Söýgi mukamy (powest)

(dowamy)

Şirin öýlerine gelip, Nazaryň hatyny ýene bir gezek okap çykdy. Gözlerini gyrpman, onuň suratyna seretdi. Sarymtygrak, ýakasy bejerilen köýnegi onuň bugdaý reň ýüzüne ýaraşyk berýärdi, ony birhili mähriban edip görkezýärdi. Munuň sebäbi, belki hem, Şiriniň onuň bilen hut şu köýnek üstünde tanyşlyk açany üçindir. Belki, Nazar hem şol wakany muňa ýatlatmak üçin ýörite şu köýnegini geýendir...
Hawa, bularyň tanyşlygy hut şu köýnekden başlapdy... Baharyň soňky aýydy. Ýokary mekdepleriň çeper höwesjeňleriniň gözden geçirilişi bolýardy. Medinstitutyň täze kluby studentlerden hyryn-dykyndy. Sahnanyň aňyrsynda çykyş etmäge taýýarlanyşyp duranlar hem az däldi. Şirin Nazary ilki gezek şol ýerde görüpdi. Bularyň ikisi hem çykyş etmelidi. Nazar Maýakowskiniň Sowet pasporty hakyndaky goşgusyny okamalydy. Şirin bolsa Şasenemiň ariýasyny aýtmalydy. Ine şonda Nazaryň egninde şu köýnek bardy. Näme üçindir, bu köýnek Şiriniň ünsüni özüne çekipdi, ony biygtyýar gaýta-gaýta garamaga mejbur edipdi.
—Bu keşdäniň nusgasyny alyp bolsady — diýip, ol jorasynyň gulagyna pyşyrdapdy.
—Köýnege däl-de, onuň eýesine gözüň gidýän bolaýmasyn? —diýip, boýdaşy jykyrdap gülüpdi.
—Goý-la, gyz, sen-ä ýöne öz ýürejigiňi ýüze çykaraýdyň — diýip, Şirin oňa myjabat edipdi.
Nazar gürrüňiň özi hakda gidýändigini aňýardy, olaryň gülkülerine sussy basylyp derleýärdi. "Arman gyz bolaýýarlar, bolmasa, men olara nähili gülmelidigini görkezerdim welin..." diýip, hüňürdeýärdi. Mundan bir aý ozal ýat tutan goşgusyna seredip, özüni köşeşdirmäge çalyşsa-da, bularyň wyşy-wyşysy, hikir-hikiri ýüregine düşýärdi. Onuň ganyny gaýnadýardy. Emma haçan-da iki göreç biri-birine kaklyşanda... ana şonda Nazar ähli gazaplaryny ýilik ýaly sorup, büs-bütin başga adam bolupdy. Şonda ol özüniň ejizdigini, eýýäm şol gözleriň ýesiri bolandygyny duýupdy.
Ol garaýyş Şirini hem öz erkine goýmandy, tisgindiripdi, ýere seretdiripdi. Ýöne boýdaşyndan çekinýäni üçinmi ýa-da özüne erk etmäni başarýany üçinmi, derrew özüni tijedi.
Nazar süňňüniň galpyldap duranyny bildirmezlik üçin, olaryň ýanyndaky gapydan daşaryk çykmak isledi. Aýagyna gumly halta daňlan ýaly, tagaşyksyz ädimläp ugrady.
Şirin onuň has darygýanyny bilip:
— Bu köýnek amanatdyr-la — diýip, ýuwaşja seslendi-de, gülesi gelmese-de, jykyrdap gülen boldy.
Bu söz başga adamynyň agzyndan çykaýan bolsa, Nazar ýaka tutuşmaga-da ýaltanmazdy. Emma bu näzli gyzyň bälçiremegini özüne lak atmak diýip düşündi-de, duşuna gelip aýak çekdi.
— Özüm amanat bolaýmasam, köýnegim amanat däl, gözel gyz!
Nazar onuň ýüzüne çiňerilip seretdi-de, ony synamak üçin:
"Ynanmasaň men muny ýyrtyp-da bilerin!" diýip, öz ýakasyna ýapyşdy, kellesiniň göçgünine batly siltäp goýberdi. Aşaky tikini azajyk sökülen köýnegiň ýakasy telkerdi.
