MAGTYMGULYNAMA



Şu kitaby ýazmaga köňül ýardamyny berenleriň we
okanlaryň iki dünýäsi abat bolsun.


Türki halkyýetleriň arasynda
Magtymguly ýaly milli şahyrly
halk diňe türkmenlerdir.
Akademik W. Bartold

Men juda jogapkärli işe ulaşyp, uly hata goýberýän bolaýmaýyn, seresaplygy elden berip il gözünden düşäýmäýin. Bu howp meniň bir ýanymdan aslyşyp dur. Emma Magtymgula çäksiz yhlasym hem meni öz erkime goýanok.
Öňi-soňy Magtymguly hakda ýazmasam ýüregim ynjalyk tapmajagyny bilýän.
Öz ýüregime özüm belet.
Ýüregimdäkini bir ýazaýyn, soňuny soň görübereris.
Ynha beýik Magtymguly alnymda dur, gamgyn-paýhasly, merdem görnüşli. Onuň çuň durmuşy pelsepesi oda dyzaýan perwanalar ýaly aňymda gaýda-gaýmalaşyk. Ýowuz asyr şahyryň arkasyndan abanýar. Magtymguly şol ýowuzlygy buz owradan ýaly owradasy gelýär, sebäbi ol öz asyryndan has ir dünýä inen adam, ol garaňky asyryň ýowuzlygyna hiç bir ýagdaýda-da öwrenişip biljek däl. Magtymgulynyň özünde we eserlerinde görelde alarlyk, bendi ediji, aňrybaş dürslük bar, şol dürslük hem okyjyny özüne maýyl edýär. Ol hiç mahal towşana:”Gaç”, taza:”Kow” diýmedi, elmydama okyjysy bilen bir ojakda ýanýar. Magtymguly: ”Men adamjan, sen badamjan” diýenlerden bolmady. Gözleriň reňki dürli-dürli bolsa-da gözýaşlaryň reňkiniň birligini(Rumy) ýagşy bilýär. Hut şol sebäplere görä-de Magtymguly jahan ýagtylyp başlanda ýitip barýan ýyldyz ýaly ýalňyz. Bu ýalňyzlyk Magtymguly aňly-düşünjeli ýaşa ýetenden başlady. Duşmanlar Magtymgulynyň garşysyna ol entek dünýä inmänkä gylyjyny taplaýardylar, dürli töhmetler taýýarlaýardylar.
Töhmet-namartlaryň ýaragy.
Onsoň şeýle döwürde ömür geçirmek üçin neneňsi pidalara döz gelmeli boljagyny, neneňsi çykalgalar gözlemeli boljagyny göz öňüne getirmegem juda kyn.
Dürli golýazmalar, syýahatçylaryň ýol ýazgylary, galyp-gaçan gap-gaçlar, dürli şekiller... döwrüň belli bir görnüşini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän hem bolsa, her bir durmuş bulardan has giň, has çuň, has çylşyrymly ahyry. Üstesine-de adamyň özakymly aňyna ýol berseň, ol mydama geçmişi sähelçe-de bolsa ýuwmarlap görkezmäge, ýylmamaga, ýagşy zatlaryň ählisi geçmiş bilen giden ýaly ahwal döretmäge ýykgyn etgiç bolar eken. Şeýle-de bolsa Magtymgulyny öz hakyky bolşunda görkezmek hökmany borç bolup galýar, toslamany, rowaýatlary bir gyra süýşürip, onuň goşgularyndaky logika eýermek derkar, şol goşgulary degşirmekden, pikiriň arkasynda, setir arasynda, sözleriň kölegesinde ýazylman ýaňzydylýan pikirleri aýdyňlaşdyrmakdan täze many almak derkar.
Magtymgulynyň ýaşan zamanasy gaty çylşyrymly zamanady. “Daşky duşmanlardan daşary, türkmenleri tire-taýpa agzalalyklary hem bir Bütewilige öwrülmäge päsgel berýärdi. Şol döwürdäki dagynyklyk diňe bir syýasy-ykdysady dagynyklyk däldi, eýsem ilki bilen Halkyň Aňyndaky Dagynyklykdy. Türkmen tire-taýpalarynyň barysy hem özleriniň türkmendiklerine, Türkmen aganyň perzendidigine düşünýärdiler. Emma aňdaky taýpa psihologiýasy bilen «men türkmen» diýen düşünje bilelikde dowam edýärdi, ýaşaýardy. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy bu ýagdaýa öz döwürdeşlerinden has öň göz ýetirýär we halkynyň Aň Bütewiligi ugrunda şygyrlary arkaly göreşýär. Dogry, taryhda «feodal dagynyklygy» at bilen belli bolan dagynyklyk döwrüni hemme halklar millet hökmünde kemala geliş ýolunda hersi birhili başdan geçirýärler. Ýöne şol ýoly görkezýän we ony alyp barýan gerek. Şol ýoly görkezmek bilen alyp barmak ýer bilen gök ýalydygyny aýratyn bellemek gerek. Magtymguly şol ýoly görüp halkyna görkezjek we düşündirjek boldy, Gaýgysyz Atabaýew bolsa şol ýoly alyp gitdi.” (taryhçy A. Amanmyradowdan)
On sekizinji asyrda bişişen, Azadynyň, Şeýdaýynyň eserlerinde özüni görkezip başlan güýçli jemgyýetçilik pikiri, millilik ruhy Magtymgulynyň eserlerinde has aýdyň ýüze çykdy, kämil hala geldi. Ol aşakdaky setirleri ýönelige ýazan däldir:
Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin, açan ýokdur.

Dogrudanam, Magtymgulynyň şygyrlaryny okan okyjynyň öňünde müň bir sorag, müň bir syr keserip ýatyr. Okyjy olara näçe köp jogap tapdygyça Magtymgula-da şonça ysnyşýar. Şahyryň beýikliginiň bir tarapy-ol öz okyjysyny şo soraglary, syrlary açmaga gürrüňsiz imrindirýär. Imrindigiň-sen eýýäm Magtymgulynyň adamsyna öwrülýäň, o seni senden rugsatsyz öz tarapyna geçirip ugraýar. Her ynsanyň beýnisinde gizlenip ýatan ajdarhany ölüm ukusyna gidirmek üçin yhlas edýär. Müňde biri ADAM, beýlekileri kölege bolsa-da, Magtymguly Kämil ADAM ýetişdirmek umydyny üzmändir. Kämil adam düşünjesi, ozaly bilen, medeniýete bagly. Pikirleniş medeniýeti, ýaşaýyş medeniýeti we beýleki sosial-durmuşy medeniýetleriň jeminden umumy medeniýet diýen bir many orta çykýar. Her halkyň ýagdaýy, dogrusy, ykbaly, köplenç şol umumy medeniýete bagly bolup galýar. Bu örän çylşyrymly düşünjäni äsgermezlik etmek ýa-da onuň ähmiýetine kembaha garamak sowatsyzlykdan nyşandyr. Durmuşyň kyn geçelgelerinde halka iň ýakyn ýardamçy şol umumy medeniýetdir. Soňunda kimiň medeniýeti ýokary bolsa şol ýeňýändigini Magtymguly taryhy hakykatdan köp-köp gezek synlapdy.
Magtymgulynyň öz eserleri arkaly halkyň umumy medeniýetini ösdürmegi maksat edinenligi hem bellidir. Şoňa görä, şahyr gaty giň temalara ýüzlenipdir. Onuň iň köp ýüzlenen, iň köp işlän temasy bolsa ADAMY ÖWRENIŞ temasydyr: ölüm, ömür, pelek, tükeniksiz dünyäde zerre ýaly görünýän Adamzadyň ykbaly Magtymgulynyň ürç edip öwrenen meseleleridir. Ol bu meseleleriň filosofiki tarapyna nazar öwürýär. Magtymguly dünýäni we adamzady aýasyna alyp synlan akyldardyr. Ol özünden öňki geçenleriň ýolundan ýöreýär, ýöne öňkülerden uzagraga gidýär. Magtymguly şahyryň syryny her kim özüçe açýar. Her gezek okaňda täze syrlar ýüze çykýar, her gezek oýlana-oýlana olaryň köküne ýetmegiň lezzetini okyjynyň özi ýagşy duýýar. Şahyr ýnsanyň ýolunda esasy mesele ýaly görünýän müň bir meseläni aşyp, iň ähmiýetli meselä okyjyny çekmäge dyzaýar. Beyikleriň köp işländikleri üçin, ýalňyşlary hem az bolmaýar. Olar öz ýalňyşlaryndan köp ders alýarlar. Emma beýikleriň ýalňyşyny görkezmek ýaly kyn zat ýok. Magtymguly hiç bir zadyň görnüşi ýaly däldigini, kähalatda kölegäniň asyl bolup görünýändigini okyja yatladýar. Ömriboýy Magtymgulyny okaýan, özem irmän-arman okaýan okyjylaryň köplügi geň däl. Sebäbi Magtymguly olara ruhy kanagat berip bilýär.

