Gurbannazar Ezizow.

Bahar säher bilen başlady işe,
Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.
Baldaklary gök reňke boýady,
Gülälekler al öwüsdi dessine.

Ellerinden dür dökülýän baharyň,
Nepesi durlady çygly howany.
Soňra syryp gök ýüzünden buludy,
Mawy reňke boýap çykdy asmany.

Mawy gözlem şu asmanyň aşygy,
Şoň reňkinden akyl-huşum göçendir.
Belki, martda sallançakda ýatyrkam
Gökden daman iki mawy damjajyk
Gelip meniň gözlerime gaçandyr.


Gurbannazar Ezizow

Su gun Gurbannazar Ezizowyn hem doglan guni. Intagem, yasan bolsa ajapdan ajap gosgularyny bize yetirerdi. Yatan yeri yagty, jayy jennet bolsun.
2 лайков 188 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bägül
01 мар 2022, 14:05
Şeýle bolsun.
ýüreksözi
01 мар 2022, 14:06
Şu gün şahyryň doglan güni ýatan ýeri ýagty bolsun halypaň
Bägül
01 мар 2022, 14:07
82 ýylam geçipdir welin,
Aramyzda diri ýaly henizem
Beýikler mydam ýaşamaly bolsa,
Baky ýaşar Gurbannazar Ezizem

Ylham Gurbanaly
ýüreksözi
01 мар 2022, 14:10
Bägül,
howwa gezip ýören bolsa 82 ýaşajak eken pahyr
doctor
01 мар 2022, 14:16
awwa gynanyan mana menzesh eken:)
Leyli Amanowa
01 мар 2022, 16:18
Owadan adamdy