UTAN!

Utan!

(Biwepa ýeñles zenan)
...Seni meñzedipdik
Ol göwher Aýa.
Arman ol bahany,
Çalyşdyñ şaýa.
Eý sen ýeñles zenan,
Eý sen bihaýa,
Özüñe taý tutan
Ýoluñdan utan!
Seni baýdak edip,
Göterdik arşa.
Jemalyñy ýaýyp,
Ýetirdik arşa,
Haýp, bar umydy,
Göterip garşa,
Tapan oýunlañdan,
päliñden utan!
Eliñe tutdurdyk
Jylaw erkiñi.
Dumana gapladyp,
Nebir durkuñy,
Pul üçin mazamlap,
Gunça görküñi,
Harama sowulan
ýoluñdan utan!
Ýurt sökdüñ aýlandyñ,
Hajy öýdüpdik.
Ile peýda berjek
Bajy öýdüpdik.
Hatda depämiziñ
Täji öýdüpdik
Umydy paltalanan salyñdan utan!
Sen ojaga däl-de
Baýlara aşyk.
Sen ýürege däl-de
Dollara aşyk
Kim weşeñ pul berse
Şolara aşyk,
Dagmy, düzmi...
selpän çölüñden utan!
Başyñy eýeläp
Içgi humary,
Barha haram keýpiñ
Bolduñ bimary
Çem gelene satyp,
Iñ beýik Ary,
Onuñ parhyn bilmez
Biliñden utan!
Seýran ede-ede
Dagdyr-düzüne
Näme Edep berjek
Ogul-gyzyña?
Ah neneñ bakýarsyñ
Olañ ýüzüne?
Edebi parçalan halyñdan utan!
Halallyk jigerde,
Namysym arym
Sen toba edermiñ,
Bilmen hyýalyñ.
Seni näletleýär
Külli Diýarym
Türkmen atly beýik
Iliñden utan!

Annaguly Hojaýew
7 лайков 138 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
03 июн 2022, 21:23
Çeper ýazylypdyr.
Ahally
Автор 03 июн 2022, 21:28
Hiayress,
hawa, çeper beýan edip bilipdir awtor.
Adalatly
03 июн 2022, 22:58
gowy eken
Babahanowa_g
04 июн 2022, 02:02
++++++
Margarita
04 июн 2022, 06:53
Juda gowy ýazýan eken. Şahyryň başgada goşgulary bar bolsa, birki sanysyny paýlaşaýyň! Haýyş!
Esma
04 июн 2022, 13:54
Diýseň ýüregiňe jüňk bolýan setirler. Tüweleme şahyra.
Ahally
Автор 04 июн 2022, 18:20
Margarita,
Bolya, nesip bolsa.