Hakyky baýlyk we hakyky garyplyk
GARYPLYK WE HAKYKY BAÝLYK
Günlerde bir gün baý adam ogluny oba gezelenje alyp gidýär. Baýyň bu gezelençden maksady, ogluna adamlaryň nähili ýaşaýandygyny görkezip, özlerindäki maddy baýlygyň gadyryny has gowy bildirmek eken.
Olar güzeranyny zordan aýlaýan garyp garyndaşlarynyň öýünde bir günläp myhman bolýarlar. Myhmançylykdan dolanyp gelýärkäler, kakasy ogluna:
– Oglum, bu gezelençden soň adamlaryň nähili garyp ýaşaýandygyna göz ýetirensiň. Hany, indi sen maňa biziň baýlygymyz bilen olaryň garyplyklaryny deňeşdirip ber! – diýýär.
Ogly hem kakasyna düýnden bäri özünde uly täsir galdyran haýranlyklary gürrüň bermäge başlaýar:
– Kaka, biziň bir sany pişigimiz bar, olaryňky bolsa sanap ýetişerdenem köp ekeni. Biziň öýümizde uly bir howzumyz bar, olaryň bolsa içi balykdan doly, aňyrsy-bärsi görünmeýän ýaplary bar. Biziň howlymyzy ýagtyldyp duran uly çyralarymyz bar, olaryň bolsa sansyz ýyldyzlary bar. Biziň görşümiziň çägi haýatymyza çenli, olar bolsa bütin asmanyň ýüzüni görýärler.
Ogly haýran galmakdan ýaňa doňup galan kakasynyň gözüne bakyp, çalaja ýylgyrýar-da şeýle diýýär:
– Nähili garypdygymyza göz ýetirmegime kömek edeniň üçin sag bol, kaka
Çeşme kyssahan

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.