Söýgi mukamy (powest)
(dowamy)
Nazar kellesinde ornaşan "belent mertebesini" saklamaga çalşyp, gysgajyk jogap gaýtardy:
— Bu hakda soň sözleşeris. Men häzir baga aýlanyp göreýin. Ýuwnaýyn.
Umywalnigi suwdan dolduryp, Şirin öýden polotense alyp çykdy. Nazaryň üstündäki gumlary kakyşdyrdy. Söýgülisi ýuwnup durka, ol pikir derýasyna gark boldy. "Men muňa ýagdaýy nädip düşündirsemkäm? Muny görse kakam näme diýerkä?.."
Kapasa oklanan guş ýaly, Şirin özüne orun tapmaýardy, hiç hili işi bolmasa-da, yzly-yzyna öýe girip çykýardy.
— Sen öňkiňden horlanypsyň. Ýüzüňem tukat görünýär. Näme, meniň gelenime begeneňokmy? — diýip, Nazar öýe gelensoňlar sorady. Ara azajyk wagt salyp, ol ýene sözüni dowam etdi: — Seniň hatlaryňy okap uçaýjak bolýardym. Galdyryp gaýdan suratyňy öpüp-öpüp tozdyra getirdim. Duşuşaýsam surat öpmekden dynaryn, seni bagryma basaryn öýdüpdim. Sen bolsaň, meni perwaýsyz garşyladyň...
Şirin sesini çykarman, sandyrap duran inçejik barmaklary bilen elýaglygyny owkalap, onuň gözlerine seretmekden çekinýän ýaly, ýüzüni sallap otyrdy, uzyn kirpikleriniň arasyndan käte-käte syrygyp gaýdýan gözýaşlaryny oňa görkezmejek bolýardy. Elindäki mäjerläp oturan ýaglygy bilen gözüni süpürip goýberýärdi.
Bu ýagdaý Nazaryň ganyny gaýnatdy, ony has-da beter joşdurdy. Ol birden-ä ýerinden zöwwe turup gygyrmaga başlaýardy, birdenem bütinleý ejizläp, naýynjar ses bilen ýalbarmaga durýardy.
— Aýt ahyryn, näme üçin beýle edýärsiň? Ýa maňa biwepalyk etdiňmi?
Aşak eglip duran başyny agraslyk bilen galdyryp, Şirin oňa gazaply seretdi:
— Besdir, Nazar, hetdiňden aşyberme.
Ol bu sözleri ýuwaşja, pyşyrdabrak aýtdy.
Nazar derýa kimin möwç urup joşdy:
— Gowusy, men bu ýerden gideýin. Saňa päsgel bermäýin. Çagyranyň üçin sag bol. Azaşan yzyny tapsa, aýyp däldir. Ýöne, sen wraç bolanyň üçin, ynsan ýüregini diňe gany herekete getirip duran tokga etdir öýdýärsiň. Sen onuň näzik tarlaryny jorap ýüpiçe-de göreňok. Onuň hoş sözden ýag ýaly eräp, gazabyna tutsa daş ýaly gataýandygyndan habaryň ýok. Hawa, sen ýürege diňe ýürek hökmünde garaýarsyň, adamyňkymy, geçiniňkimi, onuň saňa parhy ýok. Men giderin. Sen heşelle kak, şatlan.
Ol çemodanyna ýapyşdy. Gözüniň üstüne bürelip duran kirpikmen gabaklaryny galdyryp, Şirin onuň ýüzüne dykgat bilen seretdi. Onuň hanalary ýaşdan dolup duran gara gözleri Nazary jadylan ýaly etdi. Ol duran ýerinde doňup galdy.
— Giderin, giderin diýýärsiň, Nazar. Sen hiç ýere-de gitmersiň. Bu ýere oýnamaga gelen dälsiň. Seni iş bilen iberipdirler. Onsoňam artykmaç gürrüňler edýärsiň. Meni masgaralaýarsyň. Bilip goý, meniň senden ýüregim üýtgänok. Emma ýagdaý üýtgedi. Sen meniň diýjek bolýanyma düşün. Ýagdaý üýtgedi.
Ol esli wagt dymyp durdy-da:
— Meniň bir möhüm işim bar, öňünden aýtmak kyn. Onuň erbetlik bilen gutarmagy-da mümkin. Eger şeýle bolaýsa, ikimiz ömürbaky aýra ýaşamaly bolarys....— diýip, öňki sözüniň üstüni ýetirdi.
