Magtymguly Pyragy-edebiýatyñ göwher tãji

Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar.
Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da özü­niň aja­ýyp dö­re­di­ji­li­gi bi­len öç­me­jek yz gal­dy­ran be­ýik akyl­dar­la­ryň bi­ri hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Be­ýik şa­hy­ryň şy­gry­ýet dün­ýä­sin­de türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy öz aý­dyň beýanyny ta­pyp­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry dur­muş­da dog­ry ýo­ly sal­gy ber­ýän öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­ge­dir.
Bil­şi­miz ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2014-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 290 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­nilip ge­çil­di. Şol ýyl­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar­dyr mas­la­hat­lar we köp san­ly çä­re­le­r hem-de türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň eser­le­ri­niň dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň kö­pü­si­niň dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň buý­san­jy bo­lan be­ýik söz us­sa­dy­nyň şah­sy­ýe­ti­ne we mi­ra­sy­na gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, şa­hy­ryň dog­duk me­ka­nyn­da, onuň ady­ny buý­sanç bi­len gö­ter­ýän et­ra­byn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň hem-de mu­ze­ýiň açy­lan­dy­gy­ny gu­wanç bi­len bel­le­me­li­di­ris.Mälim bolşy ýaly, geçen 2021-nji ýylyň fewral aýynda Milli Lidermiz «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Häzirki wagtda şanly senä uly taýýarlyk görülýär.
Ýakynda bolsa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylandygy hakyndaky hoş habar bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy, göwün guşlaryny ganatlandyrdy.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň jöw­her paý­ha­sy­ny siň­di­ren şy­gyr­la­ryn­da yn­san­per­wer­li­ge uly üns be­rip­dir. Akyl­dar be­den sag­dyn­ly­gy­ny, güýç­lü­li­gi mert ýi­gi­diň ze­rur sy­pat­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lap, öz döw­rü­niň mert, ba­tyr ýi­git­le­ri­ni wasp edipdir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy dur­mu­şyň agyr pur­sat­la­ryn­da ejiz­le­män, oňa mert­lik bi­len döz gel­me­li­di­gi­ni, gö­reş­me­li­di­gi­ni ün­de­ýär. Şahyryň dün­ýä ha­kyn­da­ky oý­lan­ma­la­ry äh­li çuň­lu­gy we da­na­ly­gy bi­len dö­re­di­ji­li­gi­ne si­ňip­dir. Ol öz yk­ba­ly­ny ba­gyş eden işin­de belent derejelere ýetip, öz döw­rü­niň us­sat şa­hy­ry hök­mün­de hal­kyň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dyr. Wa­tan­sö­ýü­ji­lik te­ma­sy be­ýik şa­hy­ryň eser­le­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup ge­çýär. Şa­hyr ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ryň halkyň içindedigine dü­şün­ýär, şo­nuň üçin hem ol Wa­ta­nyň üs­tü­ne howp aba­nan wag­ty, ola­ra ýüz tu­tup, iliň-günüň ar-na­my­sy­ny go­rap sak­la­ma­ga bü­tin türk­men hal­ky­ny ça­gyr­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň «Türk­me­niň», «Gür­ge­niň», «Gök­leň», «Türk­men bi­na­sy», «Ili göz­lär», «Bi­lin­mez» ýa­ly en­çe­me goş­gu­la­ry onuň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­niň be­lent mer­te­be­si­ni gör­kez­ýär.
«Arkadag serdarly bagtyýar ýaşlar» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da be­ýik şa­hy­ryň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.


Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniñ mugallymy
Babaýewa A.S.
0 лайков 153 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.