Günlerimiz,ömürlermiz ötinçä...


Günlerimiz,
Ömürlermiz ötinçä
Merjen dänesi deý düzülmelidir.
Söýgüde
duýgular bolmaly inçe,
Çala galplyk etseñ, üzülmelidir.
Söýginiñ derdine hormat goýmaly,
Şo dert bilen önýär tämiz duýgymyz.
Biz
elmydam
hesret çekip söýmeli,
Degýän bolsa şol hesrete söýgimiz!

Ýene howa garalyp,
ýagyş çisñäp başlady,
Leýlisaçlar eda bilen
saçlaryny çöşledi.
Beýle pikir etmändim men
bu golaýda, bu çakda,
Birden agyr oýa batdym
ölüm hakda, sen hakda.
Oýa batdym: ýoklugymda
öñküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalañ agzyny açar,
aýnamyza çeker nagyş,
Dag tarapdan taýyp geler
ýaşyl şemal, näzik şemal.
Niçik oýa batarsyñ sen
meniñ ýoklugymda şo hal.
Geldi şonda göz öñüme
bir perişan halyñ seniñ,
Edil şunky howa ýaly,
syýa ýaly şalyñ seniñ.
Hesretiñ gara deñzinde
gark bolup ýörüşiñ seniñ,
Mensiz galan bu dünýäni
dowzah deý görüşiñ seniñ.
Diýdim şonda öz-özüme:
''Eý, ýok zatlañ pikrin eden,
Heý, ýary şu halda taşlap,
gidip bormy bu dünýeden?''

* * *

Maña
Seniñ gözleriñden gitme ýok.
Maña
Seniñ sözleriñden gitme ýok.
Düşün, bu dünýede soñky güne çen
Seniñ şatlyk hem gussaña bagly men.

Seniñ ýüpek gijeleñden gitme ýok,
Seniñ aýdyñ gündizleñden gitme ýok.
Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin,
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniñ ykbalyñdan gitme ýok.

Men zemin,
Sen bolsa ullakan asman,
Saçyñy nur edip üstüme dökýäñ.
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar:
Saçlaryñ gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyñy sylyp ýüzüme,
Gararyn belentden ýeriñ ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriñi görerin,
Men bir gyzda sözleriñi görerin.
Şapakda görerin ㅡ ýañagyñ alyn.
Gijede görerin ㅡ ýañagyñ halyn.
Synlap ýapraklaryñ ýüzünde derin,
Onda seniñ gözýaşyñy görerin.

Zemin aýlanyp dur.
Oñatlyk örän!
Hiç bir güýje oñ ýoluny tutma ýok.
Dünýäñ her gülünde men seni görýän,
Şonuñ üçin bu dünýeden gitme ýok.

* * *

Sen örtenme aýralykdan, ezizim,
Bilýäñ ahyr gylygyny kärimiñ.
''Şol gidişi, köwlenmeýär öýüne''
Diñip, alyp durma öýüñ tärimin.

Men ýetmän ölmerin seniñ ýanyña,
Bararyn ajalyñ syrtmagyn kertip.
Senden näçe menzil daşlaşan bolsam,
Şonça-da señ bilen ýaşaryn artyk.

Gurbannazar EZIZOW.
1 лайков 210 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.