Söýgi mukamy (powest)

Keselhanadaky näsaglaryň ýagdaýlary bilen tanşyp, Şirin Berdiýewa kabinetine geldi. Ol ak ýektaýynyň bagjyklaryny çözüp, endamyny ýelejiretdi, ýeňlerini çyzgady, ýuwundy. Üstüne ak mata örtülen diwana özüni goýberdi. Argynlykdanmy, dymyk howadanmy, ol özüni agras duýdy. "Şu wagt baglaryň saýasyndaky akaba suwuň başynda oturyp dynç alsadyň" diýip arzuw etdi.
Şol wagt gapynyň daş ýüzünde biriniň ýognas sesi eşidildi:
— Maňa iň uly doktor gerek!
Şirin tarsa ýerinden turup, özüni tijedi, ýylgyrdy. Onuň ýaňaklarynda gürleňňijiň öýjügi ýaly çukurjyk peýda boldy. "Mendenem baş wraç bolarmy diýip?" diýip pyşyrdady. Aradan onçakly wagt geçmänkä "essalawmaleýkim" diýip, uzyn boýly, daýaw adam gapydan eglip girdi.
— Salam - diýip, Şirin ýuwaşja gepledi. Ýaşuly öňki sözüni ýene bir gezek gaýtalady:
— Maňa iň uly doktor gerek.
— Aýdyberiň, ýaşuly, näme hyzmat?
— Berekella, berekella, sen asyl türkmenmidiň? Örän gowy, örän gowy. Men ynha saňa düşündiripjik aýdaýyn. - Ýaşuly gaňrylyp yzyna seretdi-de, gapynyň ýapykdygyny görüp, arkaýyn gürledi: - Men seniň ýanyňa agtyjagymy getirdim. Ötükiniň kakasy kyrk üçünji ýylda fronta gidipdi. Henizem gelenok. Äý, garaz, ýazgydy şeýle bolandyr-da... Özi welin, diýseň gowy oglandy-da... Kolhozda birinji işgärdi...
Gürrüňiň uzaga çekjegini aňyp, Şirin onuň agtygyna näme bolýanyny sorady.
— Agtygymam edil kakasyna meňzäp dur. Yhlaslyja. Hawa, men saňa düşündiripjik aýdaýyn. Ol gün, neressejigim, bir zatdan gorkupmy,nämemi, çalam-çaş boldy-da ýatyberdi. Ýüregimiz ýaryldy... Onsoň ugruny bilýän adamlardan birini çagyryp, gorky damarlaryndan tutdurdyk welin, mazaly, bäri bakaýdy. Ýöne şondan soň bir aýajygy ysmady-da duruberdi...
— Agtygyňyz şu ýerdemi?
Ýaşuly sesini çykarman, gapyny açdy-da, dogumly ses bilen:
— Hany, gel, oglum! - diýip gygyrdy.
Orta ýaşan bir aýal oglany götergiläp diýen ýaly içerik saldy.
Oglanjygyň agramlyk asylan ýaly, ysgynsyz, iki ýana şalkyldap duran aýagyny gözden geçirenden soň, Şirin sorady:
— Muny kim etdi?
Ýaşuly dymdy. Sorag ikinji gezek gaýtalandy.
— Türkmençilikdir-dä, gyzym, bu zatlary sorap durmazlar.
Şirin soragyny üçünji gezek gaýtalady. Ýaşulynyň muňa gahary geldi. Emma her niçik bolsa-da, sypaýyçylygy elden bermän:
— Äý, bir gezip ýören diwana-la... —diýdi.
— Wiý, atamy, näme ol...
— Otur, peläket! Senden soralanok! — diýip, ýaşuly oglanyň üstüne azgyryldy.
Doktor ýazuw stolunyň aňyrsyna geçip, janygyp sözledi.
— Käbir bolar-bolmaz nejisler iliň ynamyndan peýdalanyp, adamlary hatardan çykarýarlar, maýyp-müjrüp edýärler...
— Olara gargama, keýgim. Men saňa düşündiripjik aýdaýyn, olar Allanyň halan adamlarydyr. Olara dil ýetirmek bolmaz....
— Diňe, bir dil ýetirmek däl, olaryň obadan gümüni çekmek gerek!
— Toba diý, gyzym, şolara sögeni üçin bir oglanyň-a agzy gyşaranmyşyn diýýärler...
Sähel bir tutaryk bolsa öz bähbitlerine peýdalanjak bolup ýören betniýet adamlaryň entek bardygy barada az salym oýlanyp durdy-da, Şirin gür ak sakgaly döşüni tutup duran ýaşula ýüzlendi:
— Her bir diýilýän zada ynanyp ýörmezler, ýaşuly.
