Gurbannazar Ezizow "Mana senin gozlerinden gitme yok"

Maňa — seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa — seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok.
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.
Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.
Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.
Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin — ýaňagyň alyn,
Gijede görerin — ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.
Zemin aýlanyp dur,
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok.
7 лайков 1 596 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Men sho
15 окт 2021, 09:39
Minijik barmyn sen
Aýnur
15 окт 2021, 09:43
Like Gurbannazar Ezizow--a
Like♥️♥️
Enejan
Автор 15 окт 2021, 09:45
Men sho,gowy agajygym ozun gowmy
Enejan
Автор 15 окт 2021, 09:46
Miss_jerenjik,sps
Men sho
15 окт 2021, 10:32
Menem gowy şükür alla
Enejan
Автор 15 окт 2021, 10:33
Men sho,sahsa yazanymy gordunmi
Men sho
15 окт 2021, 10:38
Yok gormedim
Men sho
15 окт 2021, 10:39
Gordim hic zat yoga