Birden içini çekip, Şirin onuň eline ýapyşdy:
— Nähili oglan ekeniň?!
Nägünlik bilen ýetenini ýatdan çykaryp, Nazar häzir bu köýnegini otlamaga-da taýýardy. Diňe şu gyz bilen tanşyp bilse besdi. Emma munuň bilen nädip tanyşmaly? Adyny, nirede okaýandygyny nädip bilmeli?
Kimdir biriniň:
— Ýuwaş, ýoldaşlar, häzir başlaýarys! — diýmegi Nazary begendirdi. Öz soragyna aňsatlyk bilen jogap alyp biljekdigine gözi ýetenden soň, ol gyzlaryň ýanyndan aýrylyp, süňňi ýeňillik bilen daşaryk çykdy.
Bularyň tanyşlygy ine şeýle başlanypdy.
Şondan soň bular köp gezek duşuşyp, köp gezek gürrüň etdiler. Ýönekeý warsaky gürrüňleriň söýgä, hakyky söýgä öwrülip gidenini özleri-de duýman galdylar. Ýygy-ýygydan görüşmeseler, içleri gysdy. Bir-iki günüň aralygy hem uzak ýaly bolup göründi. Hatda ekzamenleriň gyzgalaňly günlerinde-de bular duşuşmaga, aýak üstünden bolsa-da, biri-biriniň hal-ýagdaýyny soraşmaga wagt tapdylar.
Indi bolsa bir ýyl geçip barýar. Görüşerden ara daş. "Ähli duýgularyňy kagyz üsti bilen beýan etmeli... Bolmajak zat! Bu diňe öz-özüňi köşeşdirmek bolýar. Ýüzbe-ýüz durup, biri-biriňe nazar salmagyň özi nämä degmeýär? Göz-göze ýürek duýgularyny beýan edýär. Göz-göze söýgi rowaýatlarynyň ählisini aýan edýär, endamyň jümşüldäp gidýär... Ýok, ýok! Duýgyny kagyza geçirip bolmaz!"
Ol kimedir düşündirjek bolýan ýaly, janygyp sözledi. Soňra kakasynyň gelerine nahar taýýarlamak üçin kuhnýa girdi. Emma daşyny gurşap alan oý-pikirler ony işlemäge goýmady. "Hä diýmän Nazar geljek. Onuň bilen wadamyzyň bardygyny men kakama nädip aýdaýyn? Ol muňa nähili garar?"
Şirin köp oýlandy. Ol bu hakda instituty gutaryp geleli bäri oýlanýardy. Emma ýüze çykaryp bilmän, heläk bolýardy. Diňe bir gyzlar däl, hatda oglanlar hem ata-eneleriniň ýanynda öz duýgularyny ýüze çykarmaga ejap edýärler. Munuň ýaly ýagdaýda ikinji bir adamyň kömegi gerek bolýar. Şiriniň hiç kime ýüz tutasy gelmedi, öz ykbalyny özi çözmek isledi. "Kakam bu pikiri oňlasa-da, oňlamasa-da diňe özüm bileýin. Gürrüň daşa çykmasyn. Keýpiniň kök wagty taryna kakyp görerin. Ugruny tapmaga çalşaryn" diýip oýlandy. Ýöne welin, wagt Şirin ýaly ýaýdanyp durmaýardy. Ol batyrgaýlyk bilen öz ýoluny dowam edýärdi. Göwrümi giňlik, ýaýdanjaňlyk etmäge pursat galmandy. Ýürege daş baglap, ýüzüň perdesini syrmak gerekdi. "Kaka, biz Nazar bilen ähti-peýman edişdik. Ol basym geljek. Razy bolsaň, toý edeliň. Ol bu ýerde — biziň bilen ýaşasyn" diýmelidi.
Bu sözler lenç edilen sözlerdi. Şirin muny onlarça, ýüzlerçe gezek gaýtalapdy. Emma ony özünden başga eşiden adam ýokdy. Ol muny öz-özüne aýdypdy. Indi bolsa ol sözleri bendilikden halas etmek, uzak wagt göterilen agyr ýükden dynmak gerekdi.