— Bir zat ýanmasa, tüssesi çykmaz diýýärler. Ol sökmese, ata-enesi sögendir, dogan-garyndaşy sögendir...
— Sizem oňa sökdüňizmi?
— Kime? — diýip, ýaşuly ör-gökden geldi.
— Şol adyny tutmaga gorkup oturan "diwanaňyza!"
— Hudaý saklasyn, men ömrümde hiç kime sögen däldirin...
— Onda näme üçin ol siziň günäsiz çagaňyzy maýyp edipdir?
Ýaşuly näme diýjegini bilmän aryndy, sakgalyny sypady. Iň soňunda bolsa:
— Maňlaýyna ýazylany şeýledir-dä — diýip hüňürdedi.
Özüne sögüleni ýa-da gargalany üçin adamlaryň agzyny gyşardyp biljek gudratly güýjüň henize çenli bolmandygy, bolup-da bilmejekdigi, bularyň diňe toslanyp tapylan zatlardygy, ol oglanyň agzynyň kesel sebäpli gyşarandygy, ony bejerip ýörendikleri, ýene bäş-alty günden onuň agzynyň gyşarmadyk ýaly boljakdygy barada Şirin janygyp gürrüň berdi.
Ýaşuly öçügsi nazar bilen doktoryň ýüzüne seretdi-de, öz agtygynyň ykbaly hakynda sorady.
Obada tebibiň bardygyny aňsa-da, beýle gabahat işler edilýändir öýdüp, Şiriniň kellesine-de gelmändi. Indi bu ýagdaý bilen ylalaşyp bolmajagyna gözi ýetenden soň, ol tebibi ýüze çykarmagy, onuň bilen aç-açan göreşmegi ýüregine düwdi.
— Bejerip boljak. Ýöne günäkäri tapýançak, biz ony bejermeris.
— Ötüki, ötükiniň özi...
— Adyny aýdyň, ýaşuly.
— Ötüki, ýaňy men aýtdym ahyry, diwana diýip.
— Bolýar, diwana bolsa, diwana bolsun...
Ak ýektaýynyň kiselerine ellerini sokup, Şirin gaharly gezmeledi. Ýaşuly ony köşeşdirmek üçin birnäçe deliller getirip, sapalak atdy.
— Gorkmaň, ýaşuly, agzyňyz gyşarasy ýok. Adyny aýdaýyň.
— Hudaýym, şu tebipleri ýer çeksin! — diýip, oglanyň ejesi ýaşmak astyndan ýangynly gepledi.
Ýaşuly gözlerini alardyp, oglanyň ejesine:
— Ýeri, bes ediň! — diýdi. Soňra Şirine ýüzlendi: — Gyzym, men saňa düşündiripjik aýdaýyn...
— Düşündirjek bolup azara galmaň, ýaşuly, bar zat düşnükli...
Wraçyň özüni alyp barşyna ýaşulynyň girre gahary geldi.
— Bejermeseň, bejerme, şu ýaşdan soň şugulçylyk edib-ä gün görjek däl.
— Jan, dogan jan, gahar etme, indiden beýläk tebibiň ýanyna barsak, ýüzümiz gara bolsun! — diýip, oglanyň ejesi gyňajynyň ujy bilen gözlerini süpürip, ýalbarmaga durdy.
— Men indi şeýdip ýörmelimi? — diýip, oglanjyk inçejik sesi bilen aglamjyrap gygyrdy: — Ady Salpy! Salpy işan...
Ýaşuly bütin göwresi bilen sandyrap gitdi.
— Merez işan, zäher işan! — Ol dazlap daşaryk çykdy-da, olara-da garaşman, ýola düşdi.
— Örän öýkelek adam. Ol öýde-de şeýle. Sähel zada öýkelär-de çaýam içmez, nanam iýmez — diýip, oglanyň ejesi zeýrenip gürrüň etdi. — Siz oňa pikir bermäň, öýkelese öýkeläbersin. Salpy işanyň tebipdigini biziň şol obamyzda bilmeýän ýokdur. Ýöne hiç kimiň ýaman atly bolasy gelenok. Käbiri "göz görkezýämiş" diýip, ondan gorkmanam duranok...
— Näme gorkup, onuň edip biljek zady näme? — diýip, Şirin adatdakysyndan batlyrak gepledi. Ol: "Tebiplere baş galdyrmaga maý bermeli däl. Olar bilen göreşmeli. Olary paş etmeli" diýip, içini gepletdi. Şol wagt ak ýektaýly, saçlary çal, etli-ganly rus aýaly Polina Iwanowna gapydan girdi. Ol oturanlary gözden geçirip, Şiriniň ýanyna bardy-da, gulagyna pyşyrdady:
— Ýene bir adam geldi. Olam ýigrimi üçünji brigadadan...
