Söýgi mukamy (powest)

(dowamy)

* * *
Bu gün geler, erte geler bilen Gülnar ogullarynyň öýkeläp gidişi barada Salpa hiç zat aýtmasa-da, goňşulary Muhat agalara baryp, Merede töwella etmeklerini, ony öýe alyp gaýtmaklaryny sorady. Muhat aga gürrüňdeşleriniň ýüzüne gaty-gaýrym zat diýip bilmese-de, Salpynyň husytlygyna, onuň puly bar zatdan gowy görýändigine öz ýanyndan käýindi.
— Bolýar, bir käse çaý içer-de, ugruna çykaýaryn — diýip, Muhat aga goňşusyny ýola saldy.
Aý entek dogmandy. Ýerdäki sapaly durmuşa guwanan ýaly, ýyldyzlar gözlerini gyrpyldaşyp, aşak seredýärdiler. Howa petişdi. Muhat aga mele taýharyny münüp, ýola düşdi.
Öz dostunyň öýünde, özüniň dört ýyldan bäri işläp, bar ýerine belet bolan mekdebiniň giň howlusynda ýaýnap ýaşasa-da, näme üçindir Meret öýlerini küýsedi. Ýarym-ýaş bolup oturan bigünä ejesi göz öñüne geldi. Ony ynjydýanyna nebsi agyrdy. "Her näme diýse-de, ejemde günä ýok" diýip, ol tagta sekiniň üstünde mekdebiň kitaphanasyndan gözläp tapan pýesalaryny okap gutarandan soň oýlandy. Emma kakasy, onuň äsgermezlik bilen aýdan sözleri, onuň edýän gödek işleri ýadyna düşende weli, ol öwrenişen öýlerini-de, mähriban ejesini-de unutmaga mejbur bolýardy.
Häli ýigrimi üçünji brigadanyň kolhozçylaryna gazet okap bermäge baranda Meret ýaňaklary içine çöküp, gara ört bolan brigadir Kakajyk Ataýewi görüp, onuň bilen aç-açan sözleşdi.
— Eger siziň öz janyňyza haýpyňyz gelmeýän bolsa, onda köpçülige bir haýpyñyz gelsin, siz öz ýokanç keseliňizi olara-da ýokdurýarsyñyz. Eger häziriň özünde keselhana baryp, doktora görünmeseňiz, menden gaty görmäň. Men sizi gazetde-de ýazaryn, size çäre görmeklerini talabam ederin.
Brigadir tebipden kömek tapman, keselden bezeni üçinmi ýa-da gazete ýazylmakdan gorkany üçinmi, garaz, Meret bilen kejeleşip durman, çem gelen ulag bilen doktora gitmäge razy boldy. Meret ony maşyna mündürip ugradanda:
— Siz iş hakynda pikir etmäň, tizräk sagalyň. Men doktora-da aýdaryn, size iň gowy dermanlardan tapyp berer — diýip, oňa göwünlik beripdi. "Nätdikä, ol sag-aman baryp ýetdimikä? Ýa-da ýolda öýüne sowlup galaýdymyka?" diýen pikir ýadyna düşüp, ony anyklamaga ugrajak bolup durka, Muhat aganyň derwezeden eşekli girip gelýänini gördi-de, onuň öňünden çykdy.
— Muhat aga, siz nire, bu ýerler nire? — diýip Meret, onuň näme üçin gelenini aňsa-da, bilmezlige salyp sorady. Ýaşuly sekiniň üstünde ornaşykly oturyp, howlukman jogap berdi:
— Ýaňyrak işden gelsem, seniň ejeň oturan ekeni... Hawa, onsoň bu ýerlere-de aýlanyp gaýdaýaýyn diýdim. Hawa, mazaly senem gabat geläýdiň.
Maksadyny birbada beýan edip ugrasa-da, Muhat aga soñuny ugurdaş aýdyp bilmedi. Ol kolhoz işi, öz ýaşaýyşlary barada birnäçe mesawy gürrüňler edip, ahyry: — Senem beýdip ýörmän öýüñize baraýsaň bolmaýarmy? — diýip, Merede ýüzlendi. — Bilýän, sende onçakly günä-de ýok bolsa, ýokdur weli, her niçigem bolsa, ata-ene bilen beýdip ýörmezler.
