“EZIZOWYŇ EMRI BILEN...”

Ertir, baharyň ilkinji güni öz gysga ömrüne garamazdan XX asyr türkmen edebiýatynda, umuman, türkmen edebiýatynda uly yz goýan şahyr Gurbannazar Ezizow aramyzda gezip ýörenliginde 82 ýaşamalydy...
Baharyň ilkinji gününde biziň ýadymyzy täzeläp, guwanjymyzy, buýsanjymyzy belende göterip, türkmen edebiýatynda şygryýet älemini özgerden şahyrymyz Gurbannazar Ezizow kalplara dolýar. Şonuň üçinem bahar Gurbannazar şahyry getirýärmi, Gurbannazar şahyr bahary getirýärmi, anyk kesgitlemek kyn. Çünki olar göbek bagy bilen aýrylmaz baglanyşykly.
Ol 1940-njy ýylyň 1-nji martynda dünýä indi, 35 ýyldan soň — 1975-nji ýylyň güýzünde bolsa aramyzdan gitdi. Şeýle gysga ömür menzilinde şahyr häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň arasynda öz mynasyp ornuny tapdy.
Gurbannazar Ezizow, onuň döredijilik mirasy barada döwürdeşleri, pikirdeşleri, ýazyjy-şahyrlar, edebiýatçylar, žurnalistler tarapyndan köp zat ýazyldy we aýdyldy. Ýöne şahyryň döredijiligi hakyky şahyr sungaty hökmünde egsilmez, köpgyraňly dünýä bolmagynda galýar.
Her täze nesil bu ýiti zehiniň döreden eserleri bilen tanşyp, özi üçin ony täzeden açýar, şahyryň döredijiligi barada özüçe pikir ýöredýär.
Gaýtalanmajak özboluşly şygryýeti onuň geçen asyryň 60-njy ýyllarynda şygyr sungatyna gelen ýaşlaryň öňbaşçysyna öwrülmegine getirdi. Mundan başga-da, ol 60-70-nji ýyllaryň türkmen edebiýatynyň täze ugurlaryny esaslandyran şahyrlaryň biridir.
Gurbannazar Eziziow döredijiligi halkymyzyň dürli neslini birleşdirýän seýrek şahyrlaryň biridir. Baharda gelen Gurbannazar täze baharlary getirer. Täze baharlary getiren Gurbannazar Ezizow biziň ýadymyzy, aňymyzy hemişe täzelär durar. Dünýä dursa, söýgüli şahyrymyz biziň bilen müdimilik galar. Çünki ol — häzirem biziň aramyzda, biziň ählimiz üçin eziz Ezizow...
4 лайков 283 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 28 фев 2022, 11:42
MÄMMET SEÝIDOW:

Gazan doly süýde gaçan zäk bolup,
Birje gün bir ýylyň tagamyn ýoýdy.
Adamlaryň gaýa ýaly göwresin
Ezilen torgaýa dönderip goýdy...

KERIM GURBANNEPESOW:

Gitdiň. Agladyk.
Şu günem — üçüň.
Diýmek, gidenňe
Bolupdyr üç gün.

Üç gün, üçje gün —
Ölüm üçin hiç.
Aglarys öýtdük
Kyrkyňa deňiç.

Aglarys öýtdük
Ýylyňa çenli...
Aglamak juda
Kyn bora çemli.

Ýene çaý-nahar,
Ýene-de gülki.
Onsoň gybatam
Ediler, belki.

Aýdyşym ýaly —
Edildi gybat.
Soň şorta söze
Berildi nobat...

Bir sagat ozal
Belläpdik üçüň.
Parhlyrak bolgun,
Günämiz geçgin!

Geçseň-geçmeseň,
Bolşumyz şeýle.
...Gün bolsa eýýäm
Bolupdyr öýle.

Öz öýlesini
Duýanok hiç kim...
Gitdiň. Hoşlaşdyk.
Agladyk üç gün.

Aglarys öýtdük
Üç gün däl, on ýyl.
(Şoňa mynasyp
ýitirlen ogul!)

Aglarys öýtdük
Uzak, uzak, uzak.
Aglamak hakmy?
Aglamazlyk hak?

Ynsaba bagly
Bu garry sowal.
Häzir dymylsyn,
Jogap hökman däl...

NAZAR GULLAÝEW:

...Gyş geler, daglarmyz gara bürener,
Ýaz geler, baglarmyz bara bürener,
Tomus ge:r, ülkämiz nura bürener,
Ah, ýöne güýz geler Gurbannazarsyz!..

GURBANÝAZ DAŞGYNOW:

Durnalar gaýmak dek syrylyp güýzde,
Ýapraga ýaýranda güýzüň gussasy,
Gelýär durnalaryň owazy bilen
Gurbannazaryň sesi.

NÄZIK ANNATYÝEWA:

Gursagyňyz aýdymlardan doludy,
Neneňsi kesildi juwan ömrüňiz?
Aramyzdan ir gitdiňiz sogrulyp,
Tüýs gülleýän,
Miwe berýän döwrüňiz...

AMANMYRAT BUGAÝEW:

...Ynha, menem goşgy ýazýan sen hakda,
(Düýn-ä oglanmyşym, bu gün hem goja!)
Seniň diri wagtyň ýeriň ýüzünde
Bu dana sözlerim gidipdi küjä?!

ŞADURDY ÇARYGULYÝEW:

...Penjireleň tutusyn
Oýnap girýän şemalda
Seň sesiň bar, ol bize
Kuwwat berýär her halda.