ORAZ ÝAGMYR.
4 лайков 450 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:44
Häzirki zamanyň käbir ýazyjylary özüne gowy şertleriň döredilmänligi sebäpli gowy eser ýazyp bilmeýänliginden zeýrenýärler. Eger şeýle bolsa, onda Magtymgulynyň döremegine nähili düşünmeli?! XVIII asyryň tümünde, ýowuzlygyň möwç urýan döwründe, döredijilik üçin bol-elin şertler-ä beýlede dursun, ýaşaýşyň iň bir ujypsyzja şertleriniňem ýok wagtynda Magtymgulynyň ör-boýuna dikelmegini nädip delillendirip bolar? Günde-günaşa iki taraplaýyn çapawulçylyklar gidýärkä, heniz syýasy kepemedik eserleriňi ýakyp-dargadyp durkalar nädip hemmetaraplaýyn ylym alyp, öz döwrüniň medeniýetinden çuň susaklar bilen susup-susup, ýalňyz başyny bütin asyra, asyrlara garşy goýup bildikä? Üstesine-de onuň ýagtyldyş, täsir ediş örüsi ýeke bir bäş öýli Türkmen bilen çäklenmän Eýrana, Owgana, ähli Türküstana dabarasy ýaýrapdyr. Özem eýýäm özi aýatda diri wagtynda şeýle. Muňa häzirki zaman okyjysynyň akly haýran. Gudrat bilen dörän diýesi gelýär. Elbetde, genileriň döreýşini düşündirip bolmaýar, o tebigatyň syry diýjeklerini bilýäris. Emma tebigatyň beýle syry XVIII asyrda töwerekdäki uly halklarda döremän, ala-böle dagynyk Türkmende, ykdysady ösüşde yza galan Türkmende döreýşine näme diýersiňiz?!
Belki, bu Nyzamy, Rumy, Ýunus Emre, Hajy Bekdaş Weli, Nesimi, Nowaýy, Fuzuly, Garajaoglan... ýaly geçmişde ganybir genileriň dowamydyr?! Belki-de uly medeniýetiň mekany bolan gadymy Nusaýyň, Meşedi-Misriýanyň, Horezmiň, Maru-şahu jahanyň özboluşly täsiridir. Sebäbi täze şäherleriň öň birmahallar ýumrulan şäherleriň harabalygynda ýa-da oňa gaty golaý ýerde döreýäni ýönelige däl bolsa gerek. Muňa köp-köp mysallar getirip boljak.
Belki-de bu Türkmeniň geçmişdäki beýik şöhratynyň netijesidir?! Aleksandr Makedonskiý öz ýörişlerinde öňde-soňda iň uly garşylygy Türkmenleriň ata-baba aslyndan görýär. Mongol basybalyjylarynyň ýeňilmez goşunlygy hakda aýdanlary Jelaleddin Menkubertä we Jelaleddin Ruma duşanda ýalana çykýar. Iki Jelaleddin öz belent ruhy bilen, biri gylyjy bilen, beýlekisi sözi bilen mongollaryň ruhuny öçürdi hem-de olaryň şondan buýanky ýeňişlerini kemeltdi. Mongollaryň Jelaleddinlere duşmadyk ýagdaýyny göz öňüne getirýäňizmi?
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:45
Dünýäde iň gadymy medeniýetleriň biri hasaplanan Jeýtun medeniýeti hem şu toprakda döräpdi.
522-nji ýylda Margianada Fradyň baştutanlygyndaky örän uly azatlyk hereketi öňki SSSR halklarynyň taryhynda ähtibarly çeşmeler arkaly tassyklanan ilkinji halk hereketidir.
Azerbaýjanyň XV1 asyrdaky uly alymy-ensiklopedisti Abd-ar-Reşid ibn Salyh ibn Nury al-Bakuwy:
Olar(Türkmenler-O.Ý.) beýleki halklardan gaty batyrlygy, çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar…Olar Kaspi, Gara deňziň etraplarynda birnäçe halklaryň emele gelmegine öz täsirini ýetirdiler.
XVII asyr Türkmen şahyry Garajaoglan:
Kozan dagyndan neslimiz,
Ary Türkmendir aslymyz.
XV111 asyr Türkmen şahyry Döwletmämmet Azady:
Ger fakirler olmasaýdy dünýede,
Bes heläk olgaýdy baýlar eý, dede!

XVIII asyr Türkmen klassygy Şeýdaýy:

Dagdan belent, ýandakdan pes
Boldy Türkmeniň ahwaly.

Türkileriň taryhy boýunça henize çenli öňüne alym geçmedik akademik W. Bartold:
“Gadymy Türkmenler Uzak Gündogarda, Merkezi we Orta Aziýada hem-de Ýakyn Gündogarda köp sanly türki halklaryň formirlenmeginde uly rol oýnady.”
Türkileriň taryhy babatda köp işler bitiren uly alym L. N. Gumilýow:
“Günortada, Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygynda, onuň aşaky akymlarynda türkileşen arylar, parfýanlaryň iň ýakyn garyndaşlary, Türkmenler ýa-da Guzlar ýaşapdyrlar.”
“Awtor köp-köp sowallary keserdip goýdy weli, özi jogap berse gerek” diýip, oýlanýanlar hem bardyr. Awtor akylly sorag tapmagy we o soraglara okyjy bilen bile jogap gözlemegi maksat edinýär. Muňa Magtymguly iki setirde jaýdar jogap tapyp gidipdir:
Iş geldi, başa düşdi.
Merdana boldum imdi.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:48
Magtymgulynyň doglan ýyly hakda onuň ömrüni, döredijiligini öwrenijiler jedelleşmeýär diýen ýaly. Şahyryň ýigriminji asyryň ahyrynda dünýäden öten garyndaşy Gara işanyň maglumatyna görä, Magtymguly Türkmensähranyň Giň jaý diýen ýerinde ýaz aýynda oraçada dünýä lnipdir. Ähtimal, doglan ýyly hasaplanýan 1733-nji ýyl üýtgewsizligine galsa gerek. Biziň pikirimizçe-de, bu ýyly hasaplap çykarmak üçin köp-köp maglumatlary degşiren alymlaryň zähmeti ýerine düşüpdir. Şonuň üçin faktlara ýaňadan ýüzlenip, sahypa uzaldasymyz gelenok. Eýsem şahyryň dünýä inen döwründe Eýran, Owgan, Turan etraplarynyň ýagdaýy nähilidi? Bu ýyllarda şalyk süren Nedir şanyň öz türki gardaşlary babatda syýasaty neneňsidi? Aýratynlykda, gökleň türkmenleriniň o ýyllardaky takdyrynyň umumy Türkmen ahwalyndan tapawudy nämededi?
Muhammet Kazymyň «Nedirnama» kitaby, Mürze Mehdi hanyň «Nediriň taryhy» diýen kitaplary, ýüze ýakyn ýazyjy tarapyndan ýazylan romanlar beýleki birnäçe çeşmeler şo döwrüň syýasy, ykdysady, medeni ýagdaýlaryny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. “Onuň aly hezretleri(Nedir şa) Deregezdäki Destjert galasynda 1100-nji hijri ýylynyň 28-nji muharreminde şenbe güni dünýä indi (1688-nji ýylyň 22-nji noýabrynda). (MITT, II t. 118 sah.).
Nedir şa eli gylyç tutup başlandan ýaragyny ozaly bilen öz ganybir garyndaşlaryna öwürdi. Hat-da gany gyzanda öz tiredeşleri bolan owşarlary hem aýap goýmady. Söweş boldy, ýeňildem, ýöne aglaba halatlarda ýeňdi. Ýeňen ýeriniň baýlygyny talady, halkyny göçürdi. Her ýurduň tilkisini şo ýurduň tazysy bilen awlady. Ol, turki kowumlaryň boýunegmezeklik häsiýetine öňden belet bolmaly, üstesine-de o halklaryň içerki ýagdaýlariny dyngysyz şugullap duran içalylary ony elmydama söweşe iterdiler. Belki, bu esasy faktorlaryň biri bolmagy hem mümkin. Nedir şa öz häkimligini saklamakdan ötri türki dällere wepadarlygyny görkezip durmak üçin türkilere garşylygyny elmydama tassyklamaga mejbur bolan bolmagy hem mümkin. Bu taýda şaýy-sünni bölünişigi hem uly rol oýnapdyr. Sebäbi onuň gan çaýkan ýollary, köplenç, Türkmen, Özbek halklarynyň üstünden düşüpdir, olary dyngysyz göçhä-göçlüge, talaňa sezewar edipdir. «Öz içiňde dörän duşmandan howply duşman ýok» diýlen jümle-de Nediriň şalyk süren ýyllary köp gaýtalandy. Ýeri gelende aýtsak, Nedirden öňki hem soňky gyzylbaşlaram hut ýurda, halkyň däplerine, gylyklaryna beletligi üçin köp çapawulçylyk edipdirler. «Ýurdy belet çapar» diýleni. Gyzylbaşlar türkmeniň köpsanly gollaryna degişli ahyry.
Etrapda şeýle ýagdaý höküm sürýärkä edil Nediriň eňeginiň astynda oturan gökleňleriň ahwaly neneň bolandyr öýdýärsiňiz?
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:48
Amatly Gürgen etrapy öz behişte meňzeş tebigaty bilenem köp-köp çarwalary, çomurlary özüne çekipdir. Nedir ýaly hilegärler üçin-ä bu ýer hökman gol astynda saklanmaly ýere öwrülendir. Nedir şanyň leşgerleriniň ilkinji salan gylyjy ozaly bilen gökleňlere degmeli. Juda köpsanly tire däldigi, ýomut ýaly uly tire bilenem agzybirligi durnukly bolmadyk, tekeler bilenem umumy dil tapmagyň hyllallalygy gökleňleriň ykbalyna köp özgerişlikler salypdyr, üstesine-de olaryň köpüsi dag türkmenleri. Soňkyny uly faktor hökmünde göresim gelýär, sebäbi düzdeçi ýa-da gumly türkmenlere garanda daglylar öňräk oturymly bolan bolsalar gerek, oturymlylyk eýýäm ekerançylygyň, hünärmentçiligiň döremegine sebäp bolupdyr. Şoňa görä olaryň ýaşaýyş medeniýeti çarwalaryňka garanda ep-esli tapawutlanýar. Munuň üstesine-de başy gowgalylyk-gyzylbaşlar, eýranlylar çozmadyk wagty ýomut, teke çapawulçylyklary, hywalylaryň talaňçylyklary bu tiräni ymykly pikirlenmäge hem-de çykalga gözlemäge mejbur edipdir.
1733-nji ýyl. Bu ýyl geljekki beýik şahyryň doglan ýyly. Ol üç ýaşanda Nedir şalyk tagtyna müner hem-de şahyryň gözel ýaşlygyny gyrmyzy gana boýar. Şahyr on dört ýaşyna ýetende Nediri öz ýaragy bilen öldürerler. Magtymguly bolsa özüniň bireýýäm kämil çykanyny bilip galar.