Gürrüň uzaga çekdi. Meret Muhat agadan çekinmän, kakasynyň edýän gabahat işleri barada köpçülikden eşiden birnäçe gürrüňlerini aýdyp berdi. Kakasynyň hiç kime sala salman, Şirine söz aýtmaa gidişini, ol aýratyn hem ýazgaryp gürrüň berdi.
— Hemme aýdanlaryňyza ynanýaryn. Ýöne sen onuň bilen deň bolma — diýip, Muhat aga oňa ýaşuly hökmünde maslahat berdi. Soňra Meret öýlerine näçe gaýtmajak bolup jan etse-de, Muhat aga ony özi bilen alyp gaýtdy.
* * *
Aradan birnäçe gün geçdi, Berdi aganyň jany aram tapmaýardy. Ol gyzynyň öňünde özüni ýazykly hasaplaýardy. Gijelerine öz-özi bilen gepleşip, daňyny atyrýardy. Ukusyzlyk, argynlyk, onuň üstüne-de, dynuwsyz oýlanmak ony heläk edýärdi. Üsti gömlen çukuryň suw baransoň aşak çöküşi ýaly, onuň hem ýaňaklary aşak çöküp başlady. Öňki timar berlip daralýan mäşbürünç sakgallar, indi ýataç telpegiň tüýi ýaly mäjerlenip ugrady.
Kakasynyň bu gözgyny ýagdaýy Şiriniň hem ynjalygyny gaçyrýardy. Onuň pynhan syrlaryny bilesi gelýärdi. Emma gaýta-gaýta sorap durmaga ejap edýärdi.
Dymyşyk uzaga çekipdi. Indi birnäçe günden bäri öýde iş we durmuş hakynda adatdaky edilýän gürrüň: "Nahar iýjekmi? Çaý içjekmi?" bilen çäklenýärdi.
— Onuň ogly ýamanam däl weli — diýip, Berdi aga köpden bäri içinde saklap ýören pikirlerini bu gün ýüze çykardy.
Şirin muňa bir bada düşünip bilmän allaniçiksi boldy. Ol kakasynyň öňündäki çäýnek-käseleri ýygnap durka, utanjaňlyk bilen, ýaýdana-ýaýdana sorady:
— Kaka, siz kim hakda gürrüň edýärsiňiz?
Berdi aganyň gerdeninden agyr ýüki agyp düşdi. Indi bir söz bilen başlanan gürrüñini dowam etmek kyn däldi. Ol keçäniň üstünde ýatan "Priboý" papirosynyň birini agzyna salyp, howlukman otlady-da:
— Sen ol Salpy işany tanaýansyň-a? — diýip sorady.
Şirin ýylan gysymlan ýaly, tisginip gitdi. Onuň gyzgylt öwsüp duran dolmuş ýaňaklary kagyz ýaly agaryp, ýuwlan garamyk ýaly gözlerine gan öýüldi. "Salpy işan" diýip, gany gaçan dodaklar pyşyrdady. Şol minutyň özünde, tazynyň ýüzi ýaly süýrümtik ýüzli, selçeň sakgal adam onuň göz öñünde peýda boldy. Şirin agyr hassanyň yzyndan baranda bir adam dyza çöküp, nazm bilen doga okap otyrdy. Ol ak ýektaýly gyzy görenden dili bogazyna giden ýaly ýuwdundy-da, sesini sem etdi, ýarydan deşilen ýaly kirpiksiz gözleri bilen oňa çiňňerilip seretdi.
