Gurbannazar Ezizow
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygryýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär. Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda aradan çykýar.
Döredijiligi:
Gurbannazar on bäş ýaşyndaka, onuň ilkinji goşgulary çap edilip başlanýar. G. Ezizow ýüzlerçe täzeçil, gowy goşgular bilen birlikde türkmen edebiýatynda ilkinji bolup “Sonetler çemenini” döretdi. “Daş gyz”, “Pikir derýasynda akyl gämisi”, “Söýgi”, “Güýz” poemalaryny, “Nesiller”, “Uruşdan soň”, “Tabyt” dramalaryny, “Görogly” şadessanynyň librettosyny ýazdy.
Ezizowyň poeziýasyna setirleriň çeperligi, çuň manylylygy häsiýetlidir. Onuň «Oglan bilen deňiz» (1969), «Ynam» (1971), «Ýer-gögüň arasynda» (1973), «Gyzyl otrýad hakynda ballada» (1978) ýaly goşgular ýygyndylary çap edildi. 1960-70 ýyllarda E. ýaş türkmen sowet poeziýasynyň ösüşine uly goşant goşýar. Şahyryň ýazyş manerasy goşgularynyň stili, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şahyr öz eli bilen toplan iň soňky goşgular kitabyny «Güýz» (1978) atlandyrýar.«Serpaý» diýen goşgular ýygyndysy 1978-nji ýylda neşir edilýär. Onuň «Türkmen sährasy», «Daglar» ýaly goşgulary aýdymçylaryň repertuaryna ornaşdy. Poemalary sahnalaşdyryldy. Şahyryň goşgulary ençeme halklarynyň diline terjime edildi.
2007-nji we 2011-nji ýyllarda Ezizowyň goşgular ýygyndylary çap edilýär.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.