ANNABERDI AGABAÝEW:

Sözlense bir ataň goç ogly hakda,
Bir enäň ýaz ogly hakda sözlense,
Başdaşyna — bägül,
Balasyna — bal,
Ýoldaşyna — gardaş,
Dostuna — ykbal
Ýigitleň içinden ýigit gözlense,
Saňa meniň gözlerimden gitme ýok,
Saňa meniň sözlerimden gitme ýok!

Jahyllar agzasa “jahyllyk” sözün,
Kämiller agzasa “kämillik” sözün,
Şygyrýet bagynda
Juwan çagynda
Bir gunça göterip nurana ýüzün,
Ýagtyltsa azajyk türkmeniň düzün,
Saňa meniň gözlerimden gitme ýok,
Saňa meniň sözlerimden gitme ýok!

Baharyň çogunda,
Çilläň garynda
Daň ýyldyznyň dogjak-dogjak çagynda,
Ýaşlygmyzyň şol gadymy bagynda
(Üstünden geçse-de tomuslar, gyşlar)
Seni aýdym edip saýraýar guşlar.
Şoňa meniň gulagymdan gitme ýok,
Saňa meniň ýüregimden gitme ýok!.
Pegas
Автор 28 фев 2022, 11:42
HALYL KULYÝEW:

Bu dünýäde bolýar erkek doganlar,
Ýene bu dünýäde bolýar uýalar.
Bir garynda ýatyp, bile doganlar
Biri kemis bolsa, biri uýalar.

Ýok, biz ikimiz doganam däldik,
Ýöne ikimiziň birdi uýamyz.
Biz — bizdik:
Men Halyldym, senem Gurbannazardyň,
Bir almany ikä bölen ýalydyk.
Birdi namysymyz,
Birdi haýamyz.

Bir garynda ýatmasamam seň bilen,
Men giň dünýäde täk galdym sensiz.
“Gurbannazar öldi?!”
Bu habar ýalan!
Kimdir biri meni aldandyr kemsiz.

Adamlar, bir zada düşünmek gerek,
Näm üçin bir zady bileňizok siz?
Ýürek şeýle diýýär, şeý diýýär ýürek:
“Nädip ýaşamaly Gurbannazarsyz?!”

Entek başym dikkä ýene ýazaryn,
Sen maňa düşýänsiň, Gurbannazarym!

ITALMAZ NURYÝEW:

Siz gitdiňiz...
Siziň bilen geçirlen
Goşguly gijeleň, gündizleň baryn
Indi her gün hakydamda oýaryp,
Şol goşa dünýäni göterip ýörün...

ÖWEZMYRAT BABAÝEW:

Seni tanamaýan käbir şahyrlar
Aýagaldygyna “şygyr” ýazýarlar,
Bu döwürde uzalypdyr susaklar,
Seniň adyň bilen at gazanýarlar,
Olara ýagyp dur köp gonorarlar.
A sen zehinlere nazar salardyň,
Şonuň üçin Eziz Gurbannazardyň!..

ANNALY BERDIÝEW:

Daglar, baglar, ýollar ýatladar durar
Nurana keşbini, gadyr-gymmatyn.
Hergiz kalbymyza hemra bor ýörer
Ýeketäk zürýady Eziz Hümmediň...

AHMET GURBANNEPESOW:

...Bir oňat gyz sy-pan
Hem şemal sy-pan
Bu başym gargadyr,
Bilbile — hekem.
Maňa “Göwnüň çökgün” diýme, halypam,
Şem ýanan mahaly aglaýan eken...

NOBATGULY REJEBOW:

...Ýanýar, daragtlaryň ýapragy ýanýar!
Wah, gyrmyzy güýzüň derdi öňdenem...
Bu o:t alan güýzi gözýaşlar bilen
Öçürersiň neneň?
Öçürjek neneň?!
ýüreksözi
28 фев 2022, 11:51
şu makalada Annaberdi Agabaýewiňki bolmaly G. Ezizowyň iň gowy dosty bolmaly
ýüreksözi
28 фев 2022, 11:52
şu Gün Şahyryň doglan güni Ýatan ýeri ýagty bolsun halypaň
Pegas
Автор 28 фев 2022, 11:58
Цитата: ýüreksözi
şu makalada Annaberdi Agabaýewiňki bolmaly G. Ezizowyň iň gowy dosty bolmaly

Sözbaşydaky at bilen kitaby bar Annaberdi Agabaýewiň. Makala oňky däl)
Pegas
Автор 28 фев 2022, 11:59
Цитата: ýüreksözi
şu Gün Şahyryň doglan güni Ýatan ýeri ýagty bolsun halypaň

Ertir.
ýüreksözi
28 фев 2022, 12:02
Цитата: Pegas
Цитата: ýüreksözi
şu Gün Şahyryň doglan güni Ýatan ýeri ýagty bolsun halypaň

Ertir.

Wiý howwa men şu gün 1 martmyka diýýändä howa şony ýatladýa
ýüreksözi
28 фев 2022, 12:03
Цитата: Pegas
Цитата: ýüreksözi
şu makalada Annaberdi Agabaýewiňki bolmaly G. Ezizowyň iň gowy dosty bolmaly

Sözbaşydaky at bilen kitaby bar Annaberdi Agabaýewiň. Makala oňky däl)

Şoňama bir kitaby bolmalymyka diýipdim şol at bilen makalany okamandym sag boluň köp köp
Maksat
28 фев 2022, 12:27
Pegas,
Sagbol ýetireniňe beýik adam ölmez ýitmez goşgulary goýup gitdi. Kerim agaň bu goşgusyny birinji gezek okaýan, üýtgeşik duýgy döretdi mende.