Soňky dem, soňky ýatlama...
Ine bu gün hem soňky demiňi sanap ýatyrsyň. Inni öňüňde goýan arzuwuňa ýetersiň öýdemok. Belkide, arzuwlaryň, öňüňde goýan maksatlaryň ýadyňa hem düşýän däldir. Geçiren gyzykly we şatlykly günleriň gözüň öňünde janlanyp dur. Seret, ana seniň maşgalaň, mähriban ejeň, ol örän mähirli, seret, ol seniň kiçijek eliňden tutup ak mekdebe alyp barýar. Inede seret, bu seniň gahryman kakaň. Ol seni ýokary göteripdir. Sen gorkaňok, çünki sen, kakaň gollarynda. Ol seni gorar, sen muny bilýäň. Bular bolsa seniň dostlaryň, siz örän bezzatja. Seret, buda seniň ilkinji söýen ýaryň, ol seniň üçin örän mähirli. Ol örän owadan. Sen onuň gözlerinden jadylanýaň. Seretsene, bu seniň ýaşlygyň. Sen mekdebi tamamlaýaň, soňky jaň dabarasy gör nähili gyzykly. Sen we synpdaşlaryň örän şadyýan, näme üçibdir biraz hem bolsa gynanýarlar. Çünki indi uly adam bolýarlar. Çaga bolmak gyzyklydy, mekdepde okamak, 2-likdir, 5-likler almak, gyzyklydy ahyryn. Seretsene, olar durmuş gurýalar. Wiý ine, bu seniň mähriban ýoldaşyň, ikiňiz hem bagtly. Gör ne ajaýyp durmuş toýy. Bu seniň ilkinji perzendiň. Sen ilkinji gezek perzendiňi bagryňa basýaň. Wahh, buda seniň ýalňyşlyklaryň, puşmanlyklaryň. Sen gyzgyn göz ýaşlary akdyryp dursuň. Sen gyzýaňmy, ýa üşeýärmiň belli däl. Gyzgyn-gyzgyn dem alyp, süýji hem ajy günleri gysga wagtyň içinde ýadyňa saldyň. Soňky göz ýaş we soňky dem bilen, dünýeden hoşlaşdyň...
©Ogulşirin Bayramowa
28.02.2022ý.
©Ogulşirin Bayramowa
28.02.2022ý.
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.