"Öz ykbalyňy çözüp bilmejek bolsaň, haýp seniň alan ylmyň!" diýip, ol öz-özüne käýindi-de, kuhnýadan çykyp, uly tamlaryna geldi. Ýene-de suraty eline alyp oňa mähirli we içgin seretdi. Şol wagt bir pikir: muny kakamyň gözüne iläýjek ýerde goýaýyn diýen pikir onuň ruhuny asmana göterdi. Ol suraty kitaba söýäp goýdy-da, çalasynlyk bilen gaýra çekildi. Gapynyň ýanynda durup syn etdi.
"Bu juda gözedürtme bolýar. Kitabyň arasynda goýsamam görer. Ol derrew: " Bu näme?" diýip sorar. Men bolsam: "Ol bu ýyl oba hojalyk institutyny gutarýar. Zootehnik. Meniň tanşym diýerin. Şeýlelik bilen gürrüň açylar. Men oňa öz ýürejigimi aýdaryn".
Göýä ähli meselesini çözüp gutaran ýaly, Şirin uludan dem aldy. Suraty ýene kitabyň içine salyp, kakasynyň gözi düşäýjek ýerde, stoluň bir çetinde goýdy.
* * *
Meret özüne orun tapmaýardy. Otursa turasy, tursa nirädir ylgaberesi gelýärdi. Güýçli tüweleýi ýadyňa salýan bu joşgun ony peşmekden eý görmän, al-asmana göterýärdi. Ol nirä-de bolsa gitmeli, kime-de bolsa, bu derdini aýtmalydy. Ol ýerinden zöwwe turup:
— Eje! — diýip gygyrdy. Onuň çasly çykan ýognas sesi tamyň içine ýaň berip, uzaklara ýaýrap gitdi. Işiklerinden geçýän ýabyň bäri ýüzündäki uly tut agajynyň aşagyny suwlap, şol ýerde çaý içmäge taýýarlanyp ýören Gülnar bedresini goýup, äwmezlik bilen yzyna dolandy.
Meret oňa edil gapynyň agzynda gabat geldi. Ol öz syryny ilki bilen ejesine aýtmakçydy. Emma birdrn sussy basylyp, näme diýjegini bilmedi-de:
— Eje, maňa çal ber. Halys ýüregim ýanyp barýar — diýdi.
Gülnar üzükleri abat bolsa-da, uklary bir ýana eglibräk giden gara öýlerine girip, gap dulda köne don bilen basyrylgy duran gor küýzeden bir okara düýe çalyny alyp geldi.
Meret ejesine syr bildirmezlik üçin, onçakly içesi gelmese-de, okarany gowzatdy. Çep eliniň ýeňsesi bilen ýagjaryp duran dodaklaryny süpürdi.
— Eje, saňa-da ýekelik aňsat düşýän däldir...
Ol bu sözi nädip sypdyranyny-da duýman galdy. Ýüzi boz-ýaz boldy. Sag elinde tutup duran okarasy mese-mälim sandyrap başlady.
— Men-ä seniň şu kakaňa gep düşündirip bilýän däldirin — diýip, Gülnar zeýrenmäge başlady: — Bir zat diýseň: "Howlukma-da, toý şaýyňy tutuber" diýýär. Halat-serpaý bir eýýäm taýýar. Ol henizem äwenok.
"Halat-serpaý" sözi Merediň endamyny tikenekletdi. "Ýok, eje, Şirini satyn alyp bilmersiňiz. Oňa siziň halat-serpaýyňyz gerek däl, çeper dil, başarjaňlyk gerek" diýip oýlandy. Aradan az salym geçensoň bolsa:
— Eje, halat-serpaýyň azaryny etmäň. Men size aý ýaly gelin tapyp bereýin. Ýöne kakamdan birneme pul almagyň alajyny et. Men oňa altyn sagat, ýüpek köýnekler alyp bereýin — diýdi.
— Bu näme diýdigiň boldy? — diýip, Gülnar ör-gökden geldi: — Baldyryny akjardyp ýören ykmandany yzyňa tirkäp geläýerin öýtdüňmi? Umydyň tala daňlan ýaly bolaýsyn!.. Öläýmesem, bu öýe olaryň toýnagy düşmez!