Bu çaka çen ýaş bilerdiň özüňni,
Gör, bak, indi uly bolup galyp sen.

Belki, Nediriň öldürilmegi bilen köp-köp müşgilleriň müdimi ýok bolup gitjegine juwan şahyr göwni ynanan bolmagy-da ahmal, emma onuň ömründe görjek-çekjek pidalary, maşgala mahrumçylyklary, ruhy ejirleri, ozaly bilenem söýgi betbagtlygy-ählisi öňdedi. On dört ýaşly, ýaňy ýigit çykyberen oglan özüni ykbalyň neneňsi synaglara saljagyny entek näbilsin?!
Ykbalyň oýunlary hakda aýtmazdan ozal Magtymgulynyň çagalyk, ýetginjeklik döwri hakda pikir alşasymyz gelýär. Häzirki wagta çenli şahyryň ömrüniň şu döwri iň bir garaňky, hiç bir maglumatsyz döwür bolmagynda galýar. Şertli bölsek, on dört ýaşa çenli döwri hakda diňe çaklamadan başga häzire çenli tutalga ýok. Magtymgulynyň çagalyk, ýetginjeklik döwrüniň öz deň-duşlarynyňkydan känbir üýtgeşik bolmandygyny aýtsa bolar. Muny nämä esaslanyp aýdýarys? Birinjiden, munda, esasan, ýaşaýyş--durmuş wakalarynyň daşky tarapynyň göz öňünde tutulýanyny aýtmaly. Il deňinde mal bakypdyr, ekerançylyk işine güýmenipdir, kümüşçilik bilen gyzyklanypdyr, ýany bilen gaňňa, eýer ýasamak... ýaly neçjarlyk, gönçülik hünärine hem eli ýetipdir. Sebäbi geçmiş türkmenlerimiziň ýaşaýyş däbinde her bir hünärden gowy baş çykarmasaň hem özüň kösenmezlik derejede bilmeli diýen ýörelge bar eken. Bu türkmençiligiň kökünde bar. On üçünji asyrda Anadola baryp, şo taýda Ahylyk adyny alan akymy ornaşdyran Ahy Ewren diýen adamy ýatlalyň.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:50
Ahylykda şu şertler bar: jomartlyk, başgalary söýmek, dostlaryň bilen ýagşy gatnaşmak, özüňden öň özgelere ýardam bermek, özüňden öň özgeler hakda oýlanmak, başgalara hormat goýmak, şöwketlilik, Allany söýmek, dogry sözlülik, başgalardan öňinçä özüňi düzeltmek, myhmansöýerlik, dostlaryň söýünjine goşulmak, eden ýagşylygyňa jogap garaşmazlyk, toba etmek, sadaka bermek, Allanyň gadagan eden zatlaryny gadagan etmek, ybadat etmek, alymlar bilen söhbet etmek, ylymda maryfet gözlemek, nebsiňi hasapda saklamak, dostlaryňa öwüt bermek, beýikleriň sözüni diňlemek, hiç kime azar bermezlik, dostlaryň jepasyna goşulyşmak, tamakinçilikden çekilmek, soralmasa-da ýagşylyk etmek, başgalary ýagşy, özüňi hataly görmek, eden ýagşylygyňy dile getirmezlik, dostlaryň gybat etmesine garşy bolmak, dostlaryňy bir islege mejbur etmezlik, hyzmat edeňde adam aýyrmazlyk, gulagyňy ýaman sözlerden goramak, goňşuçylygy berjaý etmek, ýamanlyk edeni bagyşlamak, eli gysga ýoldaşlaryňa ýardam bermek, gözel ahlaga baglanmak, ussaňy her zatdan ýokarda tutmak we ş.m.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:50
Ahilikde üç açyklyk we üç ýapyklyk hakda-da aýdylýar, ýagny:
​1. Eliňi açyk tut, jomart bol.
​2. Saçagyňy açyk tut, açlary doýur.
​3. Gapyňy açyk tut, myhmansöýer bol.
​1. Gözüňi ýapyk tut, ýamanlyklary görme.
​2. Diliňi bagly tut, ýaman sözleme.
​3. Biliňi bagly tut, jynsy duýgularyňa we düşünjeleriňe häkim bol, özüňi sakla.
​Ahileriň başga-da bir gyzykly nesihaty bar:
​Köp iýme, pikirleriň kütelişer, körleşer.
​Az we tämiz iý-de oýa bol. Ähli horlanmaň-köp iýmekdendir. Az iýseň, az horlanarsyň.
Olar aýallaryna: “Aşyňa, işiňe, äriňe eýe bol” diýip sargar ekenler. Görşüňiz ýaly, türkmençiligiň dowamy-Ahylykdyr. Muny häli-häzirem halk durmuşyndan yzarlamak bolýar. Üstesine-de Magtymgulylaryň maşgalasynda ýonaçylyk, kümüşçilik bilen öňden bäri meşgullanylandygy hakda köp sanly rowaýatlaram habar berýär. Bu taýda ähli üýtgeşiklik ýaş Magtymgulynyň dünýä neneňsi bakyşynda, töwerekdäki durmuşy neneňsi kabul edişinde bolsa gerek. Geljekki adamyň aňy heniz çaga ýaşyndaka düzülýär diýip ýönelige aýtmaýarlar. Magtymguly çagalykdan saýlanyp-saýlanmanka ejesi Orazgül eje aradan çykýar. Elbetde, ene mährinden ir juda düşmek Magtymgulynyň ömründe yzsyz geçen däldir. Onuň bize mälim bolan eserlerinde enä bagyşlanan setirleriň seýrekligini hem käbir alymlar hut şu fakt bilen delillendirýärler. Ene hakda ýazaýanlygynda-da beýle goşgular köne döwürde ile ýaýradylmandyr, göçürme kitaplara goşulmandyr, diňe şo şygyr ýazanyň özüne degişli hasaplanypdyr. Emma bu babatda entek oýlanyşylmaly, jedelleşilmelimikä öýdýän. Üstesine-de Magtymgulynyň häzirki göçürmelerinde irki goşgularynyň, aýdaly, takmyn on dört ýaşyna çenli ýazan goşgularynyň ýekejesiniňem bize gelip bilmänligini barlaglar tassyklaýar. Şahyrlaryň edähedinden çen tutsaň, ene hakdaky goşgular, köplenç, ýaşlyk ýyllarynda, heniz gursakdaky bütewi söýgi-yşk bilen bölünmedik döwürde köp ýazylýar. Onsoň Magtymguly ene hakda ýazmandyr, ýa seýrek ýazypdyr diýip çürt-kesik aýtmaga hakymyz ýokdur. Jahan giň, şahyryň goşgularynyň ýaýran örüsi hem giň. Bagt getirip, bir ýerlerden Magtymgulynyň goşgularynyň bir lükgesi çyksa-da çykar duruberer. Ýöne şahyryň özüniň şaýatlyk edişi ýaly:

Bäş ýylda bir kitap eden işimiz
Gyzylbaşlar alyp weýran eýledi.
ýa-da:
Ajap dessanymdan goýmady nyşan.
ýa-da:
Golýazma kitabym sile aldyryp
Gözlerim yzynda girýan eýledi.