Hassanyň köne ýaglyk bilen saralan kellesinden syzlyp çykýan gan damjalary ýaş doktoryň ünsüni özüne çekdi. Kelleden gan alandyklary, ony wagtynda saklap bilmän hassany tapdan düşürendikleri, gany duruzmak üçin ýaranyň üstüne çaý çeýnäp goýandyklary daňynyň çözen badyna, Şirine aýan boldy. Ol:
— Muny kim etdi? — diýip, duranlara ýüzlendi. Hiç kimden ses çykmady. Şirin ala guşagyny guşanyp duran Salpy işana ýüzlendi:
— Muny siz etdiňizmi?
— Näme üçin men bolýamyşym? — Menden başga-da adam gyt däl ahyry — diýip, ol ýalandan gülen boldy.
Şirin özüni ele aljak bolup näçe synansa-da bolmady. Ol:
— Adamy şu ýagdaýa salybam gülüp bolarmy? Beýle-de doň ýüreklik bolarmy? — diýip gygyrdy.
Gapynyň agzynda galoşyny geýip duran Salpy gözlerini jikgerdip oňa seretdi-de:
— Gykylygyň näme, sende haýa bolmazmy, äteňet — diýip, diýio gaharly çykyp gitdi.
Ine, Şirini tisgindiren şudy, şu ýatlamalardy. Esli wagt dymyp oturandan soň:
— Hawa, tanaýan — diýip, Şirin kakasynyň soragyna jogap berdi.
— Tanaýan bolsaň, şonuň ýetişen bir ogly bar. Örän sada ýigit diýýärler. Salpynyň özün-ä meniňem jynym alanok weli, nädeýin-dä?..
Şirin kakasynyň bu sözi nämä kakdyryp aýdýanyna derrew düşündi. Ol ýüzüni boz-ýaz edip, gör, nämedir diýmek isledi. Emma gabagyny galdyrman çilim çekip oturan kakasynyň sandyraşyp duran barmaklaryny, maňlaýyndan syrygyp gaýdýan burçak-burçak derlerini görüp, sesini çykarmady. Eýýäm "suw seňrikden agandyr" öýdüp, onuň kellesine-de gelmändi. Ol muny diňe maslahat alyşmak üçin orta atylan sözdür öýtdi.
Şirin öz ýanyndan: "Häzir munuň kejine gaýtmaýyn, azalam saglygynyň ugry ýok. Keýpiniň kök wagty men muňa Nazar hakynda, onuň bu ýere geljekdigi, bu ýerde ýaşajakdygy hakynda gürrüň bererin" diýip oýlansa, Berdi aga: "Salpy işana söz berenimi, indi ähtimden dönüp bilmejegimi men muňa duýduraýyn" diýip oýlandy.
Hawa, gutarnykly bolmasa-da ol oňa söz beripdi. Ony halamasa-da, ondan gaçarak duranyny kem görmese-de, ol oňa hoş söz beripdi. Öz gyzyny jany-teni bilen söýýän, ondan geňeşsiz hiç zat etmeýän bolsa-da, ol oňa sala salman, Salpy işana söz beripdi. Ony howlukdyrýan, ony howsala salýan, ine, şu ýagdaýdy.
— Gulak sal, gyzym — diýip, ol ýüregine daş baglap söze başlady. — Ata-enesi näçe gowy görse-de, gyz maşgala amanat bolýar. Oña başga öý, başga durmuş garaşýar. Bilýän, ýekelik maňa-da kyn bolar. Içim gysar. Bu jaýlar maňa zyndan bolup görner... Emma nädeýin-dä?..
— Kaka, siz biderek zatlar aýdýarsyňyz... Men bu ýerden hiç ýere gitmen — diýip, Şirin kesgin jogap berdi.
Berdi aga dyzyna galdy-da:
— Söz berdim, gyzym, indi bu hakda çekeleşip oturasy zat ýok — diýip, könelişen garma donuny ýasgynjak alyp daşaryk çykdy. Uludan dem aldy. Göwnüne bolmasa, ol ähli azaplardan, ähli görgülerden dynaýan ýalydy. Tomus agşamynyň tamdyryň agzyndan çykýan ýaly howurly şemaly hem oňa mylaýym bolup duýuldy. Ol üzüm dalbarlarynyň aşagynda süňňi ýeňillik bilen gezmelemäge başlady.
