Gideýinmi, döneýin? Bar bolsa ýer, seň dünýäňde galaýyn?!
Haýyşnama
Men gitmäge mynasypmy,
Dälmi ýa?
Jogaplarym seň gözleňde galdy ýar.
Bu aşygyň kowulmaly däldi ýar,
pikirlen, çöz,
Gideýinmi, döneýin?
Bar bolsa ýer,
seň dünýäňde galaýyn?!
Oýun bilen, boýun etdik söýgini,
Şoňa görä saldy başa gaýgyny,
Ýürek indi başgasyny söýdi:rmi?
Gitmek aňsat,
Emma durmuş däl oýun,
Ejaza ber,
seň dünýäňde galaýyn?!
Gitjek welin,
Ýaşap bilmen ýüreksiz,
Sende galdy...
Ýitdi menden dereksiz,
Belki oňa menden, sen has gereksiň,
ýüregmi ber, boş gursagmy dolaýyn,
Etme kemter,
seň dünýäňde galaýyn?!
Gözelligňi gabanşyp dur joralaň,
Saňa baksam, abanşyp dur joralaň.
Döremänkä seň daşyňda gozgalaň,
Göripleri töwerekden ýonaýyn,
Duşman ýeňler,
Seň dünýäñde galaýyn?!
Soraglarmy örüp barýaň petdeläp,
Jogaplarňa garaşaryn hepdeläp,
Men ýadadym jady,
"Syrtlan çöp" diläp...
Razylyk ber ertekiden dynaýyn,
Hyýally ser...
Seň dünýäñde galaýyn?!
Umyt berýäň,
Nä sebäpden,
söýmeseň?
Ýollar ýapyk "Hawa" ýa "ýok" diýmeseň.
Razy bolsaň taýýar, toýuň öýmesem,
Hat-da töri garaşybam dur öýüň,
Gel dünýä gur,
Men dünýäňde galaýyn?!
***
Nika
Asman ýaly agrasdyñ sen,
Çeşme ýaly arassadyñ,
Mukkadesdiñ, beýikdiñ sen,
Çaga ýaly neressediñ.
Kanun ýaly möhümdiñ sen,
Suw, howa deý gereklidiñ.
Halallyga ýolduñ baky,
Bagt, nygmatly tarapyñdy.
Ýeke sözlük, wepalylyk,
Üzülmejek tanapyñdy.
Bu gün bolsa ownadyñ sen,
Üzüldimi tanaplaryñ?
Agyr düşüp ugradyla,
Adamzada talaplaryñ...
Ynha indi bakylyk däl,
Bezeg bolduñ toý gününe.
Ondan soñra mähriñ undup,
Goýberýänler köp gümüñe.
Öñ ýekediñ, ömürlikdiñ,
Bu gün arzanlady nyrhyñ.
Hat-da käbir ýaş-juwana,
Duýulanok, bar, ýok parhyñ.
Ejizleme türkmen üçin,
Möhümleriñ, möhümisiñ!
Bagta gadam basanlaryñ,
Bakylygy möhürisiñ!
Şan-şöhratyñ gaýdyp alyp,
Ojaklara ber mährini.
Ynsanlaryñ ýadyna sal,
Hudaýa beren ähdini.
Awtor: KerimHally
Men gitmäge mynasypmy,
Dälmi ýa?
Jogaplarym seň gözleňde galdy ýar.
Bu aşygyň kowulmaly däldi ýar,
pikirlen, çöz,
Gideýinmi, döneýin?
Bar bolsa ýer,
seň dünýäňde galaýyn?!
Oýun bilen, boýun etdik söýgini,
Şoňa görä saldy başa gaýgyny,
Ýürek indi başgasyny söýdi:rmi?
Gitmek aňsat,
Emma durmuş däl oýun,
Ejaza ber,
seň dünýäňde galaýyn?!
Gitjek welin,
Ýaşap bilmen ýüreksiz,
Sende galdy...
Ýitdi menden dereksiz,
Belki oňa menden, sen has gereksiň,
ýüregmi ber, boş gursagmy dolaýyn,
Etme kemter,
seň dünýäňde galaýyn?!
Gözelligňi gabanşyp dur joralaň,
Saňa baksam, abanşyp dur joralaň.
Döremänkä seň daşyňda gozgalaň,
Göripleri töwerekden ýonaýyn,
Duşman ýeňler,
Seň dünýäñde galaýyn?!
Soraglarmy örüp barýaň petdeläp,
Jogaplarňa garaşaryn hepdeläp,
Men ýadadym jady,
"Syrtlan çöp" diläp...
Razylyk ber ertekiden dynaýyn,
Hyýally ser...
Seň dünýäñde galaýyn?!
Umyt berýäň,
Nä sebäpden,
söýmeseň?
Ýollar ýapyk "Hawa" ýa "ýok" diýmeseň.
Razy bolsaň taýýar, toýuň öýmesem,
Hat-da töri garaşybam dur öýüň,
Gel dünýä gur,
Men dünýäňde galaýyn?!
***
Nika
Asman ýaly agrasdyñ sen,
Çeşme ýaly arassadyñ,
Mukkadesdiñ, beýikdiñ sen,
Çaga ýaly neressediñ.
Kanun ýaly möhümdiñ sen,
Suw, howa deý gereklidiñ.
Halallyga ýolduñ baky,
Bagt, nygmatly tarapyñdy.
Ýeke sözlük, wepalylyk,
Üzülmejek tanapyñdy.
Bu gün bolsa ownadyñ sen,
Üzüldimi tanaplaryñ?
Agyr düşüp ugradyla,
Adamzada talaplaryñ...
Ynha indi bakylyk däl,
Bezeg bolduñ toý gününe.
Ondan soñra mähriñ undup,
Goýberýänler köp gümüñe.
Öñ ýekediñ, ömürlikdiñ,
Bu gün arzanlady nyrhyñ.
Hat-da käbir ýaş-juwana,
Duýulanok, bar, ýok parhyñ.
Ejizleme türkmen üçin,
Möhümleriñ, möhümisiñ!
Bagta gadam basanlaryñ,
Bakylygy möhürisiñ!
Şan-şöhratyñ gaýdyp alyp,
Ojaklara ber mährini.
Ynsanlaryñ ýadyna sal,
Hudaýa beren ähdini.
Awtor: KerimHally
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.