diýen setirleri onuň öz gözüniň alnynda ýok bolan eserleri hakda oýlanmaga mejbur edýär. Belki, şol eserler şahyryň ilkinji goşgularydyr, ýa-da ömrüniň başky on, on bäş ýylyny şöhlelendiren goşgulardyr.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:52
Geliň, şahyryň biografiýasyna dolanyp geleliň. Bütin ömründe bolşy ýaly, çagalyk, ýetginjeklik ýyllarynda-da şahyra iň köp täsir eden onuň atasy Döwletmämmet-Azady bolupdyr. Ir ýogalan ejesinden ganyp bilmedik mähriniň öwezini hem atasy kanagatlandyran bolarly.
Hoş gylykly, dünýä malyna göz gyzdyrman, dürli ylymlara ömrüni bagyşlan, öz döwrüniň uly pedagogy, ýokary medeniýetli Döwletmämmet-Azady ýaşajyk Magtymguly üçin ýeke bir parasatly-paýhasly ata däl, eýsem ideal derejesinde durupdyr. Azady gündogar däplerinde terbiýelenen, pugta düzgünli, menikli maşgalada önüp-ösen adam bolansoň, onuň maşgala saklaýyş, durmuş ýorediş edähedi hem öňki ata-baba gelýän ýörelgeden çykmandyr.
Emma onuň ylym söýerlik, ruhy erkinlik yhlasy, maşgalanyň öňki\ nesillerine meňzemändir. Adaty ýarym hünärment, ýarym ekerançy maşgalada şahyrlyga, alymlyga dyzaýan şahsyň döremegi maşgala başyny, kowum-gardaşlary oňaýsyz ýagdaýa salypdyr.
Näme üçin?
Mälim bolşy ýaly, natural hojalyk ýöredilýän döwürde maşgala üçin işçi güýji ilkinji zerurlyk bolup durýar, maşgalanyň ýaşamagy üçin şertleri üpjün etmeklik şol işçi gollaryna bagly bolýar. Onsoň, elbetde, maşgalabaşşynyň arzuwy-özüne işde goltgy berjek adam ýetişdirmek. Onda başga meýil ýok. Emma tebigat her maşgalanyň islegini aýratyn hasaba almagy öwrenmändir, onuň hiç kime garaşsyz öz içki hasaplary bar. Ana, onsoň maşgalanyň hernäçe yhlasly dileg etmegine garamazdan, daýhan ogluň, hünärment ogluň deregine şahyr ogul, bagşy ogul, alym ogul... hem ýetişäýýär. Beýle perzentler daýhançylyk, hünärmentçilik bilen meşgullansalaram bu pişä başbitin berilmeýerler. Olaryň göwni kalbyna guýlan şirin duýgulara atygsap dur. Okuw bilen köp meşgullanansoň olaryň el-aýagynyň süňkleri hem başdan gara iş edip ýörenleriňkä garanda çepiksizräk bolýar. Üstesine-de beýnä köp agram berensoň, olar özgelere garanda köpräk kesellegiç bolýar. Bu sypatlar hojalyk ýöredýänlere ýaramaýar, ýöne näme, dogry gelen keýigiň iki gözünden özge ýazygy ýok. Bagryňdan öneni taşlap gitjek ýeriň ýok, kem-kem täze adam bilen öwrenişmeli bolýar, onda ylhamyň dürli-dürli ýüze çykmalaryna, geň bolsa-da kaýyl bolmaly bolýar. Ýöne «Eý, hudaýym, molla ogluň ikisini berenden, bir daýhan ogul berewer» diýip, içinden dileg etmesini goýmaýarlar. Sebäbi hojalykçy maşgalabaşy öz hünärini ogullarynyň dowam etdirmegini isläpdir. Özüne meňzetmek meýlinde nesliň garşylygy hem gizlenen bolsa gerek.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:53
Rowaýatlarda, sorag-ideg edilip toplanan maglumatlarda nebere Magtymguly ýonaçydan gaýdýar. Ol takmyn 1654-nji ýylda doglupdyr. Ýetimligiň, horlugyň zarby bilen talabançylyk edip başlapdyr. Ne öýi bolupdyr, ne-de öwzary. Günleriň birinde ol bir baýa talaban durupdyr, şahyrlykdanam azda--kände habary bar ekeni. Magtymguly ýonaçy kyrk ýaşandan soň ogla ýüzi düşüpdir. Öz kakasynyň hatyrasyny saklap, oňa şonuň adyny dakypdyr, şeýlelikde ogul Döwletmämmet adyny göterip ugrapdyr. Ol on iki ýaşanda kakasy Magtymguly aradan çykypdyr. Şo-nuň bilen Magtymguly birinji hakda maglumat tükenýär.
Döwletmämmediň çagalyk ýyllary, ejesiniň ykbaly hakda maglumatlar biziň döwrümize gelip ýetmändir. Elbetde, kakasynyň şahyr gany oglunyň hem damarlarynda aýlanyp başlaýar. Gündogary öwreniji görnükli akademik Samoýlowiçiň belleýşi ýaly, ahyrda Döwletmämmet ýeke bir görnükli şahyr däl, eýsem uly alymlyga hem ýetişýär. Bir mahallar Magtymguly birinjiniň ýüreginde döräp, tutaşmadyk uçgunlar Döwletmämmetde ýanyp başlaýar.
Onuň pikirleriniň öz döwri üçin, türkmen halkynyň şo wagtky durmuşyna uly itergi bolandygy jedelsizdir. Natural hojalyk kadasy hernäçe garşylyk gorkezse-de Magtymguly ýonaçynyň şahyrlygyny basmaga gurby ýeten bolsa-da, onuň oglunyň şahyrlyk, alymlyk höwesine böwet bolup bilmändir. Tebigat, öň belleýşimiz ýaly, öz edähedinden el üzmändir. Şeýlelikde, bu nesilde şahyrlyk däbi pugta orun alypdyr. Döwletmämmet oglan okatmaklygy hem hemişelik kärine öwrüpdir. Onuň däp bolup gelýän maldarçylykdan, hünärmentçilikden başga ekerançylyk bilen hem gyzyklanandygy hakda rowaýatlar habar berýär.
Aslynda welin, olaryň gadymky ata-babalary diňe bir maldarçylykda däl, eýsem ekerançylygyň hem ýokary medeniýetine ýetipdirler, syýahatçylar şo döwürki tebigaty, ýerleri bal önýän mekan hökmünde suratlandyrýarlar. Arap syýahatçysy Ibn Haukal onunjy asyrda görenlerini teswirlände: Türküstandaky ýaly goýunlar özge hiç ýurtda ýokdur. Goýunlar her ýylda, edil it çagalan ýaly, alty-edi guzy öndürýärler (MITT,I,t.181 sah.). Gadymy Meşedi-Misriýandaky ekerançylyk yzlary köp zatdan habar berýär. Balakan (Balkan) sözi hem ýöne ýere dörän däldir.
Diýmek, «Täze-pugta unudylan köne» diýleni ekerançylyk babatda hem dogry bolýar.
Döwletmämmet durmuşyň bir gyrasyndan girip ugranda, durmuşyň gözenekleri ony barha gysyp başlanda, ol erkana duýgularynyň, ynsan hukugynyň mukaddesligini tassyklaýan hökmünde üstesine-de, Döwletmämmediň bir gije düýşüne Muhammet pygamber girip “sen dowzahdan azat” diýenmiş, şo sebäpli hem ol Azady lakamyny alypdyr. Elbetde, ömrüniň manyly gadamyny okamakdan başlan Döwletmämmet-Azadynyň medeniýet, intellekt babatda kakasyndan köp ozdurany öz-özünden düşnüklidir. Rowaýatlarda Döwletmämmediň ilki oba mekdebinde, soňra Hywa medreseleriniň birinde daýylarynyň kömegi bilen okanlygy aýdylýar. Ýöne ähli harajaty daýylarynyň çekmänligine hem ynanmak gerek: harjy, adatça, ilki özüňden çykýar, soňra özgelerden.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:54
Şu taýda bir ýagdaýa aýratyn üns çekesimiz gelýär. Döwletmämmet Azadynyň, Magtymgulynyň we beýleki Türkmen klassyklarynyň ömri hem döredijiligi otuzynjy ýyllardan güýçli öwrenilip başlandy. O ýyllarda bolsa stalinizmiň berk ýumrugynyň täsirinden çykybilmediler. Ylmy işgäriň ilkinji edähedi — Pylany garyp-daýhan maşgalasynda doglupdyr diýýär. Şoňa göre, türkmen klassyklarynyň ählisi diýen ýaly ýer urup ýerde galan pukara edilip görkezilýär. Ynha, hut şol galp tolkun astynda Döwletmämmet-Azady, Magtymguly hem gereginden artyk pukaralaşdyryldy. Halkyň adalatly aýdyşy ýaly, gedaýlyga-da gurp gerek.
Ýaşajyk Döwletmämmet oba mekdebine höwes bilen gatnapdyr, onuň öz pikirlerine gümralykdan ýaňa özgelere üns bermäge puryjasy bolmandyr, mydama ýüzüni aşak salyp, sessiz-üýnsüz gezer eken. Ýöne kakasynyň öwretjek bolýan hünärlerine garanda onda kitap-ýazuwa yhlasynyň artykdygyny köpler duýupdyr. 0 döwrüň mekdebi, onda-da türkmen obasynyň mekdebi juda ýönekeýligi bilen bellidir. Musulman mekdepleriniň aglabasynda bolşy ýaly, Döwletmämmediň okan mekdebinde-de däp bolup gelýän okadylyş usuly, şol bir kitaplar ulanylypdyr.
XVII asyryň ikinji ýarymynda, XVIII asyrda hem türkmeniň oba mekdebini Samarkandyň, Hyradyň, Maşadyň, Buharanyň, Hywanyň şäher mekdep-medreseleri bilen, o mekanlaryň hatda köp-köp orta mekdepleri bilenem, asla deňeşdirip bolmajagyny aýtmak gerek.
Oba mekdepleri başlangyç bilimden ýokary göterilip bilmändir. Oba mekdeplerinde gyzlar hem okadylypdyr.
Akyl käsesi doluşan Döwletmämmet molla kämilligiň şu basgançagynda eg1enýärkä onuň durmuşynda üýtgeşme bary bolýar. Öňki ogul-gyzyň üstüne ýene bir ogly bolýar. Atasy öz kakasynyň hatyrasyna oňa Magtymguly diýip at dakýar. Şeýlelikde, bu maşgalada ikinji Magtymguly döreýär.
Ogula ýaşlykdan üç zadyň mukaddesligini saklamagy gulagyna guýup başlapdyrlar, atyň, ýaragyň, aýalyň diňe seniňki bolmalydyr, şol üç birligi gorap bilmeseň, il seniň mertebäň pesligini duýýar, saňa hakyky erkek hokmünde garamazlar.
Terbiýe hakda ýokarda aýdylanlaryň ählisi we şuňa meňzeş ýene müňlerçe tertip-düzgün kadalary jemlenip türkmençilik diýen örän uly zady emele getiripdir. Türkmençilik şeýle bir pugta berjaý edilipdir weli, ol milleti tutuş ýok bolmak howpundanam gorap bilipdir, uly ýeňişleriňem özeni şonda ekeni.
Tä ýigriminji asyryň otuzynjy ýyllaryna çenli şeýle terbiýe rüstem gelipdir. Beýik Watançylyk urşy tamamlanandan soň at bilen ýarag türkmeniň golundan gitdi. Aýal meselesinde welin gadymy terbiýe henizem öz oňyn roluny oýnaýar, maşgalasöýerlik däbi türkmen halkyny nika bozmalar ýaly ýaramaz gylyklara bütinleý berilmekden saklaýar. Ýöne häzirlikçe saklaýar. Nika bozýanlaryň prosent hasaby ösüp gidip barýar. Eger her halk, şol sanda türkmenler hem maşgala babatda gadymdan gelýän oňyn däplerini berkitmeseler, täze döwre görä ösdürmeseler maşgala weýrançylygy ýaýrar gider.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 13:56
Maşgala ýok — döwlet ýok.
Türkmen durmuşy bilen tanşan köp-köp syýahatçylar, söwdagärler, içalylar, goşun serkerdeleri Türkmen adamlarynyň gadymdan bärý maşgalasöýerligini, maşgalaçyllygyny belläp geçipdirler.
Döwletmämmet molla çaga kimiň ady dakylsa, şoňa meňzeýärmiş diýen ynanja eýerip, ýaşajyk Magtymgulynyň her bir hereketinden atasynyň sypatlaryny gözläp başlapdyr, beýleki çagalary ýaly menikli, düşbüje häsiýetine guwanyp bakypdyr. Ejesi Orazgüle öz bagryndan önenleriň ählisi deň bolsa-da gaýyn atasynyň ady dakylany üçin Magtymgula aýratyn sarpa goýupdyr. Üstesine-de öz doguranlaryny äriniň söýmegi—ene bagtynyň bir ülşi dälmidir?!
Ýöne synçy Döwletmämmet molla dört-bäş ýaşly oglunyň gursagynda neneňsi ýürek urýanyny yzarlap başlapdyr, sebäbi öňki çagalara bakanda bu ogul daşky dünýä juda höwesek bakypdyr, çaga dünýäsi giňedigiçe ähli zady bilesi gelipdir. Onsoňam Magtymguludan uly ogullaryň birinde hem şahyrlyk, mollaçylyk ýoluny dowam etdirmäge häli-häzire çenli ymtylyş oýanmandyr. Daýhanyň daýhan ogul dileýşi ýaly, molla-da molla, okumyş ogul dileýärdi. Döwletmämmet molla bu islegini açyk aýtmasa-da, tebigaty-durky muny isleýärdi. Ol Magtymgulynyň otur--turşyny, pikir öwrümlerini synladygyça: «Şu oguldan tamam çyksa gerek» diýip umyt edýärdi.
Onuň wagtal-wagtal dymma bolup, böwrüni diňläp ýörşüni hem şoňa ýorýardy.
Birmahallar Döwletmämmet mollanyň huzuryna iki oglanjygy getirenmişler. Emma molla olara ders bermekden ýüz owrüpdir. Sebäbi soralanda: “Ilki bu oglanjyklaryň atasyna ders bermeli” diýipdir. O oglanjyklar Nedir şanyň ogullary ekeni.
Umuman, ýagşylyga garaşmaga Döwletmämmet mollanyň haky bardy. Onuň pikiriçe, ile ýamanlyk etmeýäni, kalbynda garalyk götermeýäni hudaý ýalkamaly ahyry. Ynha, dünýä gowgadan doly, Nedir şa ha onda, ha munda gylyç syryp, halka ot ýakdyranok. Ol köp-köp maşgalalary öýi-öwzary bilen warak-weýran etse-de Hudaý Döwletmämmet mollanyň maşgalasyny öz penasynda saklap gelýär. Elmydama duýdansyz gelýän ajal bu sapar onuň aýaly Orazgüli alyp gidiberipdir. «Orta ýolda atyň durmasyn, orta ýaşda aýalyň ölmesin». Agyr maşgalanyň labyry ýalňyz öz başyna düşensoň Döwletmämmet molla çagalaryna hem ata, hem ene bolmaly bolupdyr. Durmuşyň maşgala ilkinji urgusyny mertlik bilen çekmekde, Dňwletmemmet molla beýlekilere görelde bolupdyr, eger maşgalabaşy sarssa, ogul-gyzyň ne güne düşjegini ol hiç unutmandyr. Gaýta, geljekki urgulara-da kaýyl bolmagy nesline öwredipdir. «Bu durmuş pidaly durmuş ».