Kakasynyň: "Söz berdim. Çekeleşip oturasy zat ýok" diýen sözi Şiriniň bagryndan ok bolup geçdi. Ol oda goýlan buz ýaly, pagyş-para boldy-da, yraň-daraň ädimläp, öz otagyna bardy, krowatyň üstüne ýykylyp, sessiz aglamaga başlady.
* * *
Gudaçylyk habaryny eşidip, Şiriniñ meňzi saralyp ugrady. Işde-de, öýde-de özüne orun tapmady. Nirädir gidesi, çola ýerde oturyp aglasy, ýürek derdini gowzadasy geldi.
Gaýgy-hesret, umytsyzlyk aç bürgüt ýaly bolup, onuň üstüne hüjüm etdi, aman-zamanyny bermän, penjesine gysmak, tüýt-müýt etmek isledi. Emma bir umyt — Nazara gowşaryn diýen umyt oňa pena boldy. Nazar, diňe Nazar onuň göwnüne teselli berdi. Diňe şol ony umytsyzlyk penjesinden gorap saklady.
Ilkinji bahar gijesi, ilkinji söýgi, ilkinji mähir... Ine bu ýatlamalar oňa gaýrat berdi, ony göreşe çagyrdy. Ýöne welin ataň, öz mähriban ataň bilen göreşmek, onuň islegine garşy durmak aňsatmy näme? Eger ol ýaramaz, ilden çykmaz zalym adam bolsady, onda onuň bilen göreşmäge, ony dyza çökermäge, Şiriniň güýji ýeterdi. Emma birnäçe ýyldan bäri hem ata, hem ene ýerine hyzmat edip gelýän bu mylaýym, bu gadyrdan, bu ýazyksyz adam bilen nähili göreşjek? Neneň onuň göwnüne degjek?
Taýagyň iki ujy bolşy ýaly, bu meseläniň hem iki hili çözlüşi bardy: ýa-ha ataň sözünden çykman, söýginiň ýüzüne atanak çelmelidi, Nazaryň adyny unutmalydy, ýa-da öz söýgüliňe gowuşmak üçin ähli pidalara kaýyl bolmalydy. Aralykda orun ýokdy. Ýa Nazardan, ýa ata mährinden geçmelidi. Şirini horlaýan, gam laýyna batyrýan hem şudy, şu pikirlerdi.
Gyzynyň ýolnan gunça dek süllerip barmagy Berdi agany ünjä goýýardy. Onuň ukusyny gaçyryp, işdäsini kesýärdi. Emma: "Aýdylan söz — atylan okdur. Ony yzyna gaýtaryp bolmaz" diýen pikir ony her niçik bolsa-da, doň bagyr bolmaga mejbur edýärdi. Şoňa görä-de, ol Şirin bilen bu hakda sözleşmeýärdi. Dogrusy, sözleşmäge çekinýärdi. Belki... belki, ol muňa üzül-kesil garşy bolar, belki, onuň söz beren, söýýän adamy bardyr, belki, ol gözüniň hanasyny ýaşdan dolduryp, bulut ýaly aglamaga durar, boýnuny burup, ýalbarmaga durar... Ata ýüregi muňa döz gelip bilmez. Ol öz ähtinden dönmeli, gudaçylyk gürrüňini goýbolsun etmeli bolar. Salpy işan bolsa, agzyny pakgyldadyp, muny bütin ile jar eder. Käbir agzy boş, bolar-bolmaz adamlaryň diline düşenden, Berdi aga gyzyna dözümliräk daranyny gowy görýärdi. Ine şoňa görä-de, ol sönüp barýan ody ölçermek islemeýärdi.
Işden soň Polina Iwanowna Şiriniň kabinetine girip, gapyny pugta ýapdy-da:
— Men siziň gol asty işgäriňiz bolup däl-de, garry eneňiz bolup soraýaryn: size näme bolýar? Näme ýetmeziňiz bar? Siz halys iňňä sapaýmaly bolduñyz-la?
