Bagt hakynda rowaýat/Iner Ogly

-Oglum, üýtgeşik gowy zat ýasanym bilen üýtgeşik gowy bolar öýtme. Herki şaý-sepi ýaraşýan ýerine daksañ ajap görner. Meselki, kökenli ýüzük on barmagy sülük ýaly syratly gelin-gyzlara mynasyp bolar. Her ýany goşa düwmeli gyzylly bukaw gazboýun maşgalalara gelşik berer. Gyranly keteni köýnek çynar boýly synasy düz perileriñ görküni artdyrar. Emma Alla tarapyndan görk-görmek berilmedik zenanlar her niçik boýuny bezese-de, onuñ ýaraşygy bolmaz, gaýtam, "Itiñ boýnuna göwher assañ, item aglar, göwhrem" diýilen ýaly, ikisem aglar durar.

"Bagt hakynda rowaýat" Sapargeldi Annasähet Iner ogly
Göçüriji: @ÖTEGÇI
4 лайков 187 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 17:03
Şu kitaby elektron görnüşe geçirsem, alanlar bolarmyka?!(elde göćürjek)
Hiayress
31 май 2022, 18:31
"Alla tarapyndan görk-görmek berilmedik zenanlar"

Alla näme üçin görk-görmek bermedikä?! Gözellik diýilýän zadyň teritorial ýada medeni kadadygyny ýazyjy bilenokmyka?!
Mümkin
31 май 2022, 18:32
Ötegçi,
Felicita joramdan sms:
Ýiti gyzyl tiz solar,gyzlaryñam görklisiniñ gadyry tiz gaçar diýýär señ şu mowzugyñ hakynda
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 18:44
"Ahlagy owadan adam hemme ýaşda-da owadandyr" Hz. Muhammet S.a.w
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 18:46
Mümkin, men ony owadan dälleñ tapýan gurriñi diýýän;)
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 18:47
Hiayress,olam öz medeni kadasyna görä görksiz diýýändirdä
Hiayress
31 май 2022, 18:50
Ötegçi,
Medeni kadasyna görksiz diýýän bolsa, Alla diňe bir medeniýete degişli däldirä?! "Alla tarapyn görk-görmek berilmedik" diýer ýaly. Belki oňa gözelligi seljermek üçin göz ýada ukyp berilen däldir?!
Hiayress
31 май 2022, 18:55
*görä
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 19:35
Ahmal her kim birhili pikirli bolup biler.
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 19:35
Munça kitabyñ içinde bir säwlik bolmagy tebigy ýagdaý
Hiayress
31 май 2022, 20:05
Ötegçi,
Munça kitabyňmy ýa munça kitapdaky ýazgylaň?!
Ötegçi
Автор 31 май 2022, 20:21
Aý şomuşda. Men dilçi däl. Ýa mollumam däl. Goý degişli adamlar pikirlensin:-)) realdaky jedelde de men mydamam düşinjesiz adam bolup çykýan. Şoñ ucin maña iñ gowsy jedellešmezlik