Sõýgi hakda bir keleme

Söýgi, söýgi, söýgi,
seniň ýoluňda
Görgini biriçe görüpdim menem.
«Gözümiň alnynda eräp barýaň-la,
Näme bolýar, balam?» diýýändir eneň.

Atalaryň bolsa kadasy başga.
«Balam, guzym» sözün halamaz ata.
Mähir gatyşykly gazapdan doly
Nazaryn nazarňa diker-de gaýta,
Diýer ol: «Balaňa döw çalasy ýok!»
Atadyr. Duýsa-da duýmadyk bolar.
Her bir duýan zadyn duýdurjak bolup
Ýörmez. Şoň üçinem atadyr olar.
Seniň her ädimňi, hereketiňi

Ölçäp öz atalyk nazary bilen,
Käte jeza berer,
Käte-de söýer
Mähir gatyşykly gazaby bilen.

Pýotryň ogluna bakyşy ýaly
Köp manyly dymyp, gözuňe bakar.
Eňegne gyl çykan ýigitsiň weli,
Şo mahal hemme zat ýadyňdan çykar.

Emma weli söýgi ýadyňdan çykmaz.
Ýene-de ugrarsyň Söýgiňe tarap.
Seni şol ýoluňdan gaýtaryp bilmez
Hiç hili şepagat,
Hiç hili gazap.

Gije aý aýdyňdyr. Senem ogrusyň.
Belleşik ýerine dogrularsyň sen.
Üçüm ogurlasa başga ogrular,
Has şirin bir zady ogurlarsyň sen.

Goşa-goşa posa ogurlarsyň sen.
Gaýtalap-gaýtalap basarsyň bagra.
Edil şo mahalam beýle ýanyňdan
Görüner gözüňe aýylganç gara.

Gyzyň atasydyr. Gele-gelmäşe
Pil sapyn inderer. Bökersiň yza.
Öz janyň gutarmak kyn däldir weli,
Wah, gyza kyn bolar,
Wah, gyza, gyza!

Şol dem böwet bolup gyzyň öňüne,
Bir agyz gygyrsyň:
«Men... muny söýýän!»..
Emma dem salymdan söýýäniň bilen
Käriziň içinde ýatansyň eýýäm.

Şonda-da bagryňa basyp ýatansyň.
Gyz saňa galkandyr, sen gyza galkan.
Ýöne weli onuň ýaly pursatda
Galkanlyk uzaga çekmejek eken.

Daňdanlar özüňe gelersiň weli,
Ýatan ýeriň ýapdyr. Kelläňem deşik.
Gözleriň içinde doňup galandyr
Bir aýylganç keşp,
Bir gözel keşp.

Şol aýylganç keşpden iniň titiräp,
Bir gün ýa iki gün gezersiň ümsüm.
Emma üçünji gün şol gözel keşbiň
Ugrunda sergezdan ýene-de sensiň.

Ýene aý aýdyňdyr. Ýene ogrusyň.
Bireýýäm ýadyňdan çykandyr taýak.
Indi ýöne üzüm bagynda däl-de,
Başgarak bir ýerde çekersiň aýak...

«Oturber, balaňa döw çalmaz!» diýip,
Ýöne ýerden aýtman ekeni ataň.
Şondan soňam kelläň kän taýak iýer.
Taýakdan taýaga berkeşer gaýtam.

Biziň söýgimiz-ä şeýleräk boldy.
Megerem, siziňki has başgarakdyr.
Ýöne hiç mahalam Söýgiň ýolunda
Üýşüp ýatan elpe-şelpelik ýokdur.

Hiç haçan bolmazam.
Söýgiň ýolunda
Hemişe şatlyk-da, hasrat-da bolar.
Ýokaryk göterip.
Aşak inderip,
Seniň agramyňy hasaplar olar.

Ýöne weli näçe horlasa-da ol,
Horlamak hatyrna horlamak üçin
Däldir-de,
gaýratyň ölçäp görýändir
Ertirki horlukdan goramak üçin.
Kerim Gurbannepesow
6 лайков 115 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
28 фев 2022, 16:37
men şu şahyryň fanady ýetireniňe sag bol like
Mona Lisa
28 фев 2022, 16:41
Wah, gyza kyn bolar,
Wah, gyza, gyza!

Şony aýt :( cilimkesh
Merdan
28 фев 2022, 18:02
{+}
doctor
28 фев 2022, 18:21
Su soygi ba bolsun diyyami biri arbuz
doctor
28 фев 2022, 18:22
mendenUllakan like soyga dalle Kerim Gurbannepesow-inha su sahyra
Şamuhammet
31 май 2022, 01:36
Mona Lisa off № 2 28 февраля 2022 16:41
Wah, gyza kyn bolar,
Wah, gyza, gyza!


Şo ýazgyny çilim çekip duran smaýlik bilen goşup ýazmaňda takylap janyň çykardy seniň.