Şirin ýylgyrjagyny-da, möňňürip aglajagyny-da bilmedi. Ol az wagt alasarmyk bolup durdy-da, oýunlyga salyp şeýle diýdi:
— Ýaşlyk, studentlik durmuşy maňa bir ýigidi, siz bu ýerde ikinji ýigidi, kakam bolsa — üçünji ýigidi hödürleýär. "Bagt" diýeniň ine şeýle bolaýsa, Polina Iwanowna.
— Örän geň zat, kakaň size kimi hödürleýär?
— Dogrusy, kakam ony maňa hödürlänok-da, meni oňa hödürleýär.
— Kim ol?!
— Men ony tanamok. Tanajagam boljak däl. Ýöne atasyny örän gowy tanaýan. Ony sizem tanaýarsyñyz. Tanamaýan bolsaňyzam, onuň edýän işlerinden habaryňyz bardyr.
— Kim ol?! Alymmy?
— Hawa, "alym". Ikimiziň, umuman, medisinanyň garşysyna hereket edýän " alym".
— Düşünmedim. Ol nähili beýle...
— Ikimiziň näçe günden bäri saglygyny dikeltjek bolup jan edýän bendämizi şu ýagdaýa salan, ol öňki şähere iberen oglanjygymyzy maýyp eden, ana, şol "alym".
— Onda alym diýmäň-de, tebip diýiň-dä.
— Aýdyşlaryna görä, ol tebiplik bilenem çäklenmän, käte doga-da berýämiş... Meni şonuň ogluna berjek bolýarlar. Kakam eýýäm söz beripdir...
— Be, köne urp-adatlar entekler aýryljak däl-ow.
— Ol hiç wagtam öz-özünden ýok bolup gitmez, Polina Iwanowna.
— Düşünýärin. Ýöne siziñ kakañyzdan beýle zada garaşmaýardym. Ol akylly adam ahyry. Nädip beýle karara gelip bildikä?
— Arada ol maýyp bolan oglanjyk barada, Orazgylyç aga hakynda men kakama janygyp gürrüň berdim. " Salpy işany oba Sowetine, çäre görmeseler, prokurora ýazyp berjek" diýdim. Biler bolsaňyz, kakam meniň bu pikirime garşy çykdy.
— O näme üçin?
— Bir wagtlar ol meni ölümden halas edipdi. Sen oňa zat degme — diýdi. Men oňa eýýäm ýazyp berendigimi aýdamda, ol onçakly gynanyp hem durmady. Ýalňyşmaýan bolsam: "Men bolmadyk bolsam, sen heläk bolardyň, men seni ölümden halas etdim" diýip, ol haýasyz Salpy häli-şindi onuň gulagyny gazap durandyr. Şonuň üçinem ol onuň ýüzünden geçip bilen däldir. Ýüz otdan yssy ahyry. Men indi nätsemkäm?
— Nätmelisi belli. Ýaka tutuşmaly.
— Kim bilen? Şol ejiz, naýynjar keselli kakam bilenmi? Ýok, onuň ýakasyndan tutarlyk ýok, ol ozalam gutaran adam...
— Salpynyň ýakasyndan tutmaly, şoň bilen göreşmeli.
— Atylan kesek kakama degýär. Ana, şol ýeri ýaman.
—Onda özüň gör-dä, gyzym, men-ä häzir näme maslahat berjegimi bilemok.
— Bolmasa, men wagtlaýynça bu ýerden gidäýsem näderkä?
— Gideniñ bilen keselden gutulyp bolýan bolsa, menem beýdip sojap oturmazdym. Giderdim-de ýaş bolup gelerdim...
— Bu gün-erte Nazaram geljek. Iň ýamany, men onuň bilen erkana sözleşip biljek däl.
Ellerini stola diräp, garry feldşer ýerinden turdy:
— Bagyşla, gyzym, diňe oduňy ölçerenim galdy. Kömek edip bilmedim.