Ýyglagyl şam-u säherler beççewar,
Ýyglasa gul, rehmetiň bahry joşar.
Ötegçi
29 июн 2022, 14:00
Bu kitaby okap görmandim. Biz ýaly poctasy ýoklar ucin uly iş edýäñiz Nirvana! Eliñiz gözüñiz der gormesin!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:01
Aradan çykan aýalyň hatyrasyny saklap, o aýalyň ýyly geçýänçä Döwletmämmet molla oýlenmekçi bolmandyr. Eger bardy-geldi öýlenmekçi bolanam bolsa, musulmançylygyň köp aýallyga ygtyýar berýän o döwürlerinde başy boş zenan seýrek ekeni. Üstesine göwün diýibem bir zat bar ahyry. Her ýeteni sulhuň aljak gümany ýok. Döwletmämmet molla dul bolsa-da zenana dul gözi bilen garamandyr, ozaly bilen çagalaryna hem özüne hossarlyk edip biljek, göwni ýumşak zenan gözläpdir. «Atasyz—etim, enesiz — ýesir». Näçe ýyl dulluk ejirini çekeni belli bolmasa-da, onuň çagalaryna juda ýakyn durup, maşgala ojagynyň oduny öçürmän saklandygy anyk.
Ýöne ata hernäçe yhlas etse-de çagalaryna ene, hojalyga aýal ornuny tutup bilmejegine häsiýeti rahat Döwletmämmet molla gowy düşünipdir. Hudaý ýol berse, entek ömrüň menzilleri gysga däl ahyry. O menzili ýalňyz geçerden irräk görünýär. Onsoňam biribar ähli ynsy-jynsy hemraly ýaradypdyr: Günüň hemrasy Aý, äriň hemrasy aýal..., hatda dagda--düzde sebseşip ýören wagşylaryňam hemrasy bar.
Şol günleriň birinde ol türkmeniň gazak tiresinden bir zenana oýlenipdir. O zenan hoşgylawlygy, öýe-ojaga yhlaslylygy bilen gelşine maşgala goşulyşyp gidipdir. Ol birjigem özüni öweý ene ornunda goýmandyr, bu mähremlik çagalara derrew täsir edipdir. Öz çagalarynyň täze enä şeýle tiz öwrenişip, ysnyşyp, mähir berşip gidenine Döwletmämmet molla az begenmändir.
Onsoň maşgala durmuşy ýene öz hanasyndan akyp başlapdyr. El-aýagy ýogynja, togalak kellesinden galpaklary dökülişip duran, gara gözelejik Magtymguly hem täze ejesine imrinip başlapdyr. Ene gujagynda ak ýaglygyň astyndaň jyklap oturan bugdaý meňiz Magtymgulyny göz öňüne getiriň. Öňki ejesini çaga yhlasy bilen gözlän günleri kem-kem ýat bolup, täze mähre gol beripdir. Emma çaga aňynyň bir burçunda näme üçin eneleriň çalşylandygy hakda düşnüksiz duýgy welin orun alyp galypdyr.
Beýlekilere garanda Magtymguly bilen Zübeýda juda ýaş ekeni, Zübeýda ýaňy arlykdan çykan çaga eken. Munça çaga ideg etmäge, öýüň iç-daşyna garamaga, ojak başynyň hysyrdylaryna bäs gelen ýetişikli zenan bu maşgalanyň oba içindäki abraýyny hem duýmaga ýetişipdir, çagalaryň maşgala abraýyna mynasyp terbiýelenmegine uly üns beripdir, onuň bu işine täze aýalyny sulhy alan Döwletmämmet molla-da ýakyndan ýardam beripdir.
Birküç ýyldan täze jigilerem döräp başlaýar, indi Magtymguly bilen Zübeýda oýnamak üçin uzaga gitmän, öz öýlerinde-de oýun hemralaryny tapdylar. Onsoň munça ogul-gyzy ekläp-saklamak üçin uly harajat gerek. Atasyndan miras geçen kümüşçi ussalyk kärinden, oglan okatmakdan gelýän girdeji indi ýeterlik bolmandyr. Oglanlar bakýan malyny artdyrmasa, hemem towekgellik edip, amatly ýere tohum sepmese, başga çykalga galmandyr. Emma zamanasy ýaman boldy. Bakýan malyň galtamana, garakça şam bolsa, eken bugdaýyň ýetişende at debsigi bolsa?!
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:01
Uly ogullary ekini mal-garadan, aýratynam yzyna jojuklaryny tirkäp ýer dörüp ýören mekejinlerden goramaly bolupdyrlar, hemem ekiniň beýle ýanyndaky ýaýlada öz malyny bakypdyrlar. Bu döwürler Magtymguly dört-bäş ýaşly oglanjykdy, aty ýeke münerden balaja bolansoň, agalarynyň münen atynyň syrtyna gonup obadan çykyp, täze daglary, ýaýlalary, ak tokaýlary, gök tokaýlary synlap, dag bulaklaryna çöp atyp oýnady. Bilesigeliji göwni dury suwuň şeýle tiz okdurylyp akyşynyň sebäbini gözläpdir. Derýa nirä barýarka? Onuň çaga gursagyndaky uly ýüregi derýanyň edil gözbaşyna hemem tamamlanýan ýerine atygsady. Ýöne derýanyň hökman akmalydygyny welin ol eýýäm bilýärdi.
Şo günlerden başlap Magtymgulynyň| ýüregi atygsap ugrady. At syrtynda aýy ýaly ýapyşyp oturmaga öwrenişensoň, agalary nirä gitse olam galmajak boldy. Täzeligi görmekden gözi lezzet alyp başlady. Şeýle-de bolsa, ol köplenç, agalary bilen däl--de atasy, ejesi bilen bolmaly boldy. Goňşy obalary hem olaryň yzyna düşüp gördi. Bir gezekki syýahatynda ýokardan dik aşaklygyna akýan derýany hem gördi. Oňa şaglawuk diýilýänini Magtymguly aňşyrmaýardy. Üstesine-de bu görýän ýokardan aşaklygyna akýan derýalaryndan başga has uly, has çuň, has uzak durmuş derýasynyňam barlygyny, onuň, aglaba, aşakdan ýokarlygyna akýanlygyny çaga aňy entek--entekler gümanam etmeýärdi. Magtymguly her gören täze şekilini aňyna nagyş edip çekýärdi. Onuň dünýä nebsewür bakyşyny siňňin synlaýan Döwletmämmet mollanyň bolsa şu oglundan tamasy barha artyp barýardy. Sebäbi dünýäni özgelerden on esse artyk aňmasaň şahyr, alym bolup bolmajagyny ol öz tejribesinde bilýärdi.
Ogul-gyz günsaýyn boý alyp barýardy. Döwletmämmet molla bolsa ertir salkynynda okuwçy okatmak bilen, öýlänine, gijelerine öz ylmyny baýlaşdyrmaga, okuw-ýazuwa yhlas edýärdi. Ötegçi kerwenlerden, argyşa gidýänlerden, Hywada bir wagtda okan dost--ýarlardan kitap baryny sargap alýardy-da öz jaýynda ak kamys geýimli çök düşüp, dyzynyň astyna ýassyk goýup şo okap-ýazyp oturandyr.

