ÝER ÝÜZÜNIŇ AÝATLARY

Oşol wagt,
Gün sowady,nur gitdi.
Hem bereket uçdy ene toprakdan.
Ýer goýnuna öli kabul etmedi,
Suwsuz galdy deňizlerde balyklar,
Galmady başga zat guran ýaprakdan.
Solgun penjireler gijäň ýarynda
Depäňde düýrügip pelesaň kakýan,
Bulam-bujar bolan pikirler deýin.
Hem ýollaram alaowarra siňdiler
Ahyrky pellede tümlüge çykýan...
Hiçkim düşünmedi hakyky söýgä
Hiç kim ymtylmady göreşe, ýeňşe,
Paýhas ýok ýerinde orun ýok duýga...
Terslik çykdy gowagynda täkligiň
Tirýegiň ysyna eýlenip gana
Göwreli aýallar çygylyp zordan
Başsyz bäbekleri inderdi dünýä
Gabrystana sary ylgaşyp barýan
Çagajyklar öz bolşundan utanýa...
Ýowuz günler geldi,garaňkylygyň
Iniň tisgindirýän gorkuly güýji
Ýeňilensoň güzeranyň gamyna.
Taňryň saýlap-seçen pygamberleri,
Tüwmaýak düşensoň gaçyp gitdiler,
Taşlap Haka çagyrylan ýerleri.
Öňi-ardy görünmeýän örüde
Halkyň gaýyp bolan owlaklaryna
Tär etmeýär çopan sesi, haý-küşler.
Göýä aýnalaryň bäbeneginde
Tersine öwüşgin atýardy reňkler,
Gyrpyldy, ikiýan gaýmalaşmalar...
Depesinden ot ýagdyrdy şatyrlaň
Utanç-haýasy ýok arsyz jelepleň
Ýyldyrym mysaly zemine inen,
Hudaýyň mukaddes ýagty halkasy

Spirtli içgileň batgalyklary
Serleri sämedip sordy içine.
Tekjeleri, şkaflary dolduran
Kitaplaryň altyn sahypalarny
Gemrip taşladylar açgöz syçanlar.
Güneşiň kazasy doldy,ertesi,
Kiçijik çagalaň hakydasynda
Ýitip giden gümp-samp uçgun mysaly.
Depdere dökülen goýygap-gara
Syýanyň ullakan tegmili ýaly
Gür berýärdi many bilmez çagalar
Täsinligni bu könelşen adalgaň.
Biçäre halk
Kem-kem ýüregi ölen,
Daljygan, iň soňky deminde duran
Maslyk daşap barýan aç eşek kimin
Bir eýlä, bir beýlä yrgyldap barýar
Hem bökdäp bolmajak etmişiň pygly
Gollarynda pyntyk ýarýar, boý alýar.
Käte ýylpyldaýan kiçijik uçgun
Bu jansyz, sedasyz jemendäň için
Parran dilip taşlaýardy birdenkä
Adamlar topulşyp bir-birlerine
Biri kütek pyçak alyp eline
Aýalynyň damagyny çalýardy.
Bir ene öz dogran balalaryny
Lowlap duran tamdyr içre salýardy.
Hatda gorky-ürki gark bolup barýar
Tisgindirji duýgusynda etmişiň
Öldürýär,öldürýär kör ruhlaryny
Hem çagalarny.
Haçan-da bir bendi dardan asylsa
Dar agajyň ýagly ýüpi hallanlap
Gorkudan ýygrylýan göreçlerini
ýumup ýapyşanda kekirtlewükden
Saňňyl-saňňyl edip şöhwetden ýaňa
Olar diň salardy böwürlerine
Yza serpikdirip ýadawlyklaryn.
Ýöne her wagtam açyk meýdanda
Şu girdenek jellatlary görersiň.
Seredýärler meňzäp doňan gurşuna,
Fontanlaryň çürnüginden şillirdäp
Suwuň şo-ol üznüksiz akyp durşuna.

Hernäme-de bolsa,
Näme-debolsa,
Sykylşan gözlerniň çuňluklarynda
Kinniwanja,buýr-bulaşyk,düşnüksiz
Ýarym-ýarpy janly bir zat galypdyr.
Mejalsyz çyrpynyp hyýal edýärdi
Ynanmagy suw sesiniň çyndygna.
Hernäme-de bolsa...
Näme-de bolsa...
Boşlugyň ne öňi, ne soňudygna...
Güneşiň kazasy dolupdy,indi,
Kim aýdyp bilerkä gursagymyzdan
Uçup giden o lapykeç kepderiň
Ynançdygyny...
Ah, bendiniň sesi,
Bendiniňsesi...
Ululygy çäksiz umytsyzlygnyň
Bu ugursyz gijäň bir künjeginden,
Ýagtylyga kiçijik yş açmazmy?
Ah, bendiniň sesi,
Bendiniň sesi...

Fürug Ferruhzad
8 лайков 129 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.