Nazar şu gün geläýer öýdüp, Şiriniň kellesine-de gelmändi. Ol ýene bäş-alty günden telegramma garşýardy. Şoňa çenli nähili bolsa-da, bir karara gelmegi ýüregine düwüpdi. Emma gapynyň agzynda kellesi ýalaňaç duran, eli çemodanly Nazary görende bolsa, aljyrap özüni ýitirdi. Öňe ylgajagyny-da, yza çekiljegini-de bilmedi. Nazar hiç zatdan çekinmän, çemodanyny taşlap, oňa topuldy. Haýyna-waýyna garaman, ony bagryna basmak isledi.
Onuň bu gödek hereketi Şirine ýaramady. Ol emaý bilen gaýra çekildi-de, uly tamyň gapysyny açyp, onuň girmegini sorady.
Özüni çendenaşa erkin duýýan Nazar ähli tamlara ýeke-ýekeden girip, syn edip çykdy.
— Oñat jaýyňyz bar ekeni. Hany bagyňyzam aýlanyp göreýin.
Ol çykyp barýarka, iki elini birden uzadyp Şiriniň bilinden tutjak boldy. Ol tisginip gaýra çekildi.
— Sen näme tasanjyran bolýarsyň-a? Men seniň üçin ýat adam däl ahyry.
— Hemişe beýle häsiýetiñ ýokdy-la, Nazar?
— Indi biz student däl ahyry. Sen wraç, men akademiýanyň ylmy işgäri...
Nazar bu sözi nähilidir tekepbirlik, ruhubelentlik bilen aýtdy. Ol akademiýa işe kabul edilende, guş bolup uçup bilmändi. Bary-ýoguny gaýgyrman, ýoldaşlaryna hezzet edipdi, käbir kilçigräk dostlarynyň aýdyşy ýaly, özüniň täze ornuny "ýuwupdy". Ol akademiýanyň gapysyndan girenden alymlyk derejesini aldym hasap edýärdi. " Üç ýyldan soň oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, ýene üç-dört ýyl geçer welin, oba hojalyk ylymlarynyň doktory bolaryn. Uly wezipelerde işlärin. Bag-bakjaly howlym, maşynym bolar" diýip oýlandy. Ýok, ol muny diňe bir oýlanmak däl-de, özüniň ertirki güni hasaplaýardy. Onuň şeýle boljagyna şübhesiz ynanýardy. Şonuň üçinem ol bärik gaýdanda ýumşak wagonda gaýtdy: raýispolkoma gelip, ikirjiñlenmän, Şirinleriň obasyna çenli maşynly getirmeklerini sorady. Şirin hakda bolsa, ol eýýäm gutarnykly karara gelipdi. Hatda: "Men ony özüm bilen alyp gaýdaryn" diýip, ýoldaşlaryna sözem beripdi.
Hawa, soňky günlerde Nazaryň kellesi dürli hyýallardan hyryn-dykyn dolupdy. Indi oña uzakdaky kolhoz obasy däl-de, raýon, oblast merkezleri hem dar görünýärdi.
Şirinleriň obasynda-da owadan klub bilen uly mekdep bolaýmasa, onuň ünsüni çekýän zat bolmady. Maşyn geçende üstüňi tozandan gömýän bu ýat obada ömürlik ýaşamak barada ol häzir pikir hem etmeýärdi. "Sen git-de, mazaly ýerleş, menem okuwy gutaryp yzyňdan bararyn. Bile ýaşarys. Biziň durmuşymyza görenleriň gözi gider" diýip, bir wagtky aýdan sözlerine indi onuň gülesi gelýärdi. Ol Şiriniň hem özi bilen göwündeş gopjagyna şübhelenmeýärdi. Şonuň üçinem ol: "Men akademiýanyň işgäri" diýip aýdan badyna Şirin gelip boýnuma böker öýdüpdi. Emma Şirin duran ýerinden butnaman:
— O nähili akademiýanyň işgäri? — diýip, geňirgenip sorady.

dowamy bar...

Bekge Pürliýew. 1981.ý.



2 лайков 190 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Babahanowa_g
04 июн 2022, 00:03
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garasyan