. Gyz jigim 1-nji synpa gidýär. Kiçi jigimiz Rasim bolsa 6 ýaşyndady.
Rasim maňa garap: “Seniň jynsyň haýsy reňk bolar?”-diýdi. Menem “Gara” diýdim. Olam özüniňkiň gök reňkde bolmagyny isleýändigini we özüniňkiň has owadan boljagyny aýdyp gomparyp başlady. Soňam ýene ýüzüme bakyp: “Kakam şäherlileriňki ýaly köwüşem alarmyka?!”-diýdi. Menem “Ýok, almaz. Alsa-da galoş alar”-diýdim.
Ahyry marşurutka geldi. Kakam düşdi, bile öýe geldik. Öýe gelip, paketleri açyşdyryp başlady kakam. Maňa gara jynsy, gara köýnek we galoş alypdyr. Gyz jigime-de edil şolar ýaly. Uly höwes bilen garaşan oglan jigim, paketleri täzeden açyşdyryp barlady, emma özüne zat tapmady. Soňam naýynjar bakyşlary bilen kakama garap “Kaka, hany maňa?”-diýdi. Kakam: “Oglum saňa indiki gezek gidemde aljak”-diýdi. Jigim: “Emma men garaşypdym”diýip aglap-aglap öýden çykyp gitdi. Kakamyň gözlerinden ýaş akdy. Agşam naharda hiç kimden ses çykmady. Diňe Rasimiň hyçkyra-hyçkyra aglaýan sesi gelýärdi. Ertesi okuwa gitdim. Gelemde jigim öňümden çykyp: “Aýý saňa nähili gowy gelşipdir. Bir gezejik geýip göräýin-dä”-diýdi. Men “Bolmaz, hapalarsyň”-diýdim. 2-nji gün ýalbardy, bermedim. 3-nji gün ýalbardy bermedim. Gysylýardym. Köwüşimem ýatamda ýassygymyň ýanynda goýup ýatýardym. 4-nji gün ýene “Saňa gowy gelişýär, belki men geýsem maňa-da gowy gelişer. Haýyş geýip göräýin” diýdi. Menem “Saňa uly bolar” diýdim. “Aşagyny epläp geýäýerin”-diýdi. Hapalarsyň diýsem, “keçäň üstünde geýäýerin. 5 minutjyk aýnaň öňünde geýip görsem bolýar”-diýdi. Ahyry razy boldum. “Ertir juma güni okuwdan gelemde 5 minut geýip göräý, emma hapalaýma”-diýdim. Olam “bolýar” diýdi. Agşamlyk ýerimize geçip ýatan wagtymyz, maňa eli bilen dürtüp: “Sözüňden dänen dälsiň-ä?!”-diýdi. Menem “Ýok, dänmedim”-diýdim. Soň özüniň uklap bilmeýändigini, ertire sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy. Ertesi juma güni ir bilen olam turup: “Bu gün okuwdan çykyp derrew gelgin. Men saňa gapyň öňünde garaşjak”-diýdi. Bolýar diýdim. Okuwa gitdim. 3-nji sagat gapy kakyldy, klasa direktor geldi. Mugallymymyzyň gulagyna bir zatlar pyşyrdap çykyp gitdi. Soň mugallym maňa “Ali seni kakaň çagyrýar. Sen öýňüze git”-diýdi. Menem içimden “Bu jynsy geýmek üçin, meni okuwdan kakama çagyrdýar” diýip pikir etdim. Okuwdan gaýtdym. Ýolda seretsem obadaşlarymyzam bize tarap gidýärler. Howla girdim, seretsem jigim ýok. Ol maňa şu ýerde garaşjakdygyny aýdypdy. Tutuş oba biziň howlymyza üýşen ýalydy. Seretsem ejem howlyň ortarasynda “Maňa Rasim oglumy beriň, maňa balamy beriň”-diýip aglap otyr. Asyl bir uly ýaşuly adam täze alan traktory bilen biziň jaýymyzyň gabadyndan geçip barýarka, jigimi görmän kakypdyr. Jigim traktoryň aşagynda galyp ölüpdir.
Men jigime jynsy geýdirjek günüm jigim öldi. Kakam söýgisiz ulalandygy üçin, bize söýgi bermedi. Bizi söýýärdi, emmä belli edenokdy. Bizi gujaklap bagryna basmady. Aýyp kabul edýärdi.
Ol gün jynazada öli ýuwulyp kepene goýulanda, kakam men aljak diýip, jigimi eline aldy we “Rasim men seni mazara däl, bazara äkidip jynsy aljakdym oglum. Hany tur, seň bilen bile bazara gideli”-diýip, aglap-aglap perýat edip ýöräp gitdi…
Käte oturyp-oturyp, käşgä diri wagty aýtsady, käşgä şol ilki soran güni jynsymy geýdirsedim diýýän.
Wagtyndan soň edilen perýadyň, wagtyndan soň görkezilen söýgiň peýdasy ýok. Ene-atasynda tapmaýan rahatlygy, söýgini, mähiri çagalar telefonda gözleýärler. Esasy zat, adam diri wagty, onuň gözleriniň içine seredip, söýýändigimizi aýdyp bilmekdir…

Bolan waka, Alişan Kapaklikaýa-nyň durmuşyndan ýazylan.
11 лайков 294 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
15 июн 2022, 16:04
Ana, oglanlar saytda haysy gyza gözuňiz gidyän bolsa aydyp galyň
Leyli Amanowa
15 июн 2022, 16:04
şu wagt tuys wagty
- Dani
15 июн 2022, 16:15
Gowy mowzyk, aglatdy)
- Dani
15 июн 2022, 16:16
seň durmuşyňdanmy?
Hiayress
15 июн 2022, 16:18
Biziňem ýaşlygymyz ýoklugyň-bolluk, barlygyň hiç gara bermeýän ýyllaryna düşüpdi. Eýran kaloş, rezin ädik, doganyň eşigi - bir ýyl soň seň işigiň ýada bir razmer uly alynýan, köwüşleriň ujuna kagyz goýup geýilýän döwürlerdi. Okuwçy wagtlarymyz iň uly arzuwymyz dört reňkli ruçkalardy. Oýnaýan oýnawaçlarymyz agaç pistolet, keman, ýaý, aşyk, para, içine kulýonka dykylan top. Ýöne kanagatly ekenik, barymyza şükür ederdik, köp öýdäkilere ony alyp ber, muny alyp ber azar bermänem bilmändiris.
Leyli Amanowa
15 июн 2022, 16:18
- Dani
Gowy mowzyk, aglatdy)

çyota aglanyňa ynanyp bolanoklay
Leyli Amanowa
15 июн 2022, 16:21
Hiayress,
menemä öydäkilere ony alyp ber muny alyp ber diyemedm 19 yylda yeke gezegem. Özleri alyp berjek bolsalaram " Gerek däl azara galmaň" eyle-beyle diyyän ynanmasaň öydäkilere jaň edip öydäkilerden sora. Diňe 70-90 aralygyň çagalary şoň yaly däl
- Dani
15 июн 2022, 16:29
Nairobi
- Dani
Gowy mowzyk, aglatdy)

çyota aglanyňa ynanyp bolanoklay

))))))))))))
kone natanysh
15 июн 2022, 16:47
Ýazyjy Alişan Kapaklikaýa-dan bolmaly.
Telwas
Автор 15 июн 2022, 16:50
kone natanysh,
Hawa, edil özi. YouTube-da gysgajyk wideosyndan diňläp ýazdym. Ady, familýasyny bilmämsoň, ýazmadym. Ýöne, sözüniň arasynda “Alişan” sözi geçýärdi.
kone natanysh
15 июн 2022, 16:59
Salam, indikide ýazaý. Terjime edip ýetirenňe minnetdar, başgada tragediýalary bolmaly.
Esma
15 июн 2022, 17:03
Okap gynandym. :(
Leyli Amanowa
15 июн 2022, 20:48
Hay garaz yarylyp bilen oglana yok araňyzda cilimkesh
Şagyzy Şazada
15 июн 2022, 23:34
gaty gynançly eken çagjyga gynandym göz öňüme gelip gitdi okamda aglanymy bilmän galdym aglaya ???????
Öwreniji
16 июн 2022, 06:14
Mendede bolupdy şuňa meňzeş waka, ýürek gyýyjy, häzir çagardaa şol kemsinme bolmasyn diýip, ýogumdan bar edýän wagtym az däl.
Ayjahan
16 июн 2022, 14:35
Oran haladym menem shular yaly mowzuk doretjek Alisan Kapaklikayanyn hekayalaryndan