Daglary duman büreýşi ýaly, Nazaryň üstüni gaýgy-gamlar büredi.
Iňrik garalyp başlansoň, tamyň içi daralyp, bir hili tagaşyksyz, iç gysgynç bolup göründi. Nazaryň endamynda galpyldy peýda boldy. Gysgajyk pursadyň içinde onuň başyna müňlerçe hyýallar geldi. "Erbetlik bilen gutarmagy mümkin... Ömürbaky aýralyk..." diýen elhenç pikirler ony bogmaga başlady. Ol soragly nazar bilen Şiriniň gözlerine seredip, iki eli bilen onuň çiginlerine ýapyşdy. Onuň sarsman duran göwresini iki ýana yralap: "Şirin, meni köýdürme. Gizlin syrlaryñy beýan et" diýip gygyrdy.
Daşky gapynyň jygyldap açylmagy bilen bularyň gürrüňleri tamam boldy. Şirin çiginlerini onuň elinden sypdyrdy-da, birki ädim yza çekildi. Şol wagt içki tamyň gapysy açylyp, duluklary garrygyz gawunyň paçagy ýaly ýygyrt-ýygyrt bolup duran bir garry aýal howlukmaçlyk bilen içerik girdi. Nazar oňa salam berdi.
— Amanmy, janym? Gurgunmy, hanym? Öý-içerileriňizem saglyk-amanlykmy? — diýip, birnäçe soraglary yzly-yzyna suňşurdy-da, ol aýal Şiriniň alkymyna bardy.
— Şirin jan, kömek edeweri, janyňa döneýin, ötüki, agtyjagymyz aýajygyny ýakaýsa nätjek? Ýa bärik alyp geläýelimi? — diýip, ýalbaryjy ses bilen sorady.
— Häzir bardym, Zöhre eje — diýip, Şirin gysgajyk jogap berdi-de, ýygnanmak bilen boldy.
Zöhre eje minnetdarlyk bildirip, gelşi ýaly çykyp gitdi. Şirin ak ýektaýyny çep eliniň üstüne atyp, apteçkasyndan özüne gerek bolan dermanlary saýlap aldy.
— Sen otur, Nazar, çaý iç, dynjyňy al. Men ýañkylara baryp gaýdaýyn. Hä diýmän kakam hem geler.
Ol sözüni soňlap-soňlamanka ýene-de daşky gapy jygyldap açyldy. Şirin geleniň kimdigini bilmek üçin daş çykdy. Ikinji tamdan onuň: "Kaka, geldiňmi?" diýen sesi eşidildi.
Näme üçindir, Nazaryň ýüregi jigläp gitdi. Göýä diýersiň, ukuda ýatan çagajygy oýarmajak bolýan ýaly, ol emaý bilen özüni oturgyjyň üstüne goýberdi. Endamynda galpyldy döredi. Göwnüne bolmasa, häziriň özünde gapy açylaga-da gaşlary bürşerip duran yzgytsyz bir adam geläýjek ýalydy.
Ine birden gapy açyldy. Heniz ýerinden turmaga-da ýetişmänkä, orta boýly, saryýagyz, ýañaklary içine çöküp duran bir adam içerik girdi.
— Salam, ýoldaş zootehnik — diýip, ol Nazara elini uzatdy. Bular gadyrly görşüp biri-birine tanyşlyk berdiler. Nazar: "Şirin kakasyna men hakda gysgajyk maglumat beren bolara çemeli" diýip oýlandy.
—Ähe, kömek bermäge geldik diýseňiz-le, örän gowy edipsiňiz — diýip, uly halynyň üstündäki ýelek ýassygy tirsekläp, ýaşuly sözüni dowam etdirdi: — Biz kömege mätäçsirenmänem duramyzok, inim. Kolhoz uly hojalyk bolýar. Bir işi gutardymmykam diýseň, ikinjisi gapdalyňdan çykýar.
Şirin her eline bir çäýnek alyp geldi. Birini kakasynyň öňünde goýup, ikinjisini stoluň üstüne galdyrdy. Käsedir süýji getirip goýdy-da, özüniň Zöhre ejelere gidýändigini aýdyp, çalasynlyk bilen çykyp gitdi.
dowamy bar...
Bekge Pürliýew. 1981.ý.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.