Käbe weýran etmeden müň mertebe,
Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý dede.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:02
Kämahallar şahyrlyk ylhamy ony ähli galmagaldan bir ýana alyp çykýardy-da öz yzyna tirkäp, şahyrana dünýä syýahata äkidýärdi, kalbyna berk erk guýýardy, o ylham şahyry şeýle bir belende göterip, oňa şeýle bir kuwwat berýärdi welin, Döwletmämmet molla her owrümde şu dünýaniň haçan döräp, nirä barýandygyna, manysyna, diniň asyl mazmunyna akyl ýetirmäge synanyşmakçy bolýardy. Bir tarapdan şu duýgular leşger tartyp gelýärdi, beýleki tarapdan dini endikler, dini pikirler sürünýärdi. Kalbyndaky bu çaknyşyklary Döwletmämmet molla uzak synlap durup bilmeýärdi, bu çaknyşygyň uçgunlary göwresinden çykyp, äleme paş bolar howatyry ony howpurgadyp alyp barýardy. Onsoň Döwletmämmet molla müň bir mynajat okap, ötünç baryny sorap, günäsiniň ýuwulmagyny diläp ikinji pikire ýan berip başlaýardy. Onsoň dünýewi pikirler eýesiz galyp, örüsi kemelip, kem-kem yza çekilýärdi. Şonda Döwletmämmet molla-da ynjalyk aralaşyp ugraýar. «Meni beýle synaglara salmawer, Alla» diýip, iki goluny asmana açýar. Ol göwnüne gonan üýtgeşik pikir-duýgulary tizräk unudasy gelýär, gaýdyp şeýle pikirler golaýyna gelmez ýaly Gurhany galkan edinýär. Emma adamdaky iň güýçli zadyň söz bolşy ýaly, adamdaky iň agyr zadam onuň pikir-duýgulary. Dogruçyl pikirlenýän her bir adamyň aňynda dogry pikirleriň dörejegi gümana däl. Şonuň üçin Töwrat bolsun, Injil, Gurhan bolsun olar ynsan aňynda dogry pikir döremegine ýol açypdyr.
Döwletmämmet molla okuwçylaryna Gurhany, Hoja Ahmediň hikmetlerini, Wepaýynyň «Rownakul yslam» eserini, «Muhteseri», Nowaýyny, Sopy Allaýaryň eserlerini okatsa-da, bularyň ýeterlik däldigini oňa pedagog tejribesi salgy beripdir. Öwüt-ündewiň, onda-da gadymdan bäri gündogarda rowaç bolan öwüt-ündewiň has doly, has çuň hem hemmetaraplaýyn jemlenen, tamamlanan görnüşini döretmek meýli hem hut şo wagtlar döräpdir. Onuň göwnüne, onuň düşünişiçe, din ýeke bir ýokardan garaýjy, çäre görüji gural däl-de halka ýagşylyk, ýardam ediji, onuň kyn gününi ýeňilleşdiriji serişde bolup görünýär. Mahlasy, ol dini halkdan üzňe göz öňüne getirmeýär. Ynha, ol eken dänesinden ep-esli bugdaý aldy, mal-garasynyň, ogul-gyzynyň başy sag-salamatlyk — bular, eýsem, gudraty güýçli Hudanyň emri bilen dälmidir?! Bütin durkuň bilen yslam ýoluna baş goýmakdan özge hormat bolmaz. Iň uly ylym yslam ylmydyr. Yslam seni päklär, jebir sütemden gorar, eger bardy-geldi üstüňe ejir ýollasa, Allanyn ejiri hem dinsizleriň ejirinden ezizdir.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:03
Döwletmämmet molla şeýle duýgulara imrinip, düşegi yslamdan düzülen kitabyň zerurlygyna gowy göz ýetirýär. Öňki okuw kitaplarynyň kämilleşdirilen hem türkmenleşdirilen nusgasyny ýazyp, halka ýetirmegi öz oňünde maksat edinýär. Bu geçen ömründe okap ýetişen kitaplaryndan alan täze manysyny öz içinde gizläp ýörse, durmuşda toplan tejribesini jemläp halkyna bermese, özüni günäli hasaplajakdy. Onsoňam Döwletmämmet molla diňe öwredýän mollalardan däldi, hem öwredýän hem öwrenýän mollady. Öwretmek esasy zat däl, öwrenmäni öwretmek baş meseledi. Elmydama dury paýhasynyň bolanlygyny onuň okuw-ylymdan hiç sowaşman, yzygider meşgullanandygy bilen düşündirse bolar.
Eýsem-de bolsa, Döwletmämmet molla göwnünde beslän kitabyny ýazmazyndan öňinçä onuň ylmy gory neneňsi bolduka? Belki, ol bu işe wagtyndan ir girişýän bolaýmasyn? Halka ýaramaýan bir kitap ýazyp uly abraýyny döküp oturybermesin?! Çalasowat molla-işanlaryň gülki ýassygyna öwrüläýmesin?
Ýok. Gaýta, Döwletmämmet mollany kitap ýazmaga iterýän, şu ideýany gursagynda döreden hut onuň ylmy gory. Ol türki dilleriň iri şahalaryndan başga pars, arap diline hem türgen eken. Gündogaryň dessanlaryny, klassyklaryny, pygamberler hakdaky rowaýatlary, yslama ýakyn, ony şöhratlandyryjy dürli kitaplary, şahyrlaryň eserlerini, şeýle hem pedagogiki pikirlere ýugrulan eserleri, aýratynlykda, «Kowusnamany» gowy öwrenipdir.
Dewletmämmet Azady «Wagzy-Azat» kitabyny ýazmakda Gündogaryň Firdöwsi, Nyzamy, Sagdy, Nowaýy ýaly beýik şahyrlarynyň wagyz-nesihat beriji «Şanama», «Syrlar hazynasy», «Gülüstan», «Bostan», «Haýratul-ebrar» we beyleki traktatlaryndan, poemalaryndan görelde alypdyr, olary döredijilikli özleşdiripdir.
On üçünji asyrda ýaşan, Ynsan hukuklary hakyndaky beýannama 1948-nji ýylda kabul edilen bolsa, o düzgünleri takmyn ýedi ýüz ýyl öň ýazyp giden Beyik Türk-Türkmen pelsepeçisi Hajy Bekdaş Weli Döwletmämmet mollanyň üns merkezinde bolan bolmagy hakykata gaty ýakyndyr.( H. B. Weliniň öwütlerini teswirläp, ”Makalaat” kitabyny türkmençä terjime edip 1999-njy ýylda kitaby basylaýmaly görnüşe getiripdim-O.Ý.) Şu taýda onuň öwütlerini ýatladaýyn:
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:04
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri

​Ynjasaň-da ynjytma.
​Geliň, janlar, bir bolalyň, iri bolalyň, diri bolalyň.
​Duşmanyňyzyň hem ynsandygyny unutmaň.
​Aýal-gyzlary okadyň.
​Hiç bir milleti we ynsany aýplamaň.
​Her näme gözleseň, özüňden gözle.
​Keramat başdadyr, o täçde däldir.
​Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme.
​Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol.
​Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir.
​Ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir.
​Özüňe agyr geleni özgä ýükleme.
​Gözle, tap.
​Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir.
​Iman bir hazynadyr.
​Rahmanyň asly iman, şeýtanyň asly şübhedir.
​Köňül beýik bir şäherdir.
​Gök aglar – ýer güler.
Jan – bossan, magryfet suwdur. Teşne bossana suw
näme edýän bolsa, magryfetem jana şeýder.
Magryfetli köňül – Allanyň uly hazynasy we
nazargähidir.
Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman bardyr:
birinjisi-nebsewürlikdir, ikinjisi ulumsylyk we egrilik,
üçünjisi – ýalançylyk we hilegärlikdir.
Döwlet – edep, akyl we gözel ahlakdyr.
Ýerde agajy dik tutýan kökdür.
Öz aýplaryny gören kişi hiç kimiň aýbyny dile
getirmeli däldir.
Döwletli kişi – janyny gaflatdan oýaran, halyny bilen
kişidir.
Akyl Aýa, magryfet Güne, ylym Ýyldyza meňzär.
Maksada sabyr bilen ýetiler.
Aýaga galksaň, hyzmat üçin galk. Sözleşseň hikmetli
sözleş.Otursaň hormatly otur.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:04
Eger üns berýän bolsaňyz, ylym ýoluna, şahyrlyga baş goýan adamlaryň köpüsi lukmançylykdan habarly bolupdyr, halk arasynda ulanylýan kesel bejeriş usullaryny, dermanlyk otlaryň neneňsi ulanylyşyny, berhiz düzgünlerini, şahsy gigiýena kadalaryny halk paýhasyndan susup alyp özleri hem ony baýlaşdyrypdyrlar. Bu şo wagtky durmuş zerurlygyndan gelip çykypdyr. Sen ylym bilen, şahyrana döredijilik bilen meşgullanjak bolsaň, ozaly bilen tut ýaly berk saglyk derkar bolupdyr. Emma saglygyňy bejertmäge lukman tapmasaň näme etmeli? Saglyk hemmelere-de gerek, emma kellä agram berýänler jan saglygy hakda iki esse artyk alada etmeseler, ýanyny ýere bermäge mejbur bolupdyrlar. Bu bir tarapdan. Beýleki tarapdan bolsa, okumyş adamlar geçmiş alymlaryň, şahyrlaryň işi bilen tanşanlarynda islese-islemese, medisina babatdaky pikirleriň üstünden barypdyrlar. Galyberse-de, gündogaryň gadymy halk medisinasy ýokary derejä ýetip, her bir okumyşyň muňa üns bermegine mynasyp bolupdyr.
Abu-Aly-ibn-Sinanyň-Awisennanyň ozaly bilen gündogardaky meşhurlygy hakda-da aýdyp oturasy iş hem ýok. Onsoň Döwletmämmet mollanyň bu ýörelgeden sowulmandygyny siz eýýäm güman edýänsiňiz. Türkmensähranyň aram tebigaty dürli-dümen otlara baý ekeni. kesel bejerişde uniwersal hasaplanýan otlar bol bitýän ekeni. Gije çygyna ýuwulan otlary säherde ýygyp ýören Döwletmämmet mollany göz öňüne getiriň. Onuň ir çalaran saç-sakgaly, ak kamysdan tikilen geýimi, säheriň ak dumanyna gatyşyp gidýär. Sooň-soň akademik Wawilow Döwletmämmet mollanyň gezen ýerlerinde ylmy gözleg geçirip, gaty gadymy otlaryň nusgalaryny, şol sanda hatda bugdaýyň ýabany görnüşlerini tapmagy tötänden däldi.
Paýhas piýalasy tümmek tutan Döwletmämmet molla ýaýdana-ýaýdana geljekki kitabyň binýadyny sagdyn, bir-birine pugta sepleşýän beýtlerden örüp başlapdyr. Ynsan ýaly çylşyrymly jandar ýoklugyna, her adamyň beýnisinde bir ajdarha gizlenýändigine, şol wagşyny ömrüboýy gözenekden çykarman ýaşamagyň baş maksatlygyna Döwletmämmet molla gowy akyl ýetirýärdi.
Özüňi tanamak, özüňi öwrenmek, özüňe häkim bolmak- Allanyň ynsana beren baş erkinlikleriniň biridir.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:05
Aslyýetinde, kiçi göwünli molla beýle uly işiň hötdesinden gelibiljegine anyk göz ýetiren bolarly. Hut şol kiçigöwünlilik kitaba mylaýymlyk, özboluşly gözellik reňkini çaýypdyr, okyjynyň hem ýüregini ýumşatmaga, onda ýagşy pikirler oýarmaga täsir edipdir. Özüniň ýokary adamkärçilik medeniýetini, ynsana teşnelik ruhuny bu kitap arkaly okyja geçiripdir.
Elbetde, uly traktaty şygyr bilen ýazmaga uly şahyrlyk tejribesi we ägirt gaýratlylyk derkar bolupdyr. Sebäbi uly esere girişmezden ozal onuň gabarasy seniň howuňy basypdyr. Eger-de şol psihologiki päsgelçilikden başy dik geçibilmeseň, geljekki eseriň şowlulygyna şübhe döräp biler. Şoňa görä-de Döwletmämmet molla hernäçe ýaýdansa--da özüniň şahyrlyk, alymlyk gaýratyna ynamy mizemedik bolarly. Üstesine, Döwletmämmet mollanyň hudaýa ýürekden ynanjy hem bu işde az rol oýnamadymyka diýýän.
Ynanmak—kuwwatyň bir çeşmesi.
Döwletmämmet mollanyň bu eseri ýazmaga haçan girişeni takyk bolmasa-da kyrk bäş ýaş töwereginde başlandyr diýip, çak etmek bolar. «Wagzy-Azadyň» möçberi iki müň üç ýüz on dokuz beýtden ybarat. Setir hasabyndan alnanda dört müň alty ýüz otuz sekiz setir bolýar. Eger, dogrudanam, Azady bu eseri ýazmaga kyrk bäş ýaş töwereginde girişendir diýlip ykrar edilse, onda ol 1740-njy ýyllara gabat gelýär.
Magtymguly bu döwürde ikiýana çapyp ýörenje oglanjyk. Gamçysyndan gan damýan Nedir şanyň bolsa ganly ýörişleriniň rowaç tapan döwri ekeni. Döwletmämmet molla bu zalymyň hereketlerini pugta synlapdyr, ony geçmişde bolup geçen şalar bilen deňeşdiripdir. Belki, eseriň döwlete, şalara degişli babynyň ýazylmagyna Nediriň sansyz talaňçylyklary, gazaply söweşleri, ilaty ondan-oňa zorlukly göçürmeleri sebäp bolandyr?! Her niçigem bolsa Döwletmämmet molla seresaplygy goldan bermän, şoňa görä-de Nediriň adyny gönümel tutman, umuman, şalaryň neneňsi bolmalydygy hakda, halkyna azar bereniň öz köküne palta urýandygy hakda taryhy deliller bilen batyrgaý söhbet açýar.
Bu eseriniň ýazylýanlygyna, känbir güzap bermän beýnisinden syzylyp çykyşyna Döwletmämmet molla öz ýanyndan guwanypdyr. Öňler aýda-ýylda gonup geçýän ylham bir goşgy, ýarym goşgy sowgat berip geçse, indi gyşlamaga gelen guş ýaly uzak eglenipdir. Ana, şonda Döwletmämmet molla özünde basyrylyp ýatan kuwwatyň barlygyna, onuň oýanyp ýardam bermäge başlanlygyna begenipdir, bu başlan uly işini sag-salamatlykda abraý bilen tamamlajakdygyna mizemez ynam döräp ugrapdyr. Emma, entek ýol uzak. Öňde näçe çarkandakly geçitleriň ýatanlygyny, kysmat diýlen bir zadyň adamy her ädimde synagdan geçire-geçire menzile ýetirýändigini parasatly molla hiç-hiç unutmandyr. Bu döwürler ol Hudaýa aýratyn yhlas bilen ýapyşypdyr, Hudaýyň belent emri bolmasa, özüniň bir setir hem ýazmajagyna pugta ynanypdyr.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:05
Emma eseriň başy şowly başlansa-da dünýä gowgasy ony wagtal-wagtal kitapdan çekip alyp, öz yzyna tirkäpdir. Sebäbi, Nedir şa gökleňleriň söweşjeňlik gaýratyna aýratyn sarpa goýupdyr, şoňa görä-de öz goşuny dürli söweşlerde ýeňip-eňlip san taýdan hem ruh taýdan pese gaçanda ol ýene-de türkmenlerden, ozaly bilenem gökleň ýigitlerinden goşunyň üstüni ýetiripdir. Şeýle-de bolsa, köpi gören Nedir bu halkyň boýnyýogynlygyny, özdiýenlidigini asla, unutmandyr, olary goşuna zorluk bilen çekip, elmydama göz astynda saklapdyr. «Kakabaş türkmenlerdir. Ýaragy birden özüme öwüräýmesinler» diýen gorky Nediriň başyndan aýrylmandyr. Nediriň nyzamly goşunynda gulluk ederden Döwletmämmet mollanyň ýaşy ötüşipdir, üstesine-de uly iliň abraýly mollasyna, onuň neberesine degmäge milt edebilmändirler. Şeýle-de bolsa her gezekki goşuna ýygnaşlyk, pida bolanlaryň her gezek patasyny almaklyk il derdini deň çekişýän Döwletmämmet mollanyň kalbyna uly zarbalar urupdyr. Onuň ylhamy o urgulardan aýňalyp bilmän, uzak wagtlap bihal ýatypdyr.
Akyp ýatan durmuş derýasy, ahyry öz hanasyna girende molla ýene galama ýapyşypdyr, onsoň mesge kimin ýumşak mesnewi kagyza nagyş bolup çekilipdir.
Şol günleriň birinde Döwletmämmet molla ýaza ýaza, başy hum kimin çişip otagdan çykanda beýle ýanda daş böleklerinden öýjagaz örüp, ýetim guzujygy şonda ýatyrasy gelýän Magtymgulyny gördi. Guzy ýatasy gelmän tarsa turýar. Magtymguly guzyny ýene ýykyp başyny ýere degrenden: «Meniň guzym ýatypdyr, gyrmyzy güle batypdyr» diýip bir bendi hem tamamlamanka, guzy ene ör turýar. Magtymguly bu başagaýlygynda atasyny görenok. Atasy bolsa oglunyň goşgy aýdanyny ilkinji gezek eşitdi. Ogly bu hüwdi setirlerini läleler ýaly süýndürip, heňlendirip aýtmady-da edil goşgy okalyşy ýaly, örän merdem owaz bileň, pert-pert aýtdy. Goý, ol öz düzen goşgusy bolmasa bolmasyn, ýöne ýaşajyk beýniniň şygyr ritmine imrinişini, goşgyny ýatda saklaýşyny, dilini goşga türgenleşdirişini synlap, Döwletmämmet molla monça boldy. «Şu oglumdan bir zat çykar» diýip, öňki tamasynyň hasyl boljagyna ynamy pugtalandy. Ol häzirki ýazýan kitabyny ogluna bagyşlaýanyny, oglunyň şol kitaby ürç edip okajagyny şonda duýup galdy. Halkyň şeýle kitaba mätäçligi bilen bir hatarda, asyl öz maşgalasynda hem muňa mätäçlik döränligine şonda göz ýetirdi. Döwletmämmet molla şu wagt Magtymgula öňkülerden on esse joşgunly ata mähri bilen garady, o bolsa henizem hiç zatdan bihabar boýnyýogyn guzujygy howpdan halas etmek üçin ony indi şo jaýjagazda goýup gapyjygyna daş örýärdi. Onuň çaga pikiriçe, şeýtse ýetim guzyny möjek iýibilmejek ýalydy. Ämma az salymdan guzy döşi bilen daşlary itişdirip, böküp gitdi. Magtymguly hem yzyndan ýüwürdi.
Telwas
Автор 29 июн 2022, 14:06
Döwletmämmet mollanyň hem ýagşy pikirlerini ýakymsyz pikirler gysyp ugrady. Ol bu ýaman zamanda göwün isläni deý ýaşap bolmaýanyna gynandy. «Alym, şahyr ýetişdirýäniňi ýa-da Nedir şa üçin esger ýetişdirýäniňi bilmeseň nädersiň?!» Ýöne ol başga bir hakykaty bilýärdi: gazaby güýçli şalar tagtyndan tiz taýýar.

