Ir säheriñ oýlary

Tuflimiň sesine ýüregmi deňläp,
Bu günem ýene-de howlugýan işe.
Ertiriň säheri ajaýyp neneň!
Eý, Hudaý!..
Agşamky gussadan galmandyr nyşan.


Ilki salam berýän juda ulumsa,
Ýadyrgamok häzir sowuk nazardan,
Lak atýan ýoldaky eýjejik çaga.
Gül bolan bolsady eger-de göwnüm,
Paýlasym gelerdi her bir ynsana.


Howaň sowuklygam sussum basanok,
Seredip göge,
Garym-gatym bulutlary sermeýän.
Ýodajyk ýasaýan ýörärim ýaly.
Gör-le muny!
Gussam ýeňläberse, uçjak ekenim.
Soňam batly ses bilen:
“Adamlar!
Men sizi söýýän ekenim!”
(Allajanym, kesä çekmäbilsedi...)
Wiý, men bu sözi içimden diýdim-ä!


Bilbil KAKABAÝEWA
8 лайков 198 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
02 июн 2022, 22:52
Berekella!
M11, Salam, sizem edebiýatçymy?!
Telwas
02 июн 2022, 22:53
Gül bolan bolsady eger-de göwnüm,
Paýlasym gelerdi her bir ynsana.


Bu setirleri örän gowy gördüm.
Hiayress
02 июн 2022, 22:57
"Gül bolan bolsady eger-de göwnüm,
Paýlasym gelerdi her bir ynsana."

Gül näzik ösümlik. Ony illere paýlasaň çalt solýar. ?
Telwas
02 июн 2022, 22:59
Hiayress,
Başga adamlaryňam göwnüniň gül ýaly bolmagyny isleýär. Metafora hökmünde ulanypdyr. Meň pikirimçe, soluşyndan başga zatlary pikir etseň, gowy meňzetme.
Aýsere
02 июн 2022, 23:02
Nirvana,
Ýokla, men takyk ugurlara gyzyklanýan. M11 nikimiñ paroly ýalňyş diýýär welin nämedenkä?
Telwas
02 июн 2022, 23:04
M-11.,
Ýalňyşlygyndandyr. :)
Ünslije ýazyň, belki düzeler. Sizem “Çykyş”düwmesine basyp çykyp gidýäňizmi?
Aýsere
02 июн 2022, 23:06
M-11.,
Şeýdäýipdirindä
OrazMuhammet Aşyrow
02 июн 2022, 23:33
Ertiriň säheri ajaýyp neneň!
Eý, Hudaý!..
Agşamky gussadan galmandyr nyşan.

Liriki gahrymanyň ir säher bilen agşamky gussadan saplanyp täze güni garşy almasynu haladym, emma ol gussa agşamara ýene dolanar.
Cicek
03 июн 2022, 00:00
Dandan gelen perishde,gorawersin her ishde diyilyar. 4de Garlawaclar enayy sayrashya,jayymyn yokarsynda. Wah,dilinize dushunyan bolsamda. Aslynda Irden turanyn rysgaly artyk diyilyar. A men dert cekip yatamok,40sagat Allajana doneyin Hemme zadym bar
Cicek
03 июн 2022, 00:02
Ir bilen Dogan Gunede Bas egip salam bermeli,Gunbatar welayat Balkan Gunun batyshyny synlap lezzet almak bashgaca duygy. Indi dine tele surat aljak
Cicek
03 июн 2022, 00:03
Mister11yspasyba yetirenine sagbolsunam goydum
Cicek
03 июн 2022, 00:04
Ay sen Gyz ekenina,Duzetda M harpyny