— Men-ä senden arka tapynjakdym welin, tersine bolup çykdy. Emma bilip goýuň, men şony almasam, ömürbaky müjerret geçerin! Eşitmedim diýmäň!
Meret tasanjyrady.
— Kim ol? Kim ol aljagyň? — diýip, ejesi onuň üstüne sürnüp ugrady.
— Kim bolanda näme! Barybir, saňa ýarasy ýok.
— Maňa ýaramasa, kakaňa-da, iliňe-günüňe-de ýaramaz. Ondan ýöne oňatja bolaý. Salpyň ogludygyňy ýadyňdan çykarma.
"Salpynyň ogludygyňy..." Bu onuň diýip biljek iň täsirli sözüdi.
Meret ejesinden gazaply garşylyk bolar öýtmeýärdi. Her niçik bolsa-da, gyzyň kimdigini sorar, asylly maşgaladygyna göz ýetirer-de, tarapyny çalar öýdüpdi.
Gülnar köplenç halatda onuň tarapyny çalardy, ärine duýdurman, käte oňa sowalga-da bererdi. (Meret mugallym bolup işlese-de, aýlygyna erk edip bilmezdi. Ol kakasynyň öňünde köpükme-köpük hasap bermelidi.) Hatda zaýomlary utup, şäherden motosiklet alyp gelende-de, ejesi Meredi Salpynyň gazabyndan gorapdy. (Ýöne şondan soň zaýomlar Salpynyň sandygyna girip, goşa gulpa sezewar bolupdylar.) Indi bolsa, näme üçindir, ejesi oglunyň tersine gaýdýar. Oňa kömek etmek islemeýär.
Bu meseläniň kakasyna galsa asyl çözülmejegine Merediň gözi ýetikdi. Onuñ bar umydy ejesindedi. "Ejem göwnese kakamyň hem göwnüni tapar" diýen umydy bardy. Indi bolsa, kelebiň ujy bütinleý çolaşyp, ol gitjek ugruny-da ýitiripdi.
"At çapanyňdan-a geçen, eýeriň gaşyna bek ýapyş" diýlişi ýaly, ol indi bu habar kakasyna ýetmän galsa-da razy boldy. Sebäbi onuň galmagal etmegi, ur-tut başga biri bilen guda bolmagy mümkindi. Şeýle bolsa onuň bütin umydy puç boljakdy. Göreşere, ymtylara orun galjak däldi.
"Ejem bilen kejeleşip durmaýyn-da, Şirini göreýin, ony yrmaga çalşaýyn. Eger işim ugrugyp başlasa, ejemiň dilini tapjak, kakamy razy etjek adam taparyn. Juda bolmasa, onuň bilen gaçyp giderin. Ahyrym ýaraşalar" diýen pikir ony bir az köşeşdirdi.
Ejesi okarany alyp gidenden soň, Meret howsalaly görnüşde tamyň içinde gezmeläp başlady. "Şirin meselesini nätmeli? Nädip sözleşmeli? Bu işde kim delalat edip biljek. Belki, Muhat agalary ýüz tutaryn? Olar kömek ederler. Kakamy, ejemi razy etmegi hem şolaryň boýunlaryna ataryn... Häzir olara barmaga-da, Şirin hakynda söz açmaga-da bahana bar".
Meret daşaryk çykyp sägindi. Ol iki pikiriň: " gitmelimi, gitmeli dälmi?" diýen pikiriň ortasynda awarady. "Ýaýdanmaly däl, gitmeli, hereket etmeli, bütin güýji sarp edip, ony ele salmaly. Bolmasa gijä galaryn, iller aýak üstündedir" diýen pikir "Howlukma, ozalam ýaňyja geldiň, heniz motosikletiň yzlaram pozlanok. Birneme edepliräk bol" diýen pikiriň üstüne hüjüm edýärdi.
Göwnüni bire baglap, Meret ýola düşdi. Oba arasyndaky ululy-kiçili agaçlaryň üstüni syryp gelýän epgek şemal onuň ýygyrtsyz, tüňňüräjik maňlaýyndaky derleri sypalap geçýärdi.