Patyşah kim zulm-u jöwr etse, biliň, Bereketi gitgeý bu älem ähliniň.
ýa-da:
Padyşahnyň zulumdyr kökün gazan,
Jöwürdur hem mülki-esbabyn bozan.

ýaly setirler şeýle duýgulardan soňra kitaba ýazylan bolsa gerek.
Her niçik bolsa-da Döwletmämmet molla oglunyň dilinden eşidenini hiç unudyp bilmedi, Bu oňa ilkinji buşlukçy boldy. Belki, ogly adam çykýança Nediriňem bellisini ederler. «Alla zulumkeşiň günäsini geçgiç däldir. Ýa ýaradan, sadyk gullaryňa adalatly şa göndereweri».
Emma Döwletmämmet mollanyň nalyşyny heniz Alla eşitmedi: Nedir şa barha rowaçlyk tapýar. Hanha, ýene bir halky yzanda-çuwan edip kerwene ýükläp goýberdi. Halkara kerwen ýollarynda, öňküler ýaly, kemputly, parçaly, zer-zümerretli bezirgenler däl-de talaňa barýan hatar-hatar leşgerler ýa-da iki ýana göçürilýän betbagt halaýyk görünýärdi. Gul bazarlary artdy gitdi, içi guldan hyryn-dykyn doldy. «Ertir özüniň gul boljagy görnüp durka, gul satyn almak nömä gerek?» diýip, häzirki okyjynyň kinaýaly ýylgyrmagy-da mümkin. Hawa, geçip giden durmuş elmydama sähelçe gülkünç görünýär. Emma bizem geçip gideris welin, gelen nesile sähel gülknç görünjegi-miz hakdyr.
Nedir şa indi Eýran, Turan, Horasan, Hywa, Buhara bilen kanagatlanman Kawkazyň bir bölegini alýar, Osman imperiýasyna, Hindistan, Çynma-Çyn ýurtlaryna göz dikip, täze salgyt, täze goşun ýygnap başlaýar.
Başdan sowulmadyk zalym Nedir şa köpleri göwnüçökgünlige urmaga, bu dünýäniň panylygyna, düýbi boşlugyna ynanmaga mejbur edýär. Şol ahwalaty Döwletmämmet molla kitabyň başynda görkezipdir:

Dünýäniň ardy bilen goýdym gadam,
Istedim sagatba-sagat, dembe-dem.
Jan bile çekdim jefasyn, wa-daryg,
Isteýu zowky-safasyn, wa-daryg.
Fany ermiş, görmedim mundan wefa,
Çoh jefalyg biwefamyş, biwefa.

Başyndan ömürylla sowulmajak ýaly bolup görnen Nedir şany we umuman şalary şahyr kitabynyň başky babynda seljerip geçýär. Bu bapda gönümel Nedire ýüzlenilmän, dürli rowaýatlar, durmuşdan gymsallar, öňki geçen şalaryň taryhyndan parçalar ulanylyp, şalaryň kysmaty, tagt rowaçlygynyň soňunyň olary nirelerden çykarýanyny durmuş kanunalaýyklygy hökmünde görkezýär.
Öwreniji
29 июн 2022, 19:07
Gowy goýupsyňyz, men gözläp ýörenim
Apples
29 июн 2022, 23:21
Name ucin Magtygulynyn ejesi hakda kop maglumat yok