Göz ýaş däldi gözlerimdäki damjalar
Men öñler geçip barýan durnalary synlap bize mälim bolan bu barlygyñ bizden ötegçidigini bilip gynanýardym.
Hemişe-de garañkylykda ýeke özümi ýalñyz galan ýaly duýýardym. Sesimi bolsa tükeniksiz boşlugyñ içinde hiç kimiñ eşitmeýänine gynanýardym.
Gorkýardym, ähli zatdan.Iñ erbedem açyk asmanda abanyp gelýän gap-gara haýbatly bulutlardan.
Ýöne indi beýle däl. Men üytgäpdirin.Özem owalky keşbimden, bolşumdan nam-nyşan galmandyr diýen ýaly. Ahyry, özüme bolan garşylyklaryñ ählisini boýun aldym.
Kynam bolsa muny başardym öýtýän.
Görýän welin men asla hiç zat ýitirmändirin. Hiç zadam tapman ekenim. Ýitirdim diýip gynananlarym, tapdym diýip begenenlerimiñ bary salgyma menzeş ýaly...
Ýogsa-da, sen bilýäñ ahyry, duýup bilýärkäñ sözüñ däl, bogunyñ däl, ýekeje harpyñam artyk bolýanyny.
Şonun üçinem...
Hawa, şonuñ üçinem hiç zat düşündirme haýyş!..
* * * *
Bilbil KAKABAÝEWA

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.