— Ýeri, Meretdurdy, ýykylman-sürüşmän, sag-aman bardyňyzmy? — diýip, ol içki tamyň bosagasyndan ätlän badyna, iki tarapy bogdakly uzyn ýassygy tirsekläp ýatan Muhat ondan sorady.
— Bize buýrulan işiň hatasy bolmaz-la! — diýip, Meret keýpi köklük bilen, öwnübräk jogap berdi.
—Eliň-gözüň dert görmesin, inim şony ynjytman elten bolsaň bolýar. Tüweleme, Lukman hekim tebipligini şoňa beräýipdir öýdýän. Men-ä professoram şondan ökdedir öýdemok! Gören badyna "Ýakmaz bir zat iýipsiňiz" diýdi. Haý, göwnüm bol-a! Iýenim çyn-la! Doktor diýip, şoňa diýseň. Käbiriniň ýanyna barsaň: "Niräň agyrýar, nädip agyrýar, haçandan bäri agyrýar?" diýip, öliň soragyny berýär. Bu bolsa ýüzüni görenden, "Siz ýakmaz bir zat iýipsiňiz" diýýär-de, seni bejermek bilen bolýar. Ýene ýarym sagat gijä galan bolsa, men ölerdim. Biri pyçak alyp garnyñy dilip dursa nädersiň? Onuň agyrysyny, heý, ýöne goýaý! Indi gör, hiç zat bolmadyk ýaly, çaý içen bolup ýatyryn. Men-ä kyrk ýaşap, şeýle doktory gören däldirin!..
Muhat Şirini öwüp arşa çykarsa-da, ony öwýändirin öýtmedi. Göwnüne bolmasa, ol henizem kelte gaýdýan ýalydy. Ol hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkaýardy-da: "Doktor diýeniň şeýle bolaýsa!" diýip, birsyhly gaýtalaýardy.
Ol hakdaky taryplamalary eşitmek Merede-de kem ýaramaýardy. Bu gürrüň ertire çenli dowam etse-de, ol muny ýadaman diňläp biljekdi. Diňe bir diňlemek däl, eýsem onuň akyly, gara gözleri, başyna oralgy ýogyn saçlary, bugdaý reňk ýüzli, nar ýaly gyzaryp duran ýaňaklary, süňksiz ýaly näzijek barmaklary hakynda-da näçe diýseň, sözläp biljekdi.
Şiriniň "Hoş wagtyňyz, Meretdurdy" diýen ýakymly sesi henizem gulagynda ýaňlanyp durdy. "Onuň beýle näzik, beýle hoşamaý sözlemegi diňe meni söýýäni üçindir. Gör-de duruber, özi maňa lak atyp ugrar. Obada menden başga onuň göwnüne ýarajak kim bar? Biri garry, biriniň görki-görmegi pes, başga biriniň bilimi ýok. Ýek-tük görmegeýräk ýigitler bolaýsa-da, olaryň hem köpüsiniň aýaly, oglan-uşagy bar. Şeýlelik bilen diňe men onuň ünsüni çekip bilerin" diýip, ol ýol boýy oýlanypdy. Indi bolsa, Muhat aganyň taryplamasyndan özüne goldaw tapyp hoşal bolýardy. Onuň sözlerini uly höwes bilen makullaýardy.
Adamsynyň agyr azaplardan dynyp, many-many sözläp oturşyna biçak guwanýan Bibigözel hem söze goşuldy:
— Onuň adamkärçiligini, görki-görmegini diýsene! Gül ýaly maşgala!
Köpden bäri şu gürrüñe garaşyp oturan Meret tisginip gitdi. Ol süňňünde dörän galpyldyny gizlemäge çalyşdy, barmaklaryny şarkyldatdy. Soňra dişinden syzdyrybrak şeýle diýdi:
— Owadan gyz!
— Owadan bolsa, beýdip ýörme-de, sypdyrma şony!
— Ol biziň ýaly bilimsize gelmez, gelneje.
— Bu obada senden bilimli kimi tapjakmyş?
— Men diňe ikiýyllyk instituty gutardym. Ol bolsa...
Muhat aga onuň sözüni böldi:
— Özi ýaly bilimlini gözlejek bolsa-ha, bu jelegaýdan tapasy ýok. Aşgabada-zada gidip, bir professora baraýmasa...