— Men häzir gabat gelen ulaga münüp, şol ýere gideýin. Sizem bu ýagdaýy raýona mälim ediň. Adam iberjeklermi ýa-da häzirlikçe, biziň gözegçiligimiz bilen kanagatlanjaklarmy, garaz, gepleşip görüň-dä. Hawa, ýene bir zat...
Ýaş wraç gozgalaňa düşüp azajyk dymdy-da, pişeklerini gapdalynda goýup, aňkaryp oturan oglana tarap ümledi:
— Niçik görýärsiňiz?
Polina Iwanowna on iki ýaşlaryndaky oglanyň sülleren baldak ýaly ysgynsyz aýagyny elleşdirip, mazaly gözden geçirdi-de:
— Bu dogabitdi bolan zatmy ýa-da... — diýip ikirjiňläp sorady.
— Takmynan on bäş gün mundan öň bolan iş. Hawa, Polina Iwanowna, tebipler baş galdyryp ugrapdyrlar...
— Jan, dogan jan, şu gezejik bir bejeriň!
— Aglamasana, men tebibiň adyny aýtdym ahyry — diýip, oglan dözümsizlik bilen ejesine ýapyşdy.
— Daýza, ine, biziň iň ökde doktorymyz Polina Iwanowna. Şunuň ýanyna baryň, ol size näme etmelidigini aýdar.
Şirin olary ugradyp, daşaryk çykdy. Howa dymykdy, çöp başy gymyldamaýardy. Häzir uzak ýola gitmeg-ä däl, on ädim ýöremek hem janyňa ýaranokdy. Emma etjek alajyň ýokdy. Gitmelidi, keseli döredýän çeşmäni tapyp, ony ýok etmelidi.
Uly ýola ýetip sähelçe ýöränden soň, Şirini der basdy. Maňlaýyndan, boýnunyň ýüzünden, tirsegine çenli açyk duran gollaryndan syzylyp çykýan derler onuň el ýaglygyny öl-myžžyk etdi. Kolhozyň sklady ýerleşýän uly howlynyň gabadyna ýetende, üsti ýükli maşynyň gelýänini görüp, Şirin aýak çekdi, elini galdyryp, ony duruzdy...
* * *
Guşaklyga çykan gowaçalarda sallanyşyp duran gozalar azlyk etmeýärdi. Käýarym onda-munda ýylgyryşyp oturan ak diş gozalara-da gözüň gidýärdi. Göräýmäge bar zat ýerbe-ýerdi, asudalykdy. Hawa, bu diňe göräýmäge şeýledi. Hakykatda bolsa, daň atandan tä garaňky düşýänçä, kartalaryň içi gaýda-gaýmalaşykdy. Hasylyň ykbaly howp astynda-dy. Karadrin döräpdi. Bir adam işe çykmasa, orny gäderip, onlarça düýp gowaça hossarsyz galýardy. Maýdaja garakçylar olary deşim-deşim edip heläkleýärdiler. Ine şu pursatda içigeçme keseliniň ýüze çykmagy diňe wraçlary däl, kolhozçylary-da gozgalaňa salýardy. Ylaýta-da ýigrimi üçünji brigadanyň brigadiri Kakajyk Ataýew çykgynsyz ýagdaýdady. Dört-bäş sany men diýen işgäriň, onuň üstüne özüniň hem kesellemegi ony ynjalykdan gaçyrýardy.
— Meret, kakaň öýdemikä? — diýip, brigadir meýdan düşelgesiniň eýwanyndaky kiçeňräk stoluň üstüne abanyp, nämedir bir zat ýazyp oturan ýaş ýigide ýüzlendi. — Şu ýolukman geçen namart kesel halys aňkamy aşyrdy.
— O nähili namart kesel?
— Aýak ýoluna gatnamakdan halys peteň-bizarym çykdy. Dyzlarym sandyrap dur. Ysgyn-mydarym galmady...
— Namart-buýanky diýip äsgermezlik eder ýaly kesel-ä däldir.
— Şeýle ekeni. Ýaşuly öýde bolsa...
Kakasynyň käýarym tebipçilik edýänine ozalam gahar edip ýören Merede brigadiriň bu sözi ýokuş degdi. Şeýle-de bolsa, ol özüne erk edip, syr bildirmezlige çalyşdy.
— Öýde bolsa öýdedirem welin, ol size kömek edip bilermikä?
— Gürrüňi näme? Ol bize görä bir sanaç uny köpräk iýen adam.
— Obamyzda güýçli doktorlar barka, siziň näme üçin çalasowat adamyň ýanyna barýanyňyza men-ä düşünýän däldirin. Siz agy-garany saýgarýan adam ýaly-la.
— Meniň üç ýaşlyja oglum balnisde öldi. Şondan bäri doktor diýilse, sandyraberýän... "At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden" diýipdirler.
— Ata-babalarymyzam keselhanada ölüpmidi?
Gepiň gerdişine görä aýdyp goýberen bu sözüniň çendenaşa gödekdigini Meret soňundan duýup galdy.
Brigadiriň kän saklanarlygy ýokdy. Ol haýatjygyň üstündäki ýektaýyny ýasgynjak alyp düwdenekledi. Suwa çümen ördek ýaly, gowaçalaryň içine baryp aşak çökdi.
— Ýene-de kolhozyň aktiwi diýjeksiň-ä!
Meret onuň yzyndan seredip käýindi-de, stoluň üstündäki diwar gazeti bezemek bilen boldy. Emma elleri diýen etmedi. Ol "ähli işim bir ýaňa, onuň aladasy bir ýaňa. Göwnüme bolmasa, iki adamyň başy çatylsa, şol hakda gürrüň edýän ýaly bolup dur. Ýeri, tebipçilikden başga kär tapmadyňmy diýsene! Ahyrym bir belanyň üstünden bararam, dynaram" diýip pyşyrdady.
Käýinse-de, sögünse-de, Meret kakasynyň ýüzüne gelip bilmeýärdi. Dişi ötýäni ejesidi. Onuňam ärine çürt-kesik bir zat aýtmaga gaýraty çatmaýardy. Asla aýtjak bolup azara-da galmaýardy. Sandygyň açary eline ilmese-de, onuň içine azdan-känden zat düşüp dursa, kem görmeýärdi.
"Ýekäniň çaňy çykmaz" diýen ýaly, Meret olaryň arasynda ýekedi. Olara täsiri ýetmeýärdi. Gowşak deprenýärdi. "Adamlaryň düşünjesi artdy. Doktorlar barka hiç kim tebibi küýsemez" diýip oýlanýardy. Emma durmuşda gabat gelýän käbir wakalar onuň bu pikirini puja çykardy. Şoňa görä-de, ol brigadiriň sözüne biperwaý garap bilmedi. Gahary geldi. Onuň gaharynyň gelmegine başga-da bir sebäp bardy. Gorky damaryndan tutulyp, maýyp edilen oglanjyk Merediň okadýan klasyndandy. "Agyz agyzdan ýel alar" diýen ýaly, bu gürrüň bütin mekdebe ýaýrady. Gazanç etmegiň dürli ýollary bar-ow" diýlip, kakdyrylyp aýdylýan sözler ony birnäçe gezek gyzarmaga mejbur edipdi, uly namysa goýupdy. Şondan bäri onuň öýlerine barasy, bir ýerde durasy gelmeýärdi.
"Akyl güýç berer, güýç hem ýürek" diýen nakyl ýadyna düşüp, Meret dikeldi. Reňkli galamlary stoluň üstüne oklap goýberdi. " Kakam biken çynlakaý sözleşmeli" diýip pyşyrdady. Şol wagt tamyň depesine degäýjek bolup geçen samolýotyň aýylganç gürrüldisi eşidildi. Ol eýwandan alňasap çykdy-da, samolýotyň sepýän dermanynyň tüsse ýaly uzalyp gidişine syn etdi.
Şol minutyň özünde bolsa, onuň kellesinden külterlenip çykan pikirler samolýota görä has çalt uçup, ýene öýlerine, hut kakasynyň ýanyna baryp, böwetlenen suw ýaly, yzyna serpikdi. " Hawa , kakam bilen çynlakaý sözleşmeli!" diýip, ol ikinji gezek tekrarlap aýtdy.

Bekge Pürliýew. 1981.ý.

Dowamy bar.
3 лайков 134 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
31 май 2022, 19:34
Powestmi ýa hekayamy?!.-
Senyorita.
Автор 31 май 2022, 19:57
Ötegçi,
Powest. Ýetişibildigimden yzynam goýjak bolaryn. Okanyňyza degýä.
Ötegçi
31 май 2022, 20:26
Men "dowamy bar" diýen ýazgy bolmansoñ hekaýamyka diyipdirin
ajy
31 май 2022, 20:36
gyzykly eken
ajy
31 май 2022, 20:37
Ötegçi,
bara o ýazgy :)
Senyorita.
Автор 31 май 2022, 20:41
garaburc,
Hasam gyzykly ýerleri entek öňde.
ajy
31 май 2022, 22:38
gyzyklandyrdyña gyz :)
Babahanowa_g
02 июн 2022, 13:37
3 bolumin yzyny goyjak dalmi
Ona teswir yazyp bolmayan eken