“Käte derdiň gözýaş bolup döküler…”
Diňdirjek bolmalyň aglaýanlary,
Goý, egissin ýüreginiň gussasyn!
Bu jahanda gam çekmäge esas bar,
Şatlanmaga bolsa iki esse kän.
Dogýan güneşleri maňlaýa sylyp,
Ýaşan şapaklardan many gözleýäs.
Kä öz bagtymyza mübtela bolup,
Özgäň agyr hasratyny görmeýäs.
Aýlanyp ýör hasabyna jür wagt,
Maslahat soranok, duýanok öýkäň.
Girse bir gapydan sallançak bolup,
Tabyt alyp çykýar başga bir öýden.
Diňdirjek bolmalyň aglaýanlary,
Belki, aýralygyň çekýändir ahyn
Ýa-da öz hasratyn aňmaýanlaryň
Göterip ýörendir betbagt agysyn.
Şatlyk, hasrat — barysy bir ömürde,
Käte derdiň gözýaş bolup döküler.
Meger çyndan aglap görmediklerden
Bagtlydyr ömrüni aglap ötüren.
Döwlet GARKYN
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.