— Kakasyny taşlap, hiç ýere-de gidesi ýok. Meret ýaly owadan ýigit tapsa, baý geler-ä — diýip, Bibigözel gürledi.
Merediň: "Ýaşa, gelneje!" diýip, gygyryberesi geldi. Emma ejap etdi. Ol diňe pessaýja ses bilen:
— Aý, näbileýin — diýip mysapyrsyran boldy.
Muhat aga çöke düşüp oturan ýerinden ýassygy dyzynyň üstüne goýup, oňa ykjam ýaplandy-da:
— Ol oña gelmese gerek, geläýse-de uzak ýaşaşyp bilmez — diýip, gönümel jogap berdi.
Bibigözel adamsynyň kesgin jogabyna haýran galdy. Merediñ ýüzi gyzardy. Ol: "Muhat aga näme üçin beýle diýýärkä? Ýa meni oňa mynasyp görenokmyka? " Ol saňa gelmese gerek, gelse-de uzak ýaşaşyp bilmez" diýýär welin, ýa onuň bir ýaramaz gylygynyň baryny bilýärmikä?" diýip oýlandy.
Zarňyldap açylan haşamly şkafdan owadan gyrmyzy köýnek aldy-da, Bibigözel dik duran ýerinden adamsyna çiňerildi:
— Senem morta bir zat oklap goýberiberýäsiň. Merede gelmez ýaly onuň nämesi artykmyş?
Meret arka tapynyp uludan dem aldy. Muhat şol oturyşyny üýtgetmän, ýassygyny uzynlygyna ýene bir epledi-de, söze başlady:
— Men bularyň birini öwüp, beýlekisini döwemok. Sen meniň sözüme ýalňyş düşünme. Ikisem gowy. Oňa söz ýok. Ýöne, ol Merede gelmez diýjek men-ä. Sebäbi Salpy — tebip, ol — doktor. Şoňa görä-de, iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz. (Ol indi alkymynda ýüzüni aşak salyp oturan Merede seretdi-de, göýä oňa nebsi agyrýan ýaly, pessaýja sözläp başlady.) Onsoň ol saňa "Ýa menden geç, ýa ataňdan" diýer. Sen olaryň hiç birindenem geçip bilmersiň, iki jahanyň owarrasy bolarsyň. Kakaň ýöne gezjek adam däldir. Nebsine ejizdir. Men ony gowy tanaýaryn. Otuz ýyl goňşy bolup oturdyk. Häzirem goňşy. Ýöne siz ýoluň o ýüzünde, biz bäri ýüzünde.
— Ol seniň göwnüňedir — diýip, Bibigözel oňa garşy çykdy. — Gyz maşgalaň häzirki tasanjyran bolşuna seretmegin. Durmuşa çyksa, ol düýbünden başga hili bolar. Näderdiň, mumly ýüplüge dönäýse!
— Gowy-da. Şonuň ýaly doktor goňşymyz bolsa, dünýä malyna degjek. Onda ýene-de, iň bolmanda elli ýaşajagym hak.
Gürrüňiň açyk häsiýete geçmegi Merede kem ýaramady.
— Gyz razy bolsaz bolaram welin, kakam razy bolmaz.
— Onuň işi aňsat, razy bolmasa, öýkelejek eken-dä. Goý, öýkelesin, ahyrym ýazylar.
— Men ony öýkeletmejek bolýan-da...
Muhat ýassygy dyzynyň aşagyndan zyňyp goýberdi-de, keçäniň üstünde rejesiz taşlanan, asly gara, emma günüň astynda köp süýrelensoň çalymtyk reňke öwrülen, ýüň penjeginiň kisesinden çilim alyp durka:
— Sen ne çiş köýsün, ne kebap etjek bolýarmyň? Ýok, inim, bir elde iki garpyz tutdurmaz. Haýsyny halasaň, birini berkräk tut — diýdi.
Ýaşulynyň maslahatyndan gylaw alan Meret Şirin bilen sözleşmegiň, nädip bolsa-da ony ele almagyň kül-külüne düşdi.
* * *
dowamy bar.

Bekge Pürliýew. 1981.ý.